Aşgabatda işsizler çagalar baglarynyň öňünde iş gözleýär, jaýlara bildirişleri asýar

Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň öňünde iş gözleýän we iş sorap, ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde hem-de mekdepleriň haýatlarynda bildirişleri asýan adamlaryň barha köp göze ilýändigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär.

Bu waka ýurduň medeni aň-bilim edaralaryna iş orunlaryny ortaça 15% kemeltmek barada tabşyryk berlen hem-de prezidentiň ministrlikleriň birnäçesini birikdirmek we döwlet edaralarynyň birnäçesini gyssagly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek hakyndaky kararlary kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Paýtagtyň tas ähli çagalar bagynyň, şol sanda Parahat-2 etrapçasyndaky 112-nji, Parahat-1 etrapçasyndaky 108-nji çagalar baglarynyň öňünde irden sagat 7-9 aralygynda 10-a golaý aýal-gyzyň üýşüp duranyny görse bolýar. Olar çagasyny çagalar bagyna alyp gelýän ene-atalara çagalary her gün irden öýlerinden alyp çaglar bagyna getirmegi we çagalar bagyndan alyp, öýlerine eltip bermegi teklip edýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy 13-nji fewralda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Medeni aň-bilim edaralaryna iş orunlaryny ortaça 15% kemeltmek tabşyryldy

Habarçy ene-atalaryň we iş gözleýän zenanlaryň ençemesine salgylanyp, olaryň çagalar baglarynyň işlemeýän, edara-kärhanalaryň aglabasynyň bolsa işleýän şenbe günleri çagalaryna öýlerinde seredip bermegi hem teklip edýändiklerini aýtdy.

“Gelin-gyzlar çagany hepdäniň dowamynda bäş gün çagalar bagyna gatnatmak üçin 200-250 manat nyrh soraýarlar. Şenbe günleri hem çagalara seretseler, onda olar bu tölegiň 320-330 manat aralygynda boljakdygyny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Adamlaryň iş gözleýän ýerleriniň ýene biriniň mekdeplerdigini aýdýan habarçy soňky günlerde ylymlaryň kandidaty ýaly ylmy derejeleri ýa-da ýokary bilimi bolan ylmy işgärleriň mekdep ýolbaşçylaryna ýüzlenýändigini hem belleýär.

“Bu adamlar iş bolsa mekdep mugallymy bolup işe başlamaga taýýardyklaryny aýdypdyrlar. Bu barada Parahat etrapçasyndaky mekdepleriň ençemesiniň direktory gürrüň berdi” diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, mekdepleriň haýatlarynda we ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde himiýa, biologiýa, matematika, astronomiýa, fizika ýaly dersler boýunça özleriniň öýünde okuwçylara sapak bermäge taýyndyklary hakynda bildirişler asylýar. Bildirişlerde sapaklaryň nyrhy we habarlaşmak üçin telefon belgisi barada hem maglumat berilýär.

“Şeýle-de, “elitka” diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş jaý toplumlaryna aýlanyp, özleriniň garawul bolup işlemäge taýýardyklaryny aýdýan adamlary hem görse bolýar” diýip, habarçy aýdýar.

Ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda maglumat göze ilmeýär.

2019-njy ýylyň başy işsizligiň täze tolkuny bilen başlady...

Anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi şeýle ýagdaýyň garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hem gaýtalanandygyny, şonda keselhanalaryň, saglyk öýleriniň we beýleki edaralaryň ençemesiniň ýapylmagy netijesinde ýüzlerçe adamyň işsiz galandygyny aýdýarlar.

“Işsiz galan şol ýokary bilimli adamlar dürli işlerde işläp, şol sanda öýlerinde sapak berip, hususy ulagynda kireý edip gününi görmäge synanyşypdy. Käbirleri obalara göçüp gidipdi. Garaz, şu ýagdaý gaýtalanýana meňzeýär. Sebäbi 2019-njy ýylyň başy işsizligiň täze tolkuny bilen başlady” diýip, aşgabatly synçy anonim şertde gürrüň berdi.

12-nji fewralda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky muzeýleriň, kitaphanalaryň we Medeniýet öýleriniň ençemesine 1-nji aprele çenli iş orunlaryny ortaça 15% kemeltmek barada görkezme berilendigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

29-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda köp sanly döwlet edaralaryny üýtgedip gurmak, şol sanda Ylymlar akademiýasyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň bir toparyny birikdirmek, hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hakyndaky kararlary kabul etdi. Resmi metbugatda munuň ykdysadyýeti döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmek bilen bagly amal edilýändigi bellenildi.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere we wakalara ýakyndan syn edýän ýerli synçylaryň ençemesi bu çäreleriň onlarça adamyň işsiz galmagyna getirendigini aýdýarlar.

“Hronika Türkmenistan” neşirinde çykan we resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilmedik maglumatlara görä, soňky görlen çäreler Ylymlar Akademiýasynyň ylmy işgärleriniň üçden biriniň işlerini ýitirmegine alyp gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, resmi metbugatda boş duran iş orunlarynyň sanawy barada hem yzygiderli maglumat çap edilýär. 10-njy ýanwarda “Balkan” gazetinde çap edilen maglumata görä, Balkan welaýatynda häzirki pursatda 300-e golaý iş orny boş dur.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi ýerli häkimiýetleriň işe ýerleşmäge baran işgärlerden propiska soraýandygyny we ýaşamaga şert döredilmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.