Aşgabatda çilim we ýumurtga bilen bilelikde suw satyn almaly

Türkmenistanyň bazary (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda çilimiň we azyk önümleriniň gapdalyndan başga harytlar goşulyp satylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çilim satyn almak isleýän alyjylar bir çüýşe suwy goşmaça satyn almaga mejbur edilýär. Gyt harytlaryň ýany bilen köplenç geçmeýän harytlaryň goşulyp satylmagy bazarlarda hem amala aşyrylýar.

"Birnäçe gün mundan ozal ýumurtga satdylar, 30 ýumurtgaly bir gapdan. Bir ýumurtganyň bahasy 33 teňňe, onuň gapdalyndan goşmaça 2 manatlyk bir çüýşe suw satyn almalydy, muňa 12 manatdan tölemeli boldy. Bazarlarda bolsa wagtal-wagtal 6 manatlyk banan satylýar, onuň ýany bilen bir sany uly kokos goşýarlar. Olara alyjylarda isleg bolmaýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Bir ýumurtganyň 0.33 manada barabar bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdyr.

Towugyň ýumurtgasy Türkmenistanda gyt haryt bolmagynda galýar. Dekabr aýynyň dowamynda ýumurtga wagtal-wagtal satuwdan aýryldy, satylan wagtynda uly nobatlaryň döremeginde çäklendirmeler bilen satyldy.

Gytçylygyň fonunda Türkmenistanyň söwda ministrligi ýurtda towugyň ýumurtgasynyň bar bolan möçberi barada hasabat berip, hususan-da 17-nji dekabrda ýurtda 2 000 000 ýumurtganyň bardygyny yglan etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu günler bir çüýşe suwyň goşmaça haryt görnüşde döwlet dükanlarynda çilimiň gapdalyndan alyjylara satylýandygyny belleýärler.

Degişli maglumat Polisiýa ofiserleri paýtagtda ýumurtga söwdasyna gözegçilik edýärler

“Şu gün ir sagat sekizde biziň ýanymyzdaky döwlet dükanynyň howly tarapynda tertipli duran uly nobaty gördüm, ol esasan erkeklerden düzülip, arasynda aýallar köp däldi. Golaýda formaly polisiýa işgäri durdy. Ir ertirden çilim satylýar. Öň çilimiň bir gutusy 25 manat bolan bolsa, häzir iki gutusyna 65 manat alýarlar, bu baha goşulyp satylýan 0.5 litrlik çüýşeli suw girýär” diýip, Azatlygyň habarçysy 24 ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her iki aýlyk arakesmeden soň gysga wagtlyk satylýan çilimiň bahasy 2018-njy ýylyň dowamynda üç gezek üýtgedi.

Degişli maglumat Aşgabatda çilim satuwa çykaryldy, çilimiň üstünde dawa turdy

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýurduň bazarlarynda goşa nyrhlaryň ulanylmagy hem dowam etdirilýär, ýagny harytlaryň gapdalynda görkezilýän nyrhlar hakyky bahalardan esli tapawutlanýar.

“Bazarlarda hususy söwdegärleriň ählisinde möhürli nyrhlar bar. Emma başga bahadan satýarlar. Meselem alma, bahasy 6 manat diýlip görkezilýär, emma 15 manatdan satýarlar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Üstesine, ýurtda azyk we hojalyk önümleriniň bahalary ýokarlanýar we ýurtda öndürilýän pagta ýagynyň nobatlary kesilmeýär.

"Adamlar her gün daňdan dükanynyň howlusyna barýarlar. Bir tarada çilimiň satylmagyna garaşýanlar duran bolsalar, beýleki tarapda ýene bir nobat "Ahal" ýagynyň satylmagyna garaşyp durandyr" diýip, habarçymyz 15-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanda pagta ýagynyň gytçylygy 2017-nji ýylyň güýzünde döredi. 2018-nji ýylyň dowamynda “Ahal” atly pagta ýagynyň söwdasy ençeme gezek kesildi, satylan wagtynda uly nobatlar döredi, ýag ilata çäkli san bilen satyldy, käbir halatlarda pagta ýagynyň gapdalynda hökmany suratda harytlaryň başga görnüşleri, esasan geçmeýän önümler goşulyp satyldy.

Aşgabatda "Ahal" ýagy gaýtadan satuwa çykaryldy