Etraplardaky çäklendirmeler Aşgabatdaky bankomatlaryň öňünde gykylyk-galmagala sebäp bolýar

Türkmenabat. "Halkbankyň" öňündäki nobat

Türkmenistanda tapgyrlaýyn bank kartlaryna geçilmegi bilen dörän bank-maliýe meseleleriniň çözülmezligi oba ýerleriniň adamlaryny goşmaça çykdajylara itekleýär.

Türkmenistanyň etrap ýerlerinde bankomatlardan pul çykarmagyň çäklendirilmegi täze biznes döretdi we aşgabatly pensionerler regionlar arasynda gatnaýan pul nagtlaşdyryjylardan ýaňa öz pullaryny wagtynda alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Bu ýagdaý bankomatlaryň öňünde gykylyk-galmagalyň turmagyna hem sebäp bolýar. Şeýle gykylyk 13-nji fewral güni Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda, “Halkbankyň” hem-de Köpetdag etrabynyň salgyt gullugynyň ýerleşýän jaýynyň ýanyndaky bankomatlaryň öňünde turdy.

Galmagala bir ýigidiň on çemesi plastik kart bilen pul çykarmagy sebäp boldy. Onuň elinde ýene 5-6 kart bardy. Yzynda nobata duran ýaşuly garaşmakdan ýadap, “Inim, bize-de gezek ber, birinjiden wagtymyzy alýaň, ikinjiden pul gutarýar” diýdi” diýip, wakanyň şaýatlary Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Emma 15 çemesi kart bilen pul çykarýan ýigit höçjetlik etdi we nobatada duran onlarça adamyň täzeden nobata durmak teklibini kabul etmedi, netijede barha ýokarlanýan gykylyk-gopguna bankyň goragçylary goşulyp, dawalaşýanlary araladylar we polisiýa telefon etdiler. Polisiýa işgärleri patrul maşyny bilen gelip, galmagalyň sebäbini anykladylar we eli 15 kartly ýigidi özleri bilen alyp gitdiler diýip, şaýatlar aýtdylar.

Degişli maglumat Türkmenistan: Pensiýalar plastik kartlaryna geçiriler

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap polisiýa bölümindäki çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna beren maglumatyna görä, köp kart bilen pul çykarýan ýigit Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan gelip, hakyna obadaşlarynyň bank amallaryny amala aşyrýan eken.

“Onuň esasy işi hususy maşynda taksiçilik eken, emma müşderi azalansoň, adamlaryň kartlaryny alyp gaýdyp, her kart eýesinden 50 manat alyp, obadaşlarynyň pullaryny nagtlaşdyryp berýän eken” diýip, polisiýa ofiseri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, regionlardan gelýän taksiçiler öz awtoulaglaryny Çoganlydaky duralgada goýup, taksi tutup, bankomatlara aýlanýarlar we adamlaryň haýyşlary boýunça pul nagtlaşdyrýarlar. Olar regionlardan gelip, pul çykaryp berenleri üçin 40 manat, Aşgabatda çykaran taksi harajatlary üçin 10 manat pul alýarlar diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Gubadagly taksiçä häzirlikçe hiç hili aýyp bildirilmedi, sebäbi onuň edýän işi jenaýat däl, ýöne onuň elinde şonça kartyň bolmagy şübhe döretdi” diýip, polisiýanyň wekili anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Häzir Gubadaga telefon edip, kartlaryň eýelerini anyklaýarys, eger olaryň hemmesi kartyny pul çykarmak üçin beren bolsa, mesele ýok, emma biri-ýarymy kartymy ýitirdim diýse, taksiçiniň garşysyna iş açylar. Häzir taksiçigoýberildi, ýöne üç günläp Aşgabatdan çykmasyz edildi” diýip, ol düşündirdi.

Soňky döwürde barha giň ýaýraýan pul çykarmak biznesinden habarly adamlaryň gürrüň bermeklerine görä, etrap ýerlerindäki ýaşaýajylar muňa ýagdaýdan mümkin bolan çykalga hökmünde garaýarlar.

Gubadagyň myslaynda aýdylanda, oba ýerlerinden gelip, etrap merkezindäki bäş-alty bankomatda pul nagtlaşdyrjak bolsaň, ol ýerde hemişe pul tapylyp durmaýar, eger pul bolanda hem, bir gezekde bary-ýogy 200 manat çykarmaga rugsat edilýär. Onsoň adamlar Daşoguz şäherine gelmeli bolýarlar, sebäbi bu ýerde 600 manat çykarmaga rugsat edilýär, emma ol ýerde hem hemişe pul bolmaýar” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi adamlaryň 50 manat çykdajy edip, pullaryny alyp bilseler, gaty razydyklaryny tassyk etdi.

Degişli maglumat Türkmenistan ‘Western Union’ hyzmatlaryna täze çäklendirmeleri girizdi

Aşagbadyň Kopetdag etrabyndaky polisiýa bölüminiň wekili “bu biznesiň” aşgabatlylaryň öz aýlyk, pensiýa pullaryny wagtynda almaklaryna uly päsgelçilik döredýändigini aýtdy.

Türkmenistan aýlyklary we pensiýalary bank kartlary arkaly tölemäge dört ýyl çemesi öň başlady we bu işiň tapgyrlaýyn amala aşyrylýandygy aýdylýar.