Resmi Aşgabat garaşylýan güýçli ýeli asuda ilatdan ýaşyryp, daşary ýurt wekilhanalaryna habar berdi

Illýustrasiýa suraty. Daşoguzda turan duzly tupan. Arhiwden alnan surat.

Resmi Aşgabat ýetip gelýän güýçli ýel hadysasy barada ýurduň ilatyny media serişdeleri arkaly habarly etmedi.

Ýöne 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrligi ýurtda akreditasiýa edilen halkara guramalara we daşary ýurt wekilhanalaryna Aşgabatda turjak howa hadysasy barada öňünden habar berdi. Şeýle-de Berkarar söwda merkeziniň administrasiýasy güýçli ýel hadysasy barada öz işgärlerini bir gün öňünden habarly etdi. Bulary tassyklaýan resmi hatlaryň nusgalary 17-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy.

Düýn habar berlişi ýaly, Aşgabatda 18-nji ýanwarda güýçli ýel hadysasyna garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary güýçli şemal barada häkimiýetleriň döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara duýduryş berendigini 17-nji ýanwarda habar berdi.

Döwletiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri garaşylýan howa hadysasy barada ýurt raýatlaryny habarly etmedi. Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti hem güýçli şemal barada öňünden ilata duýduryş ýaýratmady.

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýurtdaky diplomatik missiýalara we halkara guramalaryň Aşgabatdaky edaralaryna ugradan hatynda 18-nji ýanwarda Aşgabatda güýçli ýel turjakdygy öňünden habar berildi.

DIM-iň duýduryş haty Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetine esaslanýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň paýtagtyna güýçli şemal golaýlaýar

Azatlyk Radiosy 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrligine jaň edip howa hadysasy barada daşary ýurt wekilhanalaryň öňünden habarly edilmegi, ýöne ýurt raýatlaryna habar berilmezligi bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň jogapkär işgäri şeýle howa hadysalarynyň adatydygyny aýdyp, olaryň Ýewropada-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da, Türkmenistanyň goňşularynda-da bolup durýandygy aýtdy. Onuň sözlerine görä, güýçli ýel Kaliforniýada-da turýar.

Azatlyk Radiosy telefon söhbetdeşliginde özge ýurtlarda şeýle hadysa ýüze çykanda häkimiýetleriň asuda raýaty habarly edýändigini agzady.

Galyberse-de, Azatlyk eger şeýle howa hadysalary adaty bolsa, näme üçin hökümetiň Aşgabatdaky daşary ýurt wekilhanalaryny habarly edip, öz ilatyny habarly etmeýändigi bilen gyzyklandy. DIM-iň resmisi bu ýagdaýy “asuda raýaty goramak üçin döwlet strukturalarynyň taýýarlykly çäre görýändigi” bilen düşündirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalaryna iberen hatynyň nusgasy

Ol ilat köpçüliginiň habarlydygyny, sosial mediada güýçli ýel barada maglumatlary paýlaşýanlara özüniň duş gelýändigini öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy aşgabatly resmi bilen telefon söhbetdeşliginde sosial ulgamlardaky maglumatlaryň myş-myş häsiýetlidigini we myş-myşlarda ýönekeý ilatda dowul döretmek potensiýalynyň bolýandygyna ünsi çekdi.

“Biz güýçli ýel baradaky duýduryş hatyny Azatlyk Radiosyna däl, daşary ýurt wekilhanalaryna ugratdyk” diýip, DIM-iň resmisi aýtdy.

Ol ýer planetasynyň dürli künjünde howa hadysalarynyň ýüze çykýandygyny, “bu ýerde ulaldar ýaly zadyň ýokdugyny” aýtdy. Kaliforniýada, Birleşen Ştatlarda, Ýewropa ýurtlarynda turýan howa hadysalaryny mysal görkezdi.

Ýurduň döwlet telewideniýesiniň howa maglumatlaryna görä, Aşgabatda hiç hili adatdan daşary howa hadysasyna garaşylmaýar.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň resmi saýty Aşgabatda howanyň häzirki ýagdaýy barada paýlaşan maglumatynda häzir Aşgabatda demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 11 metre ýetýän şemal öwüsýär. Howanyň temperaturasy +11 gradus. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde temperaturanyň düýn gije -1 gradusa düşendigini habar berdi.

Degişli maglumat Daşoguzda ýene-de duzly tozan döredi

Aşgabadyň “Berkarar” söwda merkeziniň administrasiýasynyň güýçli ýel barada öz işgärlerine ugradan duýduryş hatynda şeýle diýilýär:

“Berkarar-Hyzmat” hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden gelen hata laýyklykda, 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda ýurdumyzyň çäklerinde güýçli ýel hadysasynyň bolmagyna garaşyl[ýar]…”.

Berkarar söwda merkeziniň işgärlerine ugradan hatynyň nusgasy

Güýçli ýel Türkmenistana demirgazyk-günbatardan aralaşýar.

17-nji ýanwarda Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleri Hazar deňzinde beýikligi üç gatly jaýa deň tolkunlaryň boljagyny habar berdi. Transport ministrliginiň Döwlet deňiz agentligi örän howply gidrometeorologiýa ýagdaý bilen baglylykda degişli çäreleri gördi diýip, 17-nji ýanwarda 1news.az neşri habar berdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Kawkazda turan şemalyň Merkezi Aziýa gelip ýetýänçä badynyň gowşajakdygyny çaklady.