“Türkmenistana maýa goýýan kompaniýalaryň çynlakaý syýasy töwekgelçiliklere, şol sanda döwletiň kompaniýalaryň işine gatyşmagyna, olaryň emläklerini ele geçirmegine, korrupsiýa, maýadarlardan hyýanatçylykly peýdalanylmagyna, şeýle-de režimiň tebigatyna mahsus durnuksyzlyk we aç-açanlyk töwekgelçiliklerine duçar bolýandyklary aýdylýar” diýip, neşir ýazýar.
Maglumatda Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlara hödürleýän biznes atmosferasynyň durnuksyzlygyna we howpuna mysallar arkaly üns çekilýär.
Makalada aýdylmagyna görä, türkmen režimi maýadarlardan hyýanatçylykly peýdalanmakda we olara şertnamada görkezilen tölegleri geçirmezlikde aýyplanýar.
Onda 2018-nji ýylyň aýagynda Arbitraž dawalaryna seredýän halkara merkezde Türkmenistanyň garşysyna gozgalan işleriň hataryna goşulan soňky iki şikaýat barada maglumat berilýär.
Türkmen hökümetiniň garşysyna 2009-njy ýylda gozgalan işlerden 5-siniň netijelerine garaşylýar.
The Global Arbitration Review, ýagny Global Arbitraža syn neşiri Türkmenistanyň garşysyna gozgalan işleriň sermaýaçylaryň alan taslamalaryna döwletiň gatyşygy we olara şertnamada görkezilen tölegleriň tölenmezligi bilen baglydygy bellenýär.
Türkiýede, Türkmenistanda we Russiýada iş alyp barýan türk gurluşyk kompaniýasy “Seçe Group” özüniň Türkmenistanda onlarça taslamanyň, şol sanda hökümetiň edara-binalaryň gurluşygyny tamamlandygyny aýdýar. Bu kompaniýanyň Türkmenistana garşy halkara kazyýetde gozgan işi 2000-nji ýyllarda ýaşaýyş jaý toplumlaryň gurluşygy boýunça alan şertnamalary bilen bagly.
Degişli maglumat Nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän Türkmenistanda daşary ýurtly firmalar kösenýärUnionmatex Industrieanlagen kompaniýasy Türkmenistanda 2005-nji we 2008-nji ýyllarda jemi bahasy 144 million dollarlyk desgalaryň gurluşygy boýunça şertnama baglaşýar, ýöne firma Arbitraž dawalaryna seredýän halkara merkezde Türkmenistanyň bu iki taslama bilen bagly bergilerini özlerine tölemändigini aýdýar.
Arbitražda Türkmenistanyň garşysyna hasaba alnan iň köne iş Adem Doganyň 1999-njy ýylda Aşgabadyň eteginde guran nemes eýeçiligindäki towuk fermasy bilen bagly.
Doganyň firmasynyň üstünlikli öndüren ýumurtgalary Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň gaharyny getirýär. Ol onuň girdejileriniň 50 prosentine şärik bolmagy soraýar. Aşgabat haýbat atyp, fermany ele geçirýär.
Neşirde mysal görkezilýän daşary ýurtly firmalaryň hatarynda argentinaly Bridas firmasy hem bar. Türkmen hökümeti “Bridasyň” Türkmenistandan ýangyç eksport etmek boýunça alyp barýan işlerini togtadansoň, firma Halkara söwda palatasynyň Arbitraž suduna arz edýär. Kazyýet işiniň netijesinde Arbitraž sudy firmanyň çeken zyýanynyň öwezini dolmak üçin Türkmenistanyň “Bridasa” 500 million dollar möçberinde töleg tölemeli edýär. Muňa jogap edip, Türkmenbaşy argentin firmasynyň Aşgabatdaky edara jaýyny döwlete geçirýär.
Degişli maglumat Korrupsiýa garşy göreşmeýän “Anti-korrupsiýa” kampaniýalaryNeşir ENI atly italiýan kompaniýasynyň Türkmenistanda duçar bolan eden-etdiligi barada-da maglumat berýär. ENI kompaniýasynyň Türkmenistandan satyn alan paýnamalary ony kynçylyklara duçar edýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistandaky korrupsiýany “giň ýaýran” diýip düşündirýär. Forbes neşiriniň korrupsiýa sanawynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen altynjy döwlet hökmünde sanawa goşulýar.
Türkmenistan bilen aradaky iş dawalaryny Halkara kazyýete şikaýat eden kompaniýalaryň hataryna Russiýanyň “MTS” aragatnaşyk kompaniýasy hem goşuldy.
International Digest Türkmen hökümetiniň ýurda daşary ýurtly maýadarlary çekmäge “jan-ten bilen” synanyşýandygyny aýdýar. Onda aýdylmagyna görä Türkmenistan Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky “Bir guşak – Bir ýol” başlangyçlaryna-da şu maksatlar bilen gatnaşýar. Günbatar kompaniýalary ýurtda esasan nebitgaz pudagynda iş alyp barýar.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty türkmen hökümetiniň garşysyna gozgalýan arbitraž dawalary barada habar bermeýär.