Aşgabatda zenan sürüjileriň ‘gollary baglanýar’, garamtyl reňkli ulaglar boýunça gadagançylyk güýçlenýär

Ýol polisiýasy Aşgabatda zenan sürüjiniň resminamalaryny barlaýar, ýanwar, 2018-nji ýyl.

Aşgabatda gara we garamtyl reňkli ulaglara garşy göreş täzeden güýçlenýär. Häkimiýetler ulaglaryň ak reňke boýadylmagyny talap edýär. “Hatda kümüşsow reňke-de boýatmaga rugsat berilmeýär, hökman ak bolmaly” diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, käkimiýetler garamtyl reňkli ulag eýeleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar. “Tä ulaglar ak reňke boýadylýança olaryň şahadatnamalary yzyna berilmeýär” diýip, habarçy aýdýar.

“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri kimdir birine beren gürrüňlerinde, ak jip ulagly bir aýal maşgalanyň pyýada ýolagçyny kakyp, gaçyp gidendigini öňe sürýär” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjynyň sözlerine salgylanýar.

“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Çoganlyda ýerleşýän edarasy sürüjilik şahadatnamasyny ellerinden aldyran aýal maşgalalardan doldy” diýip, aşgabatly zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýar

Aşgabatly beýleki bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna beren gürrüňinde, hususy eýeçiliginde garamtyl reňkli ulag bolan sürüjileriň köpüsiniň ulagly köçä çykmaga ýaýdanýandygyny aýdýar. “Köpler öz islegleri bilen ulaglaryny awtoduralglarda park edip saklaýar, köçä çykmaýar” diýip, habarçy belleýär.

Onuň sözlerine görä, sürüjiler şahadatnamalaryny ellerinden aldyrmajak bolup, şeýle çärä baş urýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ikinji habarçysy gara we garamtyl reňkli ulaglar boýunça gadagançylygyň güýçlenýändigini tassyklaýar.

“Soňky iki hepdäniň dowamynda awtoinspektorlar goýy reňkli ulaglary saklap, sürüjilere duýduryş berýärler” diýip, habarçy aýdýar.

Ol hususy eýeçiliginde awtoulag bolan aýal-gyzlara awtoinspektorlaryň yrsaraýandygyny belleýär.

18-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Aşgabadyň polisiýasynyň awtoulagda barýan zenan sürüjileri saklaýandygyny, dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýandygyny habar beripdi.

Habarçynyň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň köçelerinde awtoulaglar köpçülikleýin häsiýetde barlanýar. Ýol polisiýasy, hususan-da aýal sürüjilere has berk daraýar.

Paýtagtly habarçy Aşgabatda aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegine girizilen çäklendirmeleriniň ilki bilen kanun goraýjy edaralaryň zenan işgärlerine duýdurylandygyny aýdýar.

Galyberse-de, 19-njy fewralda sürüjilik şahadatnamasyny polisiýa aldyran aşgabatly bir aýal sürüji Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň wideosyny düşürip, Azatlyk Radsioyna ugratdy. Polisiýa işgärlerini wideo düşüren aýal maşgala “siz ýaňky aýdanlaryňyzy kameranyň öňünde hem aýdyň!”, “siz näme üçin menden gaçýarsyňyz!?” diýip, rus dilinde olaryň yzyndan gygyrýar.

Polisiýanyň bir işgäriniň “men rusça bilemok” diýen sesi eşidilýär. Şahadatnamasyny aldyran zenan polisiýanyň ýeňsesinden olary wideo düşürýär. Bir polisiýa işgäriniň “aýryl-how” diýýän sesini eşitmek bolýar. Soňra awtoinspektorlar ýanýodanyň gapdalynda oturdylan agaç nahallarynyň arasyndan gaçyp, ýanýoda çykýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar

Wideoda sürüji zenanyň polisiýanyň işgärlerine ýüzlenip, “dokumentlerimi gaýtaryp bermeseňiz bu wideo şu gün internetde peýda bolar” diýýän sözlerini eşitmek bolýar.

Türkmenistanda awtoulaglaryň reňki bilen bagly gadagançylyklara 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde hereket edýän awtoulaglarda gara diskleriň gadagan edilmegi bilen badalga berildi. 2015-nji ýylda gara we garaňky reňkli awtoulaglaryň ýurda getirilmegine gadagançylyk girizildi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda häkimiýetleriň ulaglar boýunça ak reňk talaby has-da güýçlendi. 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde häkimiýetleriň gara we garamtyl reňkli ulaglara girizýän hereket çäklendirmeleri barada yzly-yzyna habarlar gelip gowşupdy.