Onuň çykyşlaryna mekdep okuwçylary töleg töläp, gatnaşmaga we oňa tomaşa etmäge mejbur edildi. Bu barada etrap bilim bölüminiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
“Aşyr däde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginde 3-nji fewral ýekşenbe güni sahnada çykyş etdi. Obanyň mekdep okuwçylary medeniýet öýünde geçirilen bu çykyşlara her adam başyna 5 manat töläp gatnaşmaga mejbur edildi” diýip, pensiýa çykan lebaply mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçynyň maglumatyna görä, etrap bilim bölüm müdirligi mekdep mugallymlaryndan we olaryň okuwçylaryndan agzalýan medeniýet çykyşlaryna gatnaşmagy telefon arkaly dilden talap etdiler.
Degişli maglumat Ene-atalar Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin 80 manat tölemäge mejbur edilýärBeýleki tarapdan, sahna oýunlaryna mejbury tomaşaçy bolan käbir mekdep okuwçylarynyň ene-atalary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde “mejbury tomaşa” bilen bagly öz şikaýatlarynyň bardygyny aýdýarlar.
“Mekdebe gatnaýan dört çagam bar. Olaryň her haýsysyna 5 manat töläp Aşyr dädäniň çykyşyna gatnaşdyrsam 20 manat bolýar. Bu az pul däl” diýip, lebaply bir ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Beýleki bir ýerli ýaşaýjy çagalaryny obanyň medeniýet ojagynda geçirilen çykyşa ugradandygyny, ýöne çagalaryň aradan heniz 15-20 minut geçmänkä çykyşdan gaçyp, yzyna öýe dolanandygyny gürrüň berýär.
“Näme boldy!? Näme üçin ir geldiňiz!?” diýip çagalardan sorasam, olar sahna oýunlarynyň iç gysgynç bolandygyny aýtdylar diýip” ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär.
Çykyşdan lezzet almaga mejbur edilen mugallymlaryň käbirleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde wäşileriň sahnada esasan gadymy şorta sözleri ulanmak arkaly tomaşaçylary güldürmäge synanyşandygyny, ýöne ýaş çagalar üçin munuň täsirsiz bolandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Türkmen aýdym-saz sungaty: Aýdymçy "bolçulygynda" aýdym "gytçylygy"“Sowet döwründe mekdeplere medeniýet işgärleri sahna goýmak üçin gelende mugallymlar we okuwçylar 2-3 gün öňünden sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Indi bu zatlaryňam gyzygy gaçdy” diýip, pensiýa çykan mugallym könäni ýatlaýar.
“Olaryň çykyşlary iç gysgynç bolansoň, çagalar sahna oýunlary entek ýarym bolmanka gaçyp öýe gelýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Sizi üçin körpeler!” atly gepleşigiň alyp baryjysy Aşyrmyrat Gurbanowa 1999-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 2008-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen atlar berildi. Ol döwletiň hemaýatynda taýýarlanýan kinofilmlerde we beýleki sahna oýunlarynda baş rollarda çykyş edýär.
Türkmeniň häzirki zaman medeniýet ulgamyny öwrenýän synçylar döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Siziň üçin körpeler!” gepleşiginde çagalara syýasaty mahabatlandyrýan goşgularyň aýtdyrylmagyny tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.