Çoganlynyň gonamçylygynda gizlenýän it-pişikler öldürildi

Çoganlynyň gonamçylygy (arhiw suraty)

Aşgabadyň etegindäki Çoganlynyň gonamçylygynda onlarça it-pişik köpçüligiň gözüniň öňünde öldürildi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, bu ýagdaý 5-nji martda ýüze çykypdyr.

"Gonamçylykda ona golaý uly it we şonça pişik bardy. Güjükler hem bardy. Takyk sanyny bijek däl, emma köp gan döküldi. Gonamçylykda düýn hem şu gün. Posýologyň özünde bolsa soňky döwrüň dowamynda. Awlaýjylaryň ählisi ol ýere ugradyldy. Aktiw arassalaýarlar. Aýratynam prezidentiň haýwanlar keselhanasy hem türkmen rehim-şepagaty barda eden beýanatynyň yzýany" diýip, 6-njy martda aşgabatly habarçymyz aýdýar.

16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öýsüz haýwanlar üçin döwletiň hasabyna keselhanany hem penahanany döretmek planyny yglan etdi. Bir hepdeden ýurt häkimiýetleri, prezidentiň wada beren keselhanasy üçin raýatlardan we telekeçilerden meýletin esasda 200 müň manat möçberinde puluň toplanandygyny mälim etdiler.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň gurmagy tabşyran weterinar klinikasy üçin 220 müň manat toplanypdyr

Çoganlynyň gonamçylygynda haýwanlaryň gyrylmagy şu günler sosial mediada diskussiýa edilýär.

"Güjükleri we pişikleri daşladylar. Aýaklaryndan tutup ýere urdular. Şol ýerde işleýänleri 'goşulsaňyz işsiz galarsyňyz' diýip, gorkuzdylar olar hem başyny aşak salyp dymdylar".

"Şu gün gonamçylykda itleri we pişikleri öldürdiler. Haýwanlar adamlardan hemaýat gözläp, olara gysyldylar. Emma hiç kim neresseleriň goragyna çykmady".

Haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, Çoganlydaky gonamçylyk paýtagtyň töwerek-daşynda taşlanan haýwanlaryň ýaşaýan soňky ýerleriniň biridi.

"Olary bu ýere eýeleri getirip, galdyryp gidýärdi. Ona golaý hor it we pişik tapan zadyny iýip, gül satýanlaryň daşynda ýöreýärdi, olaryň gözüniň alnynda hem olary bu gezek öldürdiler" diýip, Aşgabatly haýban goraýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, soňky döwürde Çoganlyda haýwanlary awlaýan gulluklaryň işgärleriniň diňe bir idegsiz it-pişikler bilen çäklenmän, ýaşaýyş jaýlara baryp, öýde saklanýan haýwanlary alyp gidýän halatlary seýrek däl.

Şeýle-de, Çoganlyda awlanýan haýwanlar üçin ýeke-täk penahana ýerleşýär. Aktiwistleriň sözlerine görä, häkimiýetler bu ýere haýwanlara garaşyk edýän meýletinçileri salmaýarlar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?

5-nji martda döwlet mediasy Çoganlyda täze ýaşaýyň etrabynyň guruljagyny habar berdi.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň itleri we pişikleri ýok etmeginiň fonunda şäher ýaşaýjylary alakalaryň we syçanlaryň köpelmegine şaýat bolýarlar.

"Gonamçylykda alakalar köpeldi. Uly alakalar "Çagalar dünýäsi" dükanynda we "Ertekiler dünýäsi" bagynda göze ilýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

​Mundan öň Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlarda alakalaryň we syçanlaryň köpelendigini habar beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri itleri we pişikleri yzygiderli ýok etmek işini şu ýylyň ýanwar aýynda güýçlendiripdi. Mundan öň idegsiz itler we pişikler köplenç döwlet baýramçylyklarynyň we häkimiýetleriň ýurda abraý getirýär diýip, hasap edýän çäreleriniň öňüsyrasynda alnyp barylýardy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

'Bogma güjügi!': Aşgabatda öýsüz it-pişikler awlanýar

​Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň rehimsiz awlanýandygy we öldürilýändigi baradaky maglumatlary resmi taýdan kommentirlemeýärler.

Emma Azatlyga mälim bolşuna görä, paýtagtda it-pişikleriň awlanmagy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň Aşgabady "gündelik esasda ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleri" baradaky buýrugynyň esasynda amala aşyrylýar.

Jemagat hojalygy müdirliginiň resmi jogaby

Bu barada Türkmenistanyň Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň müdiriniň ýaşaýjylaryň 2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda ýazan arz-şikaýatyna 5-nji sentýabrda beren resmi jogabynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.