Türkmenistanda "arzyly haryda" öwrülen çilim ýene satylyp başlandy; ol dükanlaryň ýeňse gapysyndan, ir sagatlarda bir ýa bir ýarym sagat çäginde satylýar we derrew gutarýar.
Çilimiň çäkli ýagdaýda hem bolsa satuwa çykanyna begenen çilimkeşler onuň bahasynyň ýene gymmatlamagyndan nägile bolýarlar. 20-nji noýabrdaky maglumatlara görä, häzir Aşgabatda iki ýyl ozal gutusy 3 manatdan satylan iň arzan çilimler 30 manatdan satylýar we bu söwdanyň "belli adamlar üçin örän amatlydygy" aýdylýar.
“Bu çilimiň bir gabynyň döwlet kursunda ($8.57) sekiz ýarym dollardan hem geçendigini aňladýar, ýogsa ol biraz öňem 25 manatdan, ýagny döwlet kursunda ($7.14) ýedi dollardan gowrak bahadan satylýardy” diýip, 55 ýaşyndaky aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanda çilimiň gytalmagy we çilim nyrhlarynyň yzygiderli gymmatlamagy temmäki önümleriniň söwdasynyň doly döwlet monopoliýasyna geçirilmegi, şahsy adamlaryň we hususy telekeçileriň daşary ýurtlardan çilim getirmekleriniň berk gadagan edilmegi bilen başlandy.
“Men minimal aýlyga ýaşaýaryn, ýagny 715 manat aýlyk alýaryn. Çilimiň häzirki bahalary meniň aýlygymyň 4-5 prosentine barabar bolýar. Onsoň çilim bahalarynyň meniň maşgala býujetime nähili agram salýandygyny özüňiz göz öňüne getiriberiň” diýip, 60 ýaşly aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, çilimiň gymmatlamagy ýaşy bir çene ýeten adamlara, pensionerlere has-da agyr düşýär.
“Men 40 ýyldan bäri çilim çekýärin. Goýjak boldum. Ýöne çilim çekmesem, saglyk ýagdaýym ýaramazlaşýar” diýip, 70 ýaşyndaky pensioner Meret aga Azatlygyň habarçysyna öz ýagdaýyny gürrüň berdi.
2016-njy ýylda temmäki önümleriniň söwdasy doly döwlet ygtyýaryna geçirilip, soňky onýyllyklarda görülmedik çilim gytçylygy we gymmatçylygy başlanandan soň, Türkmenistanda çilim çekýänleriň sanynyň azalandygy aýdylýar. Ikinji tarapdan, döwlet söwdasynyň çilimkeşleri çilim bilen üpjün edip bilmezligi ýurtda temmäki önümleriniň “gara bazarynyň” emele gelmegine, döwlet dükanlaryndaky çilimiň hususy dükanlara geçirilip, çilimden uly pul ýasalyp başlanmagyna alyp geldi.
Bu ýagdaýy şol ýylyň 2-nji noýabrynda prezident G. Berdimuhamedow hem gytaklaýyn tassyklady we çilim spekulýantlaryny ýok etmek talabyny keserdip goýdy. Emma muňa garamazdan, Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, çilimiň hususy dükanlarda, has gymmat bahadan satylmagy dowam etdirilýär. Hökümetdäki ynamdar çeşmäniň sözlerine görä, çilim gytçylygy we gymmatçylygy belli-belli adamlar üçin bähbitli bolup durýar.
Maglumat üçin aýdylsa, çilimiň we spirtli içgileriň söwdasy Türkmenistanda öňki prezident döwründe hem “girdejili” ýer hasaplanýardy we bu söwda S.Nyýazowyň ogly Myrada ýa-da soň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Myrat Agaýewe degişli boldy. Sud dokumentlerinden belli bolmagyna görä, Myrat Agaýew S.Nyýazowyň baş janpenasy Akmyrat Rejebowyň “howandarlygynda” işläpdir.
Soňra türkmen türmesinde ýogalan general Rejebow, berilýän maglumatlara görä, temmäki gaçakçylygynda günäli tapyldy.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistandaky 7-8 dollar bahasyndan tapawutlylykda, Gazagystanda häzir amerikan çilimleriniň bir gaby 85 sentden satylýar.