Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy Daşoguz şäherinde 25-nji fewraldan bäri garamtyl reňkli ulaglary saklap başlady. Bu barada “Türkmenistanyň honikasy” neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, sürüjilere garatmtyl reňkli ulaglaryň Daşoguzda ýakyn wagtda gadagan ediljekdigi aýdylýar.
28-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gara we garamtyl reňkli ulaglaryň hereketine girizilen çäklendirmeleriň paýtagtda doly güýjünde saklanyp galýandygyny habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hususy eýeçilikdäki awtoulaglaryň reňkleri bilen baglanyşykly gadagançylyklar Aşgabatda soňky dört ýyl bäri her ýyl gaýtalanýar. Ýöne soňky ýarym aý bäri, bu çäklendirmeler şäherde has-da güýçlenýär.
Ýöne 22-nji fewraldan bäri welin, ulaglardaky reňk gadagançylygy Aşgabatda has ýokary derejelere baryp ýetdi.
Degişli maglumat Aşgabatda zenan sürüjileriň ‘gollary baglanýar’, garamtyl reňkli ulaglar boýunça gadagançylyk güýçlenýär“22-nji fewraldan başlap, Aşgabat şäherinde goýy gök reňkli, goýy ýaşyl reňkli, goýy gyzyl reňkli, garaz, ak reňkden başga reňkde bolan ýeňil awtoulaglary sürmeklige doly gadagançylyk girizildi” diýip, habarçy aýdýar.
Bu gadagançylyk çärelerine parallelikde, Aşgabatda köçe ýol hereketine gözegçilik edýän inspektorlaryň sany, habarçynyň sözlerine görä, öňküsinden tas üç esse dagy köpeldi.
“Olar köçelerde ýekebara däl, indi, ikibir ýa-da üçbir bolup durýarlar” diýip, habarçy aýdýar.
Ýol polisiýasy reňk gadagançylygy sebäpli saklanan maşynlary Aşgabat şäherinde we şäheriň çetinde ýerleşýän jerime duralgalaryna ugradýar.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy gara ýa-a garamtyl reňkli ulagy eger şäheriň merkezinde ýa-da gündogar böleginde saklasa, onda ol ulaglar Parahat-4 we Parahat-8 aralygyndaky awtoduralganyň günorta çetindäki jerime duralgalara, ulag şäheriň günbatar ýa-da demirgazyk böleginde saklansa onda polisiýanyň Köşidäki jerime duralgasyna ugradylýar.
Habarçynyň sözlerine görä, bu jerime duralgalaryň her haýsysynda azyndan 1 müň maşyn goýmaga mümkinçilik bar.
Degişli maglumat Daşoguz: Prokuratura işgärlerine gymmatbaha ulaglary sürmek dilden gadagan edildiAýdaly ýol gözegçilik gullugy gara reňkli ulagyň eýesini saklady, jerime duralgasyna ugratdy, onsoň näme bolýar!?
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berýär.
Onuň sözlerine görä, sürüji polisiýa tarapyndan ýolda saklanyp, jerime duralgasyna ugradylan ulagy, jerime duralgasyna eltýär. Jerime duralgasyndaky polisiýa işgäri sürüjiden ulagy onuň dört tarapyndan sürüjiniň öz ykjam telefony bilen surata düşürmegi talap edýär. Sürüji öz telefonunda düşüren ulagynyň suratyny surathanada reňkli kagyza çykartmaly.
Soňra Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Aşgabadyň eteginde, Çoganly şäherçesine golaý ýerleşýän edarasyna barmaly. Edaranyň 10-njy kabinetine girip, ol ýerden jerime meýdançasynda goýdurylan ulagyň haýsydyr bir ýol hadysasyna gatnaşandygy ýa-da däldigi barada güwähat almaly. Soňra onuň gapdalyndaky binadan ulagyň radara düşüp düşmändigi barada güwähat almaly, eger radar jerimeleri bar bolsa olary tölemeli. Soňra sürüji alan güwähatlaryny, suratlaryny hem-de awtoulagyň guratlyk hatynyň göçürmesini alyp, olary jerime duralgasyna eltmeli. Şol ýerdäki polisýa işgäri dokumentleriň asyl nusgalarynyň tabşyrylandygy barada ýazgy edýär, hem-de dokumentleri alyp galýar. Dokumentleriň göçürmesi sürüjä berilýär.
Ýöne bu proses munuň bilen gutarmaýar.
Degişli maglumat Gara reňkli ulaglaryň ‘gara günleri’ dowam edýärUlag eýesi dokumentleriň göçürmelerini ýanyna alyp, üç günläp Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň köçe-ýol hereketi baradaky sapaklaryna gatnaşýar.
Soňra şol okuw-sapaklaryna gatnaşandygy barada güwähat almaly. Şol güwähat bilen baryp, jerime duralgasyndan awtoulagy yzyna almaly diýip, habarçy gürrüň berdi.
Ol Aşgabatda hususy eýeçilkde gara reňkli awtoulaglaryň tas düýbünden ýokdugyny, diňe gara reňkli döwlet ulaglarynyň göze ilýändigini aýtdy.