Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23 – 24-nji fewral günleri paýtagt Aşgabadyň dürli künjeginde alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleri we sport desgalarynyň gurluşyk meýilnamalary bilen tanyşdy. Prezidentiň gurluşyk pudagy bilen bagly eden saparynyň fonunda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň Buig firmasynyň ýerine ýetirýän gurluşyk desgalarynda işçileriň agyr şertlerden şikaýat edýändigini habar berýär. Işçiler diňe bir Buigdäki şertlerden däl, Içeri işler ministrligine degişli polisiýa işgärleriniň gije sagat 2:00-den soň gelip, işçileri tussag etmek haýbatyny atyp, olardan para talap edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, gurluşygy Buig firmasyna tabşyrylan oteliň gurluşygynda türkmenistanly işçiler gije sagat 2 – 3:00-e çenli işleýär.
Degişli maglumat Türkmenistan jaý edinmegiň iň çylşyrymly döwründe gurluşyk pudagynyň 'gülläp ösendigini' gaýtalaýarTürkmen döwlet metbugatynyň geçen ýylyň maý aýynda beren habaryna görä, Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasy Köpetdagyň eteginde Aşgabadyň Çandybil şaýolunyň ugrunda Halkara maslahat merkezini hem-de myhmanhana gurýar.
Türkmen metbugaty bu desgalaryň käbiriniň gurluşygyna geçen ýylyň mart aýynda başlanýandygyny habar beripdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy gurluşyk işçileriniň biriniň sözlerine salgylanyp, olaryň aýlyk haklarynyň 1 müň manat töweregindedigini aýdýar.
“Oglanlar otel gurýar, olara dynç berilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gurluşykçynyň sözlerine salgylanýar.
Onuň gürrüň bermegine görä, işçileri diňe firmanyň aýlyk tölegi ýa-da uzyn iş sagatlary kösemeýär. Olary köseýän ýene-de bir ýagdaý bar. Bir işçiniň gürrüň bermegine görä, gurluşykçylar gije ýarymdan agandansoň, surnugyp işden çykanlarynda polisiýanyň işgärleri gelip, olaryň birnäçesini haýbat atyp, alyp gidýär.
“Olar türkmeniň elinde işläniňden, fransuzlaryň elinde ölenini gowy görýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy işçileriň şikaýatyny ýetirýär. Onuň sözlerine görä, polisiýanyň gullukçylary tutan işçileriniň her haýsyndan 100 manatdan para talap edýär.
Mundan ozal, 2018-nji ýylyň maý aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ýagdaýdan habarly çeşmesi Buig firmasynyň türkmen hökümetiniň tölege ukypsyzlygy sebäpli käbir gurluşyklara başlamandygyny habar beripdi.
Degişli maglumat Prezident Berdimuhamedow häzirlikçe gurulmaýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyTürkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýär. Halkara walýuta fondy ýaly halkara maliýe guramalarynyň hünärmenleri türkmen hökümetine döwlet serişdelerini tygşytlamagy maslahat berse-de, Türkmenistanda kaşaň myhmanhanalaryň gurluşygy dowam edýär. Hökümetçi neşirler wagtal-wagtal bu gurluşyklaryň işsiz ilaty iş bilen üpjün edýändigini aýdyp, bu taslamalary taryplap çykyş edýär.
“Buig” (Bouygues) Türkmenistanda işlemäge 1993-nji ýylda başlady. Bu kompaniýanyň türkmen paýtagtynda guran desgalarynyň arasynda Prezident köşgi, parlamentiň binasy, bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasy, Maslahatlar köşgi, halkara Ynsanperwerlik ylymlary ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binalary bar.
Fransuz kompaniýasynyň başlygy Marten Buig 2016-njy ýylyň oktýabrynda we 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan bilen mundan aňryk hem hyzmatdaşlyk etmegi maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi we Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan kabul edildi.