Türkmenistanyň “Ahal miwe oba hojalyk senagat önümçilik birleşiginiň” işgärleri gazet-žurnallar, medisina barlaglary, köpçülikleýin çäreler we şäheri abadanlaşdyrmak işleri üçin özleriniň aýlyk haklaryndan yzygiderli pul saklanylmagyndan zeýrenýärler.
Bu ýagdaýdan şikaýat edýän işgärler işden çykarylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan birleşigiň 11-nji mikroraýonyň Gündogar köçesindäki 19-njy jaýynda ýerleşýän edarasynyň birnäçe işgäri gürrüň berdi.
Degişli maglumat Azatlygyň habaryndan soň, Maryda ýaşaýjylardan gaz üçin 600 manat ýygnalýar“Işgärler her üç aýda bir gezek gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edilýärler. Onuň üçin aýlykdan her gezek 30 manat saklap galýarlar. Köpçülikleýin çäreler, şäheri abadanlaşdyrmak işleri üçin hem her aý diýen ýaly pul ýygnalýar ýa-da aýlykdan saklanýar. Ondan başga-da işgärler her alty aýda bir gezek medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilýär. Bu barlaglar üçin hem her gezek diňe medisina sprawkasy üçin 120 manat, narkodispanser we psihdispanser üçin hem degişlilikde 3, jemi 6 manat tölemeli” diýip, “Ahal miwe oba hojalyk senagat önümçilik birleşiginiň” işgäri Azatlygyň habarçysyna 4-nji martda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, kärhana ýolbaşçylary bilen işgärleriň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, işgärler bu medisina barlaglaryndan ýylda bir gezek geçmeli. Ýöne kärhana ýolbaşçylary işgärler şol barlaglardan doly geçse-de ýa-da geçmese-de, şol puly aýlykdan saklap galýarlar.
“Ahal miwe oba hojalyk senagat önümçilik birleşiginiň” işgäriniň sözlerine görä, häzirki wagt bu kärhanada hasapçy we beýleki administratiw işgärlerden başga jemi 70 çemesi işçi zähmet çekýär. Birleşik Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine degişli bolany üçin işgärler işe girenlerinde, ýurduň Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalaryna agza bolmaga hem mejbur edilýärler. Şeýlelikde, işgärleriň aýlygynyň jemi 3%-ni bu partiýalar üçin saklap galýarlar.
Aýdylmagyna görä, aýlyklardan saklanýan pul serişdesi işgärleriň maşgala býujetine agram salsa-da, olaryň bu ýagdaýlara aç-açan närazylyk bildirmegi bilen bagly ýagdaý juda seýrek ýüze çykýar. Sebäbi närazylyk bildiren işgärler dessine işden boşadylýar.
“Fewral aýynyň ortalarynda kärhananyň sowadyjy ammarynda işleýän işgärleriň biri kärhana ýolbaşçylaryna özleriniň aýlyk haklaryndan yzygiderli köp pul saklanýandygy barada şikaýat etdi. Ol “Biziň aýlygymyzdan partiýalar üçin hem pul saklap galýarsyňyz. Bu partiýalaryň bize peýdasy näme?” diýip sorady. Aradan bir-iki gün geçip-geçmänkä, şol işgär işden çykaryldy” diýip, birleşigiň işgäri belledi.
Mundanam başga, ol kärhananyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň doglan günleri üçin hem işgärleriň her birnäçe aýda bir gezek 50 manat möçberinde pul bermäge “meýletin” mejbur edilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Galyberse-de, häzirki wagt “Ahal miwe oba hojalyk senagat önümçilik birleşiginiň” işgärleri mart aýynda özlerinden ýene pul serişdesiniň ýygnalmagyna garaşýarlar. Sebäbi kärhana ýolbaşçylary işgärlere Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek syýasy köpçülikleýin çäreler üçin işgärleriň “meýletin goşant” etmelidigini hem duýdurypdyrlar. Ýöne “meýletin goşandyň” anyk möçberini häzirlikçe mälim etmändirler.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda “Ahal miwe oba hojalyk senagat önümçilik birleşigi” bilen habarlaşyp, bu maglumatlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Degişli maglumat Çagalardan pul ýygnaýan mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary Aşgabadyň prokuraturasyna 'çagyrylýar'Türkmenistanda býujet işgärlerinden, şeýle-de mekdep mugallymlaryndan, saglyk, medeniýet we edara-kärhanalaryň işgärlerinden häkimiýetleriň guramaçylygyndaky köpçülikleýin çäreler we beýlekiler üçin pul ýygnalýandygy ýa-da zähmet haklaryndan saklanylýandygy barada Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berýär.
21-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri üstümizdäki mart aýynda ekiljek 3 million düýp agaç nahallary üçin döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň her birinden 10 manat möçberinde pul ýygnalýandygyny aýtdy.
1-nji martda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň atlandyrylmasyzlygyny soran bir işgäri 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramy mynasybetli “Nowruz ýaýlasy” diýlip atlandyrylýan meýdançada dikiljek ak öýleri üçin döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden pul serişdeleriniň toplanyp başlanandygyny we munuň 15-20 manada barabardygyny aýtdy.