Türkmen innowasiýasy: Gutulary Bagabatda ýakyljak çilimler polietilen haltajyklarda satylýar

Daşary ýurtda türkmen alyjylary üçin öndürilen çilimiň gutusy.

Türkmenistanda hökümet mejlisleriniň "sanly wideoaragatnaşyk" arkaly geçirilip başlanmagy bilen 2016-njy ýylyň martynda doly döwlet monopoliýasyna geçirilen çilim söwdasynda hem käbir innowasion çemeleşmeler göze ilýär.

Türkmenistanyň hususy dükanlarynda çilimleriň belli bir bölegi, öňküleri ýaly temmäki fabriginde gaplanan gutularynda däl-de, eýsem bir gezek ulanylýan polietilen haltajyklarda satylyp başlandy.

“Bu täzelik soňky 10-12 günde göze ilýär. Mysal üçin, ozal Günorta Koreýada öndürildi diýlip satylan “Esse” atly çilimler, Türkiýede öndürildi diýlip satylan “Parlament” atly çilimler indi dükanlaryň bir toparynda polietilen haltajykalrda satylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy dükanlara aýlanyp göreninden soň, 1-nji fewralda habar berdi.

Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Çilimi hususy dükanlarda satdyrmalyň!

Alyjylaryň käbiri ol çilimleriň näme üçin fabrikde gaplanan gutularynda satylmaýandygyny soraýar, satyjylar bu soraga olary daşary ýurtlardan gaçak ýagdaýda getirýändiklerini, şu sebäpden, ýolda köp ýer almasyn we agramy az bolsun diýip, gutularyndan çykaryp getiriýändiklerini aýdyp jogap berýärler.

Emma Azatlygyň döwlet gümrük gullugyndaky çeşmesi habarçy bilen söhbetdeşlikde dükan satyjylarynyň bu delilleriniň ýalandygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, gutularyndan çykarylyp, polietilen haltajyklarda satylýan çilimler ýurda getirilýän wagty gümrük postlarynda ýa-da beýleki ýerlerde tutulyp saklanan çilimler bolup durýar.

“Gümrükçiler ýa serhetçiler tarapyndan tutulan çilimler soňra bikanun çilim söwdasyna ýolbaçşylyk edýän baronlaryň ellerine düşýär we olar bu çilimleri gutularyndan çykardyp, umumy gaba gapgarýarlar” diýip, anonim şertde gürleşen gümrük işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, içi boşadylan çilim gutulary soňra Aşgabadyň etegindäki Bagabat obasynda guralýan ýyllyk çärelerde ulanylýar, ýagny hukuk goraýjylar tarapyndan tutulandygy aýdylýan neşe maddalary we gaçak getirilen çilimler ýakylanda peje taşlanýar.

Degişli maglumat Aşgabatda ogryn satylýan çilimiň bahasy ýene 40% ýokarlandy

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda şu ýylyň 14-nji ýanwaryndan bäri çilim söwdasy döwlet dükanlarynda hem yzygiderli dowam edýär. Şondan öň çilim döwlet dükanlaryndaher iki aýdan 10 gün, bäş gün satylyp, soňra bes edilýärdi we bu ýagdaý hususy dükanlarda bikanun we has gymmat bahadan satylýan çilimleriň mejbury alyjysynyň köpelmegine hyzmat edýärdi diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdylar.

“Ýanwar aýynyň ortasyndan bäri döwlet dükanlarynda hem her gün irden çilim satylýar, nyrhlar hem öňküliginde galýar, bu ýagdaý hususy dükanlardaky çilimleriň nyrhlarynyň biraz arzanlamagyna alyp geldi” diýip, ýurtdaky çilim biznesinibu söwda döwlet monopoliýasyna geçirileli bäri ýakyndan synlaýan habarçymyz aýtdy.

“Döwlet dükanlarynda 30 manada satylýan çilimleriň bir gutusynyň bahasy häzir hususy dükanlarda 50-55 manada, käbirlerinde 47 manada düşdi. Döwlet dükanlarynda satylmaýan we daşary ýurtlardan gaçak ýollar bilen getirilýän has gowy hilli çilimleriň hem bahalary biraz arzanlady” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Degişli maglumat Monopoliýa çilimiň gara bazaryny 'gülleder'

Bu arzanlaşygyň sebäbi, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen resmileriň we telekeçileriň sözlerine görä, ýurda daşary ýurtlardan gaçak ýollar bilen getirilýän çilimleriň döwlet dükanlarynda we hususy dükanlarda satylmagyna aşaklyk bilen rugsat berilmegi bilen bagly.

“Mundan öň gaçak ýollar bilen getirilen çilimleri döwlet dükanlarynda satmaga gorkardylar, indi şeýle çilimler hem döwlet dükanlarynda, hem hususy dükanlarda has kän arkaýynlyk bilen satylýar, bu häkimiýetler bilen çilim baronlarynyň özara ylalaşyga gelendiklerini çaklamaga esas berýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran gümrük işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.