Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny zerur dokumentlerden mahrum edip bilermi?

Aşgabadyň aeroportunda garaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň Türkmenistandan soraýan dokument talaplaryndan biynjalyk bolýar.

Munuň bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň ýurduň Migrasiýa gullugyndaky çeşmesine salgylanyp, 26-njy fewralda habar bermegine görä, ýurduň howpsuzlyk edaralary daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň Türkmenistandan soraýan dokumentlerini ýurtdan almagyň tertibine çäklendirme girizmegi göz öňünde tutýar.

Habarçynyň sözlerine görä, hususan-da Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlar Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini ýa-da däldigini görkezýän, ýa-da Maşgala ýagdaýyna güwä geçýän resmi hatlara ýygy-ýygydan zerulyk duýýar. Ynha, Türkmen häkimiýetleri, habarçynyň sözlerine görä, şol resmi hatlary raýatlara bermegiň tertibini çäklendirmegiň üstünde işleýär.

Eýsem, Türkmenistan öz kanunçylygyna hem-de gol çeken halkara konwensiýalarynyň talaplaryna garamazdan şeýle çäklendirme girizip bilermi!?

Ýuristleriň aýtmagyna görä, şeýle çäklendirme mümkin däl.

Degişli maglumat "Häkimiýetler daşary ýurda göçýänlere sud jogapkärçiligi barada güwähat bermeýär"

Türkmen kanunçylygyna laýyklykda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň Türkmenistandan almaly kepilnama, tassyknama, ýa-da güwanama ýaly islendik namalaryny ýurtdan almagyň tertibi bilen ilkinji nobatda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary gyzyklanmaly.

“Türkmenistanyň raýatlary zerur bolan resminamalary talap edip almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr” diýip, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän ilçihanalarynyň websaýtlary ýazýar.

Ýöne munuň iş ýüzünde amal edilýändigi ýa-da däldigi käbir soraglary döredýär.

Degişli maglumat Ýurda dolanan lebaply zenan aeroportda 24 sagatlap soraga çekildi

Kanunçylyga görä, zerur dokumenti Türkmenistandan almak üçin raýat bolýan döwletindäki türkmen konsullygyna ýüz tutýar, zerur blankany doldurýar, degişli tölegi töleýär. Konsullyk degişli talaby Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölüminiň üsti bilen Türkmenistanyň çägindäki degişli arhiw edaralaryna iberýär. Arhiw edarasy talap edilýän dokument barada gözlegi tamamlap, ýene-de Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölüminiň üsti bilen soralýan dokumendi daşary ýurtdaky degişli türkmen wekilhanasyna ugradýar. Soralýan dokument tapylmadyk ýagdaýynda, arhiw edarasy bu ýagdaý boýunça DIM-iň Konsullyk bölüminiň üsti bilen daşary ýurtdaky raýata habar bermeli.

Şeýle-de agzalýan konsullyk tejribesine görä, raýatlaryň pasportlarynyň, harby biletleriniň hem-de zähmet depderçeleriniň asyl nusgalary daşay ýurtlara iberilmäge degişli däldir.

Degişli maglumat Daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna okuwa giren gyzlar ýurtdan goýberilmeýär

Türkmenistandan talap edilýän dokumentleri ýerine ýetirmek işlerine, türkmen kanunçylygyna laýyklykda, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýaly döwlet edaralary gatnaşýar.

Degişli maglumat Aşgabatdan Frankfurta barýan ýolagçylar sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürildi

Raýatyň Maşgala ýagdaýy baradaky dokument bilen Raýat ýagdaýynyň namalarynyň Merkezi arhiwi, raýatyň jenaýat jogapkärçiligine çekilip çekilmändigi baradaky dokument bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi gyzyklanýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Migrasiýa gullugyndaky çeşmesiniň sözlerine görä, howpsuzlyk edaralary raýatlaryň ýurtdan özlerine degişli resminamalary talap etmek işlerini çäklendirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Türkmenistanda 45 ýaşa ýetmedik zenanlaryň ýurtdan çykmagynyň gadagan edilmegi göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, habarçy daşary ýurtlaryň notarial edaralarynda tassyklanan dokumentler boýunça-da Türkmenistanda täze çäklendirmeleriň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.