Gümrükçiler 50 müň towukdan 11 mln ýumurtga aldy, serhetçiler goýun bakýar, prezidente taýçanak sowgat berildi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Prezident özüne sowgat berlen taýçanaga “Rowaç” diýip at dakdy

Türkmenistanda ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işlere harbylaryň, şol sanda ýaş esgerleriň hem uly goşant goşýandygy habar berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maldarçylyk, itçilik we bagbançylyk ugrundan alyp barýan işleri bilen tanşyp, hususan-da sygyrlara ideg edilişinden "kanagatlandy".

Şeýle-de prezident esgerleriň öndüren azyk we beýleki önümleriniň sergisini synlady, 2019-njy ýylyň başynda doglan we özüne sowgat berlen taýçanaga “Rowaç” diýip at dakdy.

Döwlet baştutanynyň bu sapary ýurtda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň fonunda täze guruljak şäher desgalarynyň, şol sanda gül bazarynyň taslamalary bilen tanşan gününiň yz ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, IIM-niň maldarçylyk toplumynda gara mallaryň 360-a golaýy idedilýär. Döwlet gümrük gullugyna degişli kömekçi hojalykda 50 müň towuk saklanýar, olar geçenýylyň dowamynda 11 milliondan gowrak ýumurtga aldylar.

Döwlet serhet gullugynyň kömekçi hojalyklaryna berlen 1500 gektar meýdanda 100 müňden gowrak bag nahalyna ideg edilýär, gara mallaryň 600-e, dowarlaryň 10 müňe golaýy idedilýär.

Degişli maglumat Türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi aşgazan keselli esgerleriň köpelmegine getirýär

“Bu ýerde et we süýt önümleri milli usulda gaýtadan işlenilýär” diýip, TDH ýazýar. Mundan başga, esgerler Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilýän tebigy usullar esasynda dermanlyk serişdeleri taýýarlaýar, daglyk ýerlerden pisse we hoz ýygýar.

Resmi maglumata görä, harby we hukuk guramalarynyň kömekçi hojalyklarynda öndürilýän önümler esgerleri azyk bilen üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär.

Azatlygyň habarçylarynyň ýurt içinden berýän maglumatlaryna görä, türkmen esgerleri soňky iki ýylda azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we bu ýagdaý esger enelerini gezekli-gezegine ýa hakyna adam tutup, ogullarynyň yzyndan azyk ýetişdirmäge mejbur etdi.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlara göni reaksiýa bildirmediler, şol bir wagtda-da türkmen telewideniýesi prezidentiň harby berkitmelere amala aşyran saparlary bilen baglylykda, esgerler üçin döwrebap aşhanalaryň gurlandygyny görkezdi.

9-njy ýanwarda prezidente görkezilen sergide, mediada tassyklanmagyna görä, “Azyk önümleri — et we et önümleri, süýt önümleri esasy orun eýeleýär”.

Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda, beýleki harytlar bilen bir hatarda, azyk önümleriniň önümçiligine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr” diýip, TDH belleýär.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ‘aç esgerlere’ ýene ‘ok atmak ussatlygyny’ görkezdi

Elbetde, kömekçi hojalyklarda önüm öndürmekde esger zähmeti ulanylýarwe prezident ony “halal zähmet terbiýesi” hasaplaýar. Ýöne bu zähmet üçin esgerlere pul tölenýändigi hakynda maglumat ýok. Geçen ýyl ýurt içinden gelen habarlarda esgerleriň pagta ýygymynda mugt ulanylandygy, bu işden diňe komandirleriň we döwletiň nep görendigi aýdyldy.

Türkmen goşuny döredilen ilkinji ýylyndan bäri her hili synaglary başdan geçirýär. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow esgerleriň özlerini eklemegini talap edipdi we bu ýagdaý egin-eşigi tozan, aç-hor esgerleriň ekerançylyk meýdanlarynda, mal yzynda we kişi hojalyklarynda, şol sanda köçede çörek, çilim dilemegine alyp geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende ozaly şu agyr meselä üns berdi we türkmen goşunynyň maddy-tehniki bazasy, şol sanda esgerleriň egin-eşik, aýakgap we azyk üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek çärelerini gördi.

Degişli maglumat Türkmenistanda esger eneleriniň harby bölümlere edýän 'azyk saparlary' köpelýär

Ýöne indi TDH esgerleri önümçilikde ulanmagy “Bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek” hökmünde düşündirýär, munuň “Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň" biridigini nygtaýar.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy düzümlerine azyk öndürilýän önümçilik desgalaryny geljekde hem giňeldip, öndürýän azyk önümleriniň mukdaryny has-da köpeltmek tabşyryldy. Ýöne häzirlikçe olara bu ugurda plan-borçnamalaryň berlip-berilmejegi aýdylmaýar.