Prezident howpsuzlyk mejlisini geçirdi; baş prokurora we Migrasiýa gullugynyň başlygyna “käýinç” berdi

Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew

6-njy martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi; baş prokurora we Migrasiýa gullugynyň başlygyna "käýinç" yglan etdi.

Türkmenistanyň döwlet habar agentligi mejlisiň gün tertibinde soňky iki aýda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bitiren işleriniň maslahatlaşylandygyny habar berýär.

Mejlisde Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bolan baş prokuror Batyr Atdaýew bilen Migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdowa “käýinç” yglan etdi.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, prezident ýokary wezipeli howpsuzlyk resmilerine yglan eden käýinjini, adat bolşy ýaly, olaryň “işde goýberen kemçilikleri üçin” hem-de “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändikleri” sebäpli diýip düşündirdi. Ýöne baş prokuroryň hem-de Migrasiýa gullugynyň başlygynyň işde haýsy kemçilikleri nädip goýberendigi hem-de olaryň haýsy wezipe borçlarynyň kimiň göwnüne jaý ýetirilmändigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, prezident Berdimuhamedow prokuratura edaralaryna beren tabşyrygynda “eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegiň” ähmiýetini belläpdir.

Türkmenistanda edaralaryň eýeçiligi barada aýdylanda, ýurtda soňky wagtlarda ençeme döwlet edara-kärhanalaryny hususylaşdyrmak prosesi dowam edýär.

Degişli maglumat ‘Parahor prokurorlardan” soň, Mejlis kanunlary güýçlendirýär

Ýöne baş prokurora berlen käýinjiň sebäpleriniň anyk nämedigi mälim däl. Ondan ozal Türkmenistanyň baş prokurory wezipesini eýelän Amanmyrat Hallyýew 2017-nji ýylyň maý aýynda korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmezlikde aýyplanyp, wezipesinden boşadylypdy. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri Hallyýewiň gurply adamlardan 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryny maliýeleşdirmäge pul serişdelerini toplamagy üpjün edip bilmändigi sebäpli wezipesi bilen hoşlaşandygyny habar beripdiler.

Öňki prokuroryň wezipeden boşadylmagy Türkmenistanda ýokary wezipeli resmileriň arasynda seýrek duş gelýän wakanyň fonuna, ýagny Ministler Kabinetiniň başlygynyň senagat pudagyna gözegçilik edýän şol wagtky orunbasary Batyr Ereşowyň aradan çykmagynyň edil yzýanyna gabat geldi. 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň resmi metbugaty Ereşowyň aradan çykandygyny habar berdi. Azatlygyň döwlet strukturalaryna ýakyn çeşmeleri onuň öz-özüni heläkländigini aýtdy. Şol ýylyň 4-nji maýynda öňki prokuror Amanmyrat Hallyýew wezipesinden boşadyldy.

Degişli maglumat Ozalky wise-premýeriň janyna kast edendigi aýdylýar

Batyr Atdaýew şol ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň başlygynyň söwda pudagyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadylyp, ýurduň baş prokurory wezipesine bellenipdi.

Şondan bir aý soňra, 2017-nji ýylyň iýunynda Berdimuhamedow Ykdysady jenaýatlara garşy döwlet gullugynyň döredilýändigini yglan etdi.

Ynha şol gullugyň, golaýda, has takygy ýanwar aýynyň aýagynda özbaşdak ygtyýarlyklary ýatyrylyp, ol Içeri işler ministrliginiň binýadyna berkidildi.

Şondan iki hepde soň, türkmen prezidenti 12-nji fewralda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda prokuratura işgärleriniň ak ýürekden işlemelidigini aýtdy.

Ynha, şol mejlisden heniz bir aý geçmänkä Berdimuhamedow baş prokurora käýinç yglan edýär.

6-njy martda geçirilen howpsuzlyk mejlisiniň dowamynda prezident prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara-da gol çekdi.

Mejlide Migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow prezidente beren hasabatynda, soňky döwürde ýurda gelýän myhmanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi. Öz gezeginde prezident Berdimuhamedow oňa “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, käýinç yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.