Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek meselesiniň haýal çözülýändigini boýun alyp, wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
“...birnäçe meseleler çözülmän gelýär, bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek meselesi haýal çözülýär. Şunuň bilen baglylykda prezident wise-premýerler Pürli Agamyradowa we Mämmethan Çakyýewe ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde orta we ýokary okuw mekdeplerimizi Internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy, şeýle hem ilat arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegi tabşyrdy” diýlip, Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Munuň bilen balylykda, 7-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda döwlet baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlara ýüzlenip, olaryň häkimler bilen bilelikde bu meseleleriň çözülişini hemişe berk gözegçilikde saklamagynyň wajypdygyny nygtady.
“Täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini wagyz etmek zerurdyr” diýip, prezident aýtdy.
Soňky aýlarda türkmen lideri ýurduň tas ähli “pudaklaryny innowasiýa taýdan ösdürmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny” ýygy-ýygydan tekrarlaýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Interneti ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdyIlata dürli pudaklaryň we kärhanalaryň işlerini sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini düşündirmek üçin teleradioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri guramagyň gerekdigini hem belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, halkara guramalarynyň hasabatlarynda we derňewlerinde Türkmenistan Internetiň hili boýunça iň pes, bahasy boýunça iň gymmat ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
Internet üpjünçiligini döwlete degişli “Türkmentelekom” kompaniýasy tarapyndan ýola goýulýan ýurtda Internetiň ortaça tizligi 0,5 mb/sekuntdan pesdir. Onuň aýlyk tölegi 350 manada, dollaryň resmi kursundan 100 dollara barabardyr. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda ortaça aýlyk haky bolsa, 800 manada deňdir.
2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Cable.co.uk saýtynyň analitikleriniň jemi 200 ýurtda ilata hödürlenýän Internetiň tizligini hasaplamak boýunça geçiren barlaglarynyň netijesinde Türkmenistan 198-nji orunda ýerleşdirildi. Hasabat 2017-nji ýylyň maý aýy bilen 2018-nji ýylyň maý aýy aralygynda geçen 12 aýyň dowamyndaky Internet tizliginiň barlag testlerine esaslanýar.
Internet hyzmatlary boýunça amerikan guramasy bolan “Akamai Technologiesyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 20 prosentinden hem az bölegine Internet elýeterli.
Galyberse-de, ýurtda garaşsyz habar serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary, Facebook, YouTube, Twitter we VKontakte ýaly sosial torlar, şeýle-de WhatsApp, Telegram, Viber we Signal ýaly messenjerler petikli bolmagynda galýar.
4-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy dekabr aýynyň dowamynda Internet hyzmatlarynyň hiliniň çürt-kesik peselendigini, köpsanly VPN-iň işlemeýändigini habar berdi.
Galyberse-de, 28-nji ýanwarda Azatlygyň habarçysy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň studentlerden gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary, Internetden peýdalanmajakdyklary hakynda dil haty alandyklaryny habar berdi.
2018-nji ýylyň aprelinde düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda, Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirdi. Maglumat azatlygyna syn berýän gurama Türkmenistany “dyngysyz giňeýän gara girdap” hökmünde häsiýetlendirdi.