Türkmenistanly dindar “Azatlyk” radiosynyň üsti bilen öz dindeşleriniň sesini türkmen häkimiýetlerine eşitdirmek kararyna geldi, ol öz hatlarynyň Türkmenistanyň prezidentine we beýleki guramalarynyň başlyklaryna baryp ýetmeýändigini aýdýar.
“Men Türkmenistanyň raýaty we Hare Krişna hereketiniň agzasy, bu dine uzak ýyllar bäriuýup gelýärin” diýip, türkmen raýaty hatynyň başynda aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistan ýaşamak üçin o diýen aňsat ýer däl. “Adam hukuklary hemişe bozulýar, sen açyk gürläp bilmeýärsiň, hususan-da hökümetiň abraýyny gaçyrjak hiç bir zat aýtmak bolanok” diýip, ol sözüni dowam etdirýär.
“Biz Hare Krişna dinine uzak wagt bäri uýup gelýäris, emma biz hemişe gözegçilikde saklanýarys wehaçanda özara ýygnanyşmaga çalyşsak, yzygiderli ýanamalara sezewar edilýäris. Onsoň, Hare Krişna hereketiniň agzalary hökmünde, goý, biziň hökümetimiz öz edýän hereketlerinden utansyn we bizi öz dinimize uýmaga goýsun diýip, size hat ýazmagy karar etdik” diýip, türkmen raýaty aýdýar.
Degişli maglumat Häkimiýetler ýaşlary metjitden kowup, dine uýýanlaryň köpelmeginiň öňüni almaga çalyşýarOnuň sözlerine görä, Hare Krişna hereketi Türkmenistanda 2004-nji ýylda hasaba alyndy, emma muňa garamazdan, bu dini akymyň agzalary diňe Aşgabatda biraz ýazylganlyk tapýarlar.
Hat ýazan raýat bu dini azlygyň Mary welaýatyndaky toparyna degişli. Ol özleriniň türkmen hökümetindenMary şäherinde bir ýygnanyşyk jaýyny gurmaga rugsat bermeginiesli ýyl bäri haýyş edýändiklerini, emma beýle rugsatdan geçen, öýlerinde ýygnanyşmaga hem rugsat berilmeýändigini habar berýär.
“Biz ol jaýda ýygnanyp, öz mantralarymyzy aýtjak, kitaplarymyzy okajak bolýarys. Emma biz agzalarymyzyň biriniň öýünde ýygnanyşsak hem, polisiýa ofiserleri, milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri gelip, bize azar berýär” diýip, türkmenistanly krişnaçy aýdýar.
“Olar biziň atlarymyzy ýazyp alýarlar, surata düşürýärler we soraga çekip, ýüzümize masgaralaýjy sözleri aýdýarlar. Siz näme, aýal-erkek bolup, bir ýere ýygnanyşýarsyňyz? Toparlaýyn jynsy aragatnaşyga girjek bolýan bolmaň?” diýýärler. Olar bize bir gezek-iki gezek däl, hemişe şeýle çemeleşýärler, emma biz munuň üçin öz ynanjymyzdan el çekmekçi däl” diýip, dindar türkmen aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlar soraga çekilýärŞonuň bilen bir wagtda, eger biz gaharlanyp, parahatçylykly dini adatlarymyzy berjaý edip bilmezligimiziň sebäbini düşündirmeklerini talap etsek, olar bize Aşgabada gidip, öz dini dessurlarymyzy şol ýerde amal edip biljegimizi aýdýarlar.
"Bu bir-bitewi ýurt dälmi, näme üçin biz dini adatymyzy berjaý etmek üçin başga şähere gitmeli?" diýip, maryly dindar soraýar.
“Biz Mary şäherinde, öz dindar ýoldaşlarymyzyň biriniň öýündeGaura Purnima baýramyny belleýän wagtymyzda hem, 18-nji fewralda meýdana çykyp, Adwaýta Açarýa baýramyny bellämizde hem, 8-nji ýanwarda agzalarymyzyň biriniň doglan gününe ýygnanyşamyzda hem polisiýa ofiserleri, MHM işgärleri gelip, bize azar ýamanyny berdiler” diýip, krişnaçy türkmen häkimiýet wekilleriniň özlerine kiçijik çaga käýän ýaly käýändiklerini we üstlerine gygyrandyklaryny aýdýar.
Onuň sözlerine görä, doglan gününi belleýän krişnaçy pasportyndaky doglan gün senesini görkezenden soň hem, ony we ýene birnäçe myhmanyny polisiýa stansiýasyna alyp gitdiler.
“Biz indi näme etjegimizi bilmeýäris, mümkin bolan ähli gapyny kakdyk, emma netije ýok. Onsoň biz, belki biziň meselämize üns berler we biz üçin adalat dikeldiler diýip,halkara metbugatyna ýüz tutmak kararyna geldik” diýip, türkmen raýatynyň Azatlyk radiosyna gelip gowşan hatynda aýdylýar.
Türkmenistan syýasy-ykdysdady azatlyklar bilen bilen bir hatarda, raýatlaryň dini azatlyklary boýunça boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde hem yzygiderli tankyt edilýär.