Türkiýede ýiten türkmen talyby öli tapyldy

Stambul.

Türkiýede mundan bir hepde töweregi ozal ýitirim bolan türkmenistanly talyp öli tapyldy.

Stambulyň Tehniki uniwersitetiniň talyby 20 ýaşly Ýunus Hojaýew 13-nji ýanwarda Samsun welaýatynyň Wezirköpri etrabyndaky Şahinkaýa kanýonyna gezelenje gidenden soň, ondan hiç hili habar-hatyr bolmaýar.

Wakadan üç gün geçenden soň, Türkiýäniň žandarma we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri Hojaýewiň diken çadyryny, lybaslaryny we el goşlaryny Şahinkaýa kanýonynyň gaýalarynyň biriniň töwereginde tapýarlar.

Mundan biraz soň, gaýanyň 150-200 metr aşak eňňidinde Hojaýewiň jansyz bedeni hem tapyldy. Emma, sebitdäki relýefiň özboluşly gurluşy sebäpli, halas ediş toparyny aşak indirip we Hojaýewiň jesedini bata-bat ýokary galdyryp bolmady.

Degişli maglumat Mahsun Kyrmyzygülüň ejesiniň öýünde ogurlyk etmekde aýyplanýan türkmenistanlylar saklandy

Netijede, halas ediş topary bäş sany ýörite berkitmeden ybarat gurluşy dikip, gaýalaryň arasy bilen aşaklygyna inmegi başarýar we Hojaýewiň jesedini ýokary çykarýar. Bu hadysa barada maglumatlary çap eden türk metbugaty halas edijileriň agyr şertlerde işlemeli bolandygyny we olaryň janyna hem howp abandygyny belläp geçýär.

Munuň yzy bilen, Hojaýewiň jesedi Wezirköpri döwlet keselhanasynyň morguna eltilýär. Soňra, sülçi otopsiýa, ýagny jesedi kesip barlaglary geçirmek üçin, Hojaýewiň bedenini Samsunyň sud medisina bölümine ýollamagy tabşyrýar.

Ähli degişli barlaglar geçirilenden soň, geçen hepdäniň aýagynda Hojaýewiň jesedi onuň ejesine gowşurylýar we soňy bilen Türkmenistana ýollanýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýede köp sanly türkmen talyplarynyň okamagy bilen birlikde, ol iş gözleginde daşary ýurtlara çykýan türkmenistanlylaryň esasy saýlap alýan ýurdy hem bolmagyna galýar. Şol bir wagtda, Türkiýäniň habar serişdelerinde türkmenistanlylar bilen baglylykdaky dürli, şol sanda jenaýat habarlary hem ýygy-ýygydan peýda bolýar. Emma, bular barada türkmen mediasynda hiç hili maglumatlar berilmeýär.