Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda ýumurtga we şeker ýaly gyt azyk önümleriniň ýany bilen geçmeýän harytlar goşulyp satylýar.
Häzir alyjylar tarapyndan her biri 33 teňňelik ýumurtga we bir kilogramy 7 manatlyk şekere uly isleg göze ilýär. Bu önümleri agzalan bahadan diňe döwlet dükanlarynda, şeýle-de bazarlarda resmi gözegçiligindäki söwda nokatlarynda satyn alyp bolýar.
Döwlet bahasyndan ýumurtgany satyn almak üçin alyjylar gazly suwy, kökeleri we süýji mekge ýaly önümleri satyn almaly bolýarlar.
"Ýumurtga "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" atly söwda merkezinde satylýar, oňa il içinde optowka diýilýär. Bu ýerdäki söwda nokatlarynda her ele 4 manatdan 12 sany ýumurtgany satýarlar. Emma onuň ýany bilen köp satyn alynmaýan önümleri we azyklary, ýagny çüýşeli suwy, süýji gazly suwy, gaby uly bolmadyk kökeleri ýa-da wafli, şeýle-de sellofan paketleri goşmaça satýarlar. "100 fontan" bazarynda 15 ýumurtgany 5 manada satýarlar, bu ýerde-de gapdalyndan goşmaça haryt almaly" diýip, habarçymyz 24-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.
Onuň sözlerine görä, paýtagtda ýumurtganyň goşmaça haryt goşulmazdan satylýan köp bolmadyk ýerler hem bar. Hususan-da, şeýle dükanlar 9-njy we 11-nji mikroraýonlarda ýerleşýär.
"Emma köp ýerde goşýarlar. Meselem, Parahat - 2/4 etrapçasynda 4 manada 12 ýumurtga däl-de, 11 sany ýumurtga satylýar. Emma adamlar açyk şikaýat etmeýärler, irden alyp bilenine begenýärler. Sebäbi hususy dükanlarda ýumurtga her biri 50-70 teňňeden satylýar.
Degişli maglumat Aşgabatda çilim we ýumurtga bilen bilelikde suw satyn almalyTürkmenistanda ilat tarapyndan köp satyn alynýan harytlaryň biri - şekeriň söwdasy hem çäklendirmeler bilen amala aşyrylýar.
"Köplenç 7 manatlyk şeker irden satylýar, käbir ýerlerde her adama 2 kilogramdan, emma köplenç bir kileden. Köplenç bolmalysyndan az çekýärler. "100 fontan" bazarynda bir kilogram şekeriň gapdalyndan bahasy 1 manatlyk arpa ýarmasynyň üç gabyny goşup satýarlar. Ähli ýerde bir kilogramy 9 ýa-da 10 manatlyk gant satylýar. Emma şekere isleg has köp bolýar" diýip, habarçymyz belleýär.
Şeýle-de onuň habar bermegine görä, towuk buduny lomaý satyn alýan alyjylara goşmaça tutuş towugy hem satyn almak hödürlenýär.
"Towuk buduny 15 kilogramlyk tutuş gaby bilen satýarlar 120 manada. Emma onuň ýany bilen 13 manatdan iki sany towugy satyn almaly. Kileläp satmaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, nägile bolýan käbir alyjylar Söwda ministrligine ýüz tutupdyr, emma olara işgärleriň işiniň köpdügini aýdyp, soraga jogap berilmändir.
Azatlyk Radiosynyň Söwda ministrliginden kommentariý almak synanyşygy hem netije bermedi.
Degişli maglumat Polisiýa ofiserleri paýtagtda ýumurtga söwdasyna gözegçilik edýärlerTürkmenistanda towuk ýumurtgasynyň gytçylygy geçen ýylyň aýagynda ýüze çykypdy. Dekabryň dowamynda ýumurtga ençeme gezek satuwdan aýryldy, satylan wagtynda uly nobatlar we çäklendirmeler döredi. Dekabryň aýagynda Aşgabatda ýumurtga söwdasy polisiýanyň gözegçiliginde amala aşyryldy. Gytçylygyň fonunda Söwda ministrligi ýurtda 2 million töweregi towuk ýumurtgasynyň bardygyny aýdyp, resmi hasabat berdi.
Azatlygyň habarçylary häzirki wagtda Türkmenistanyň günbatarynda Türkmenbaşy şäherinde ýumurtganyň her biriniň 33 teňňeden tapdyrmaýandygyny habar berýärler.
"Awaza söwda merkezinde 30 ýumurtgaly gutyny 33 manatdan satýarlar. "A-Marketde" 18 manatdan. Bu ýerde harytlar adatça has arzan satylýar. Bazarda 30 ýumurtga 30 manada durýar" diýip, habarçymyz 25-nji fewralda habar berdi.
Türkmenistanda geçmeýän harytlaryň gyt önümleriniň ýany bilen goşulyp satylmagy giňden ulanylýar.
Şeýle-de ýurduň söwda nokatlarynda "goşa nyrhlaryň" ulanylmagy dowam etdirilýär, ýagny harytlaryň ýüzünde görkezilen nyrh, harydyň satylýan bahasyndan has kem görkezilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.