ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy

“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň uçary

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna uçmagynyň togtadylmagy bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy.

7-nji fewralda ýaýradylan duýduryşda amerikan ilçihanasynyň işgärleriniň resmi saparlarynda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarlarynda uçup bilmeýändigi mälim edilýär we gadagançylygyň dessine güýje girýändigi aýdylýar.

“Bu gadagançylyga ýerli we halkara uçuşlaryň ikisi hem degişlidir. [“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasyna] girizilen çäklendirme aradan aýrylandan soň, bu gadagançylyk gaýtadan gözden geçiriler” diýlip, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda çap edilen beýanatda bellenilýär.

Degişli maglumat Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy

4-nji fewralda Beýik Britaniýanyň hökümet websaýtynda çap edilen habarda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadandygy habar berildi.

Amerikan ilçihanasynyň beýanatynda ABŞ-nyň raýatlaryna uçuşlary amala aşyran mahaly, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň çykaran kararyny göz öňünde tutmak maslahat berilýär.

Şeýle-de, olara öz saparlarynda başga howaýollary kompaniýalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, media maglumatlaryny yzarlamak hem maslahat berilýär.

“Gov.uk” websaýtyndaky habarda aýdylmagyna görä, häzirki wagt Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine ýa-da tassyklatmagyna garaşýar. Ýöne bu standartlaryň nämeleri öz içine alýandygy häzirlikçe aýdyňlaşdyrylmaýar.

4-nji fewralda Britaniýanyň “The Independent” neşiri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna gadagançylyk girizmegi netijesinde häzirki wagt müňlerçe britan ýolagçysynyň uçuşlarynyň goýbolsun edilendigini mälim etdi. Neşir bu ýolagçylaryň sanynyň 5 müňe barabardygyny çaklaýar.

Şol bir wagtda, neşir Sowet Soýuzy dargandan soňra, 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň hiç haçan betbagtçylyga uçramandygyna hem ünsi çekdi.

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” gullugy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe kommentariýa bilen çykyş etmän gelýär. Bu barada “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň resmi websaýtynda ýa-da Türkmenistanyň döwlet metbugatynda häzirlikçe hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.