3-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Habardan mälim bolşuna görä, mejlis Köpetdagyň eteginde geçirilipdir, ýöne onuň anyk nirede geçirilendigi barada takyk maglumat berilmeýär.
Köpetdagyň etegindäki serhet birikmelerinde türkmen serhetçileri ýurduň Eýran bilen araçäkleşýän serhedine garawullyk edýär.
Habarda ýygnagyň güntertibiniň “Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine”, hem-de harbylaryň “ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösdürilmegine” gönükdirilendigi aýdylsa-da, onuň mazmunynda anyk meselelerden söz açylmaýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, adat bolşy ýaly, geňeşiň sekretary şol sanda milli howpsuzlyk ministri Berdiýew ýurtda “jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak” barada, içeri işer ministri Mulikow köçe-ýol hereketi we ýangyn howpsuzlygy barada, goranmak ministri Gündogadyýew goragy “pugtalandyrmak”, hem-de harbylaryň “hünärini ýokarlandyrmak” barada hasabat berdi.
Prezident Berdimuhamedow Berdiýewe meýilnamalaryň “wagtynda ýerine ýetirilmegini”, harbylaryň “söweşjeň taýýarlygyny”, Mulikowa düzümleriň “sazlaşygyny”, ýangyn howpsuzlygynyň “ähmiýetini”, Gündogdyýewe goşunyň işgärler kuwwatyny “berkitmegi”, hem-de onuň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny “döwrebaplaşdyrmagy” tabşyrypdyr.
Goşunyň maddy-enjamlaýyn binýady barada aýdylanda, dürli onlaýn serişdelerde mälim edilmegine görä, 27-nji senýabrda Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen harby paratda beýleki harby tehnikalar bilen bir hatarda Saud Arabystanyndan satyn alnan sekiz sany “Al Şibl” atly bronlanan harby tehnikanyň görkezilendigi aýdylýar.
Bu harby tehnikanyň Türkmenistandaky anyk sany barada maglumat berilmeýär, ýöne prezident Berdimuhamedow 2016-njy ýylda Saud Arabystanyna sapar edip Riýad bilen birnäçe ugurlary, şol sanda goranyş boýunça hyzmatdaşlygy maslahat edipdi.
“Al Şibl” atly bronlanan harby tehnika hususan-da patrul we rawzedka missiýalarynda ulanylýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Hytaýda, Türkiýede, Italiýada, Ysraýylda we beýleki käbir ýurtlarda öndürilýän harby tehnikalar bilen gyzyklanýandygy habar berilýär.
Döwlet howpsuzlyk geňeşinde gümrük gullugynyň başlygy hem soňky dokuz aýda ýerine ýetirilendigi aýdylýan işler barada hasabat beripdir. Prezident “harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçirmegiň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny” belläpdir.
Soňky bir aýdan gowrak wagt bäri Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Eýran bilen aradaky gümrük serhedinden geçmegine rugsat berilmeýän täjik ýük ulaglary barada yzygiderli habar berdi. Ýük ulag sürüjileriniň aýtmagyna görä, olar hepdeläp türkmen serhedinde garaşmaly boldy. Düýn sişenbe güni şol ulaglaryň geçmegine türkmen tarapynyň rugsat berýändigi barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar gelip gowuşdy.
Howpsuzlyk ýygnagynda Türkmenistanyň Serhet gullugynyň başlygy hem hasabat bilen çykyş edipdir. Prezident türkmen serhetçileriniň “söweşjeň taýýarlygynyň ähmiýetine” ünsi çekipdir.
Ýatladyp geçsek, 2-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy türkmen serhetçileriniň hem-de Guryýer goşunlarynyň harbylarynyň Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna çekilýändigi barada habar berdi.
“Açylanja pagtalar kärendeçileriň özleriniň ýygmagyna zordan ýetýär emma döwlet harbylary sähel açylyp oturan pagta bolsa, göni kärendeçilerden soramazdan esgerleri ýygyma başladýar” diýip, Azatlygyň habarçysy sişenbe güni maglumat berdi. Galyberse-de, ol pagtaçy kärendeçileriň agzalýan esgerleri naharlamaly hem bolýandygyny sözüne goşdy.
Howpsuzlyk ýygnagynda ýurduň beýleki kanun goraýjy edaralarynyň işleri barada-da gürrüň edilipdir.
Maglumat üçin aýdylsa, Global Fire Power merkeziniň “Military Strength Ranking 2018” atly iň soňky hasabatynda Türkmenistan harby goşunyň kuwwaty boýunça dünýäde 139 döwletiň arasynda, 80-nji orunda ýerleşdirilýär.
Azatlyk Radiosynda türkmen goşunynda esgerleriň “açlykdan çekýän jebri”, olaryň duçar bolýan kynçylyklary, ofiserleriň esgerlerden soraýan para-peşgeşi barada we beýleki ýagdaýlar hakyda maglumat çap edildi.