Ýurtdan gidýänleriň köpelmeginden alada galýan Türkmenistan hökümetiň walýuta ýüküni daşary ýurt ÝOJ-larynda okaýan studentleriň hasabyna ýeňletmek kararyna gelene meňzeýär.
"Türkmen serhetçilerine, migrasiýa gullugynyň işgärlerine we gümrükçilere daşary ýurtlardan gyşky kanikula gelen we indi yzlaryna, daşary ýurtlarda okaýan ýokary okuw jaýlaryna gitmekçi bolýan studentleri ýurtdan goýbermezlik hakynda görkezme berildi" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 4-nji fewralda habar berdi.
Bu maglumat şu gün, 7-nji fewralda ikinji çeşme tarapyndan hem tassyklanyldy.
“Häzir kanikula gelen studentler köpçülikleýin yzlaryna dolanmaga başladylar, olaryň eýýäm uçara köpçülikleýin, sebäbini düşündirmezden goýberilmeýändigini görse bolýar. Munuň sebäbini soranlara diňe migrasiýa gullugynyň merkezi edarasyna ýüz tutmak maslahatyny berýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri soňky günlerde Aşgabat aeroportunda uçara goýberilmeýän adamlaryň köpelendigini habar berse, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda çagasy okaýan ene-atalar bilen duşuşyk geçirýändigini habar berdi.
Bu duşuşyklarda, neşiriň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda daşary ýurtda okaýan türkmen studentleriniň 150-den gowragynyň deportasiýa edilendigi, munuň sebäbiniň studentleriň baran ýurtlaryndaky kanunlary bozmagy we sapaklaryna ýetişmezligi bilen baglydygy öňe sürülýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildiAzatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, daşary ýurt ÝOJ-larynda okaýan studentleriň yzyna goýberilmezligi barada berlen görkezme, birinjiden, hökümetiňstudentler sebäpli çekýän walýuta ýüküni ýeňletmek bilen bagly.
“Sebäbi ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberýärler, bu puly hökümet döwlet kursunda çalşyp, resmi kurs bilen “gara bazar” kursunyň arasyndaky tapawudy biygtyýar öz üstüne almaly bolýar. Bu häzirki ykdysady kynçylyk şertlerinde hökümetiň uzak başarjak işi däl” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen maliýeçi aýtdy.
Ikinjiden, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ikinji resminiň pikiriçe,häkimiýetler daşary ýurtlarda okaýan studentler we olaryň öz pullaryny alyp bilmeýşi barada çykýan habarlaryň köpelmeginden alada galýarlar.
“Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri öz ene-atalarynyň iberýän pullaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp, habar serişdelerine interwýu berýärler, soňky wagtlarda bu barada Azatlykda köp maglumat berildi, häkimiýetler bu problemany daşary ýurtlardaky studentleriň sanyny azaldyp çözmekden başga çykalga görmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran resmiAzatlygyň habarçysyna aýtdy.
Degişli maglumat Belarus mediasy: türkmen studentleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin söwda nokatlarynyň kassalaryna üýşýärDaşary ýurtlarda okaýan we ol ýa-da beýleki iş bilen daşary ýurda gidýän raýatlaryň aeroportda saklanyp, dürli bahanalar bilen ýolundan saklanmagynyň ýene bir sebäbi, ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, ýurduň ilat sanynyň soňky on ýylda düýpli kemelmegi, hususan-da ýaşlaryň barha köp ýurtdan gitmäge hem-de daşary ýurtlarda galmaga ýykgyn etmegi bilen bagly.
“Prezidente Türkmenistanyň ilatynyň hakyky sanynyň 3,2 milliona golaýdygy, munuň üstesine adamlaryň ýurtdan gitmeginiň dowam edýändigi hakynda hasabat berildi” diýip, ynamdar çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Şu sebäpden türkmen ýaşlaryny her edip, hesip edip ýurtda saklamaly, sebäbidaşary ýurtlara giden zehinli oglan-gyzlaryň bir toparynyň yzyna gelmezligi mümkin we bu ýagdaý uzak dowam etse, ýurtda ykdysadyýeti goldara adam galmaz diýen alada bar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk radiosy prezidente ýurtdaky hakyky ilat sany barada berlen hasabat barada aýdylýanlary başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.Şol bir wagtda, Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri şindi hem aýdylmaýar we indiki ilat ýazuwynyň 2022-nji ýylda geçiriljekdigi habar berilýär.