Belarus mediasynda türkmenistanly studentleriň türkmen banklary tarapyndan berlen plastik bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda duçar bolýan kynçylyklary barada habarlaryň peýda bolmagy dowam edýär.
29-njy dekabrda “gomel.today” neşiri soňky döwürde Belarusda okaýan türkmenistanly studentleriň toparlanyşyp, Gomel şäherindäki gipermarketleriň we beýleki söwda nokatlarynyň kassasynyň golaýynda jemlenýändigi hem-de müşderilere öz plastik bank kartlary bilen hasaplaşmagy we bu tölegi özlerine nagt pul görnüşinde bermegi teklip edýändigi barada habar çap etdi.
“Golaýda “Ýewroopt” gipermarketindäki kassanyň öňünde nobata duran bir müşderiniň, ýagny makalanyň awtorynyň ýanyna merkezi aziýaly bir oglan gelip, garaşylmadyk bir zady haýyş edýär – öz plastik bank karty bilen tölemegi we şol puly nagt görnüşinde özüne bermegi soraýar. Kassada duran müşderi munuň sebäplerine anyk düşünmese-de, kart bilen tölemäge razy bolýar” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Degişli maglumat Belarus radiosy: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy türkmen studentlerine kömek etmeýärÝöne bu ýagdaý bilen kassada oturan işgär ylalaşmaýar we ol gazaply ses bilen türkmen studentinden kassadan daşlaşmagy soraýar. Şonda makalanyň awtory kassa işgärinden munuň nämäni aňladýandygyny soraýar.
“Kassa işgäri türkmen studentleriniň kartlaryndan tölegleriň birnäçe wagt soň geçýändigini aýdyp, “munuň bilen bulaşyp oturmak nämä gerek?” diýýär. Ýöne ol türkmen studentleriniň näme sebäpden şeýle haýyş bilen ýüzlenýändigini bilmeýär. Kassa işgäri türkmen studentleriniň “Ýewroopt” gipermarketiniň kassalaryndan bankomatlar hökmünde peýdalanýandygyny aýtdy” diýlip, makalada bellenilýär.
Şondan birnäçe gün soňra makalanyň awtory “Ýewroopt” gipermarketiniň kassalaryna synlaýar we ol bu ýerdäki nobatlaryň deňinde türkmen studentleriniň toparlanyşyp durandygyny uzakdan hem görse bolýandygyny aýdýar.
Galyberse-de, habarda türkmen studentleriniň gyş üçin niýetlenen ýörite egin-eşikleriniň hem ýokdugy, olaryň juda ýeňil geýinendigi hem nygtalýar.
“Men türkmen studentleriniň birinden näme sebäpden plastik kartlaryndaky puly bankomatlardan däl-de, bu ýerden nagtlaşdyrýandygyny soradym. Ol maňa: “Türkmenistan tarapyndan girizilen düzgüne laýyklykda, biz kartymyzdaky puluň belli bir bölegini diňe nagt däl hasaplaşyklar üçin peýdalanyp bilýäris” diýdi. Studentler plastik bank kartlaryndan günde 30-100 rubl aralygyndaky pul serişdesini nagt däl amallar arkaly sarp edip bilýärler” diýlip, habarda aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen studentleriniň alkogolly içgileri satyn alýan müşderileriň kömeginden sypaýyçylyk bilen ýüz öwürýändigi, olaryň öz bank kartlary bilen bu tölegleri amala aşyrmak islemeýändigi hem bellenilýär.
Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda duçar bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosy we garaşsyz habar serişdeleri yzygiderli habar berýär.
6-njy dekabrda Belarusyň “Euroradio.fm” radiosy Minskiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini tölemekde başdan geçirýän kynçylyklary we olara Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň kömek etmeýändigi barada ýörite gepleşik taýýarlady.
Degişli maglumat Türkmen studentleri: Kartlarymyzdan iki hepde bäri pul alyp bolmaýarAzatlyk Radiosyna 13-nji dekabrda gelip gowşan hatda bolsa, Türkiýede okaýan türkmen studentleriniň ençemesi öz bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýändigi we özleriniň munuň bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklary barada habar berdi.
Galyberse-de, 21-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri türkmen banklarynyň “Western Union” arkaly daşary ýurtlara pul iberjek müşderileriň günde diňe 20 sanysyny kabul edip başlandygyny gürrüň berdi.
10-njy dekabrda Lebap welaýatyndan habarlaşan ýaşaýjy Türkmenabat şäheriniň banklarynyň gapylarynda “Western Union” boýunça daşary ýurtlardaky talyplara pul ugratmak üçin nobatlara diňe telefon arkaly ýazylyp bolýandygy barada bildirişiň peýda bolandygyny, ýöne bildirişde görkezilen telefon belgilerine hiç kimiň jogap bermeýändigini habar berdi.
Häzirki wagt Türkmenistanyň plastik bank kartlary we “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy türkmen studentleri üçin resmi kurs arkaly manady dollara çalyşmagyň ýeke täk usullarynyň biri bolup galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.