Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda daşary ýurtlarda okaýan we yzyndan dollaryň döwlet kursunda serişde alýan studentler bilen bagly aladalar köpelýär.
“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri geçen ýyl daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň 150-den gowragynyňdeportasiýa edilendigini habar berýär.
Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu maglumat Aşgabatda çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalar bilen geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. Azatlyk bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler esasynda tassyklap bilmedi.
Deportasiýalaryň sebäbiniň türkmenistanly studentleriň baran ýurtlaryndaky kanunçylygy bozmaklary, kadasyz hereketleri we okuwlaryna ýetişmezlikleri bilen baglydygy aýdylýar.
Bu hili duşuşyklar şu günler paýtagtyň dürli mekdeplerinde geçirilýär, şol ýygnaklaryň birine migrasiýa gullugynyň, harby komissarlygyň, dindarlaryň we Aşgabat häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Degişli maglumat Aşgabat türkmen studentlerinden ýörite resminama talap edýärMigrasiýa gullugynyň wekili daşary ýurtlara okamaga giden studentleriň okuwy bilen bolmalydygyny aýtsa, din wekili olaryň diňe metjitlere barmalydygyny, “beýleki dini akymlardan daşda durmalydygyny“ ýatlatdy diýip, TAH öz çeşmesine salgylanyp habar berýär.
Şu aralykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda saparda bolup, Orsýetde 30 müň türkmen studentiniň okaýandygyny aýtdy. Moskwadaky okuw jaýlarynyň birinde okaýanwe Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen studentiniň tassyklamagyna görä, Orsýetde okaýan türkmenistanlylaryň esasy problemalary yzlaryndan iberilýän puly almak bilen bagly.
“Bizde ene-atamyzyň iberen puluny wagtynda alyp biljegimize hiç bir ynam ýok, üstesine biziň aýda alyp bilýän serişdämiziň hem azaldylmagyndan alada galýarys, bu ýagdaý bizi gijelerine bikanun işlemäge, gazanç etjek bolmaga mejbur edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran student aýtdy.
Ikinji tarapdan, ol türkmen studentleriniň baran ýurdunda ýerli kanunlary köp bozýandygy, okuwlaryna gowy ýetişmeýändigi barada aýdylýanlar bilen ylalaşýar.
“Yzyňdan ýeterlik pul gelmese, gijelerine işläp, sapak wagty uklap otursaň, sapagyňa gowy ýetişmejegiň düşnükli zat, türkmenleriň arasynda şeýle ýagdaýdaky student örän kän” diýip, ol aýtdy.
Degişli maglumat Belarus mediasy: türkmen studentleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin söwda nokatlarynyň kassalaryna üýşýärMundan başga, Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, sapagyny okaman, alkogolly içgileri içýän, bidüzgünçilik edýän, habarlarda görkezilip, öz ýurduny we halkyny masgara edýän türkmen studentleri hem az däl.
“Iň gynanýan ýerim türkmen studentleriniň arasynda okuwyny okaman, professorlara para berip, baha aljak bolýan student kän, olar mugallymlary hem azdyrýarlar, onsoň okaýan studentleri hem para bermäge mejbur etjek bolup duranlar bolýar” diýip, Moskwada okaýan student aýtdy.
Azatlyk radiosy geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ene-atalarynyň iberýän pullaryny almakda çekýän kynçylyklary, şeýle-de ýurt içinden daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul geçirmekde döreýän problemalar barada yzygiderli maglumat berdi.
Degişli maglumat Orsýetde okaýan türkmen studentleri kartdan pul çekmekde ýene kynçylyk çekýärlerHökümetdäki ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, ilat üçin walýuta konwertasiýasyny çäklendirenwe serişde ýetmezçiligi zerarly ministrlikleri birikdirip oturan hökümet daşary ýurtlarda okaýan studentler üçin döwlet kursundan walýuta goýberilmegine uzak çydajaga meňzemeýär.
“Bu çydamsyzlyk basym dürli bahanalar, şol sanda türkmen studentleriniň käbiriniň daşary ýurtlarda öz ýurduny biabraý edýändigi baradaky delilbilen özüni görkezip başlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen häkimiýetleriniň Aşgabat aeroportunda daşary ýurtlara barýan raýatlaryň käbirini soraga çekip, olara ýurduň abraýyny gaçyrýan gürrüň etmezlik hakynda basyş görkezýändigini habar berdi.