Türkmenistanda gara we garamtyl reňkli ulaglar boýunça hereket gadagançylygy has-da güýjeýär
Ulaglarda gara reňkiň gadagan edilmegi Daşoguz şäherinde güýçlenýär. Aşgabatda gara we goýy reňkli ulag eýeleri polisiýa tarapyndan saklanan ulaglaryny jerime duralgasyna tabşyrmaly, onuň suratyny düşürmeli, güwähat çöplemeli, üç günläp sapaga gatnaşmaly. Ol şondan soň ulagy yzyna alyp bilýär.