23-nji dekabrda türkmen hökümetine ýakyn habarlary çap edýän “Media Türkmen” habar agentliginiň orient.tm saýty Türkmenistanda täze peýda bolan “Biz bärde” atly sosial tor barada habar berdi.
Türkmenistanda peýda bolan täze sosial tor baradaky maglumatlar käbir onlaýn halkara neşirleriň ünsüni çekdi.
“Orientiň” maglumatlaryna görä, täze sosial toruň tanyşdyrylyş dabarasyny “Sungat eseri” atly döredijilik merkezi gurady. Dabara Aşgabadyň “Türkmenistan” konsert zalynda geçirildi.
Halkara neşirlerde agzalýan döredijilik merkeziniň müdiri diýilýän Eziz Beknazarowyň täze tor barada aýdan sözleri getirildi.
Fransiýanyň döwlet eýeçiligindäki AFP habar agentligi Türkmenistanyň döwlete degişli “Ýaşlyk” telekanalyna salgylanyp, täze tor barada 24-nji dekabrda habar berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Maglulmatda aýdylmagyna görä, hünärmenlerden we programmaçylardan düzülen topar bu taslamanyň üstünde bir ýarym ýyl işledi. “Ilkinji türkmen messenjeri döredildi” diýip, Beknazarowyň sözleri AFP-de getirildi.
Degişli maglumat Meşhur sosial media saýtlaryny petikli saklaýan Türkmenistan özüniň ýerli sosial toruny işe girizdiAndroid platformada toruň ykjam tilsimini 5 müňden gowrak adam indiripdir. Şeýle-de, “Media Türkmen” agentligi 3 müňe golaý ulanyjynyň täze saýty yzygiderli ulanýandygyny habar berýär.
Bu sosial ulgamyň üsti bilen ulanyjylar öz aralarynda hat alşyp, birek-birege faýl ugradyp bilýärler, şeýle-de köpçülige açyk post döredip, olara surat wideo ýa-da beýleki faýllary berkidip bilýärler. Saýtda onlaýn aluw-satuw bilen meşgullanmaga-da mümkinçilik döredilýär.
Sosial toruň Düzgünnamasynda, oňa agza bolmaga isleg bildirýän ulanyjynyň azyndan 13 ýaşyny dolduran bolmagy talap edilýär. Şeýle-de, ulanyjy öz hasabyndan paýlaşan maglumatlaryna degişli jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
Beýleki tarapdan, Türkmenistan dünýä belli sosial saýtlary, şol sanda Facebook, Twitter, Odnoklassniki we şuňa meňzeş ulgamlary köpýyllyklaryň dowamynda petikli saklaýar.
Türkmenistanyň çäginde garaşsyz habar serişdeleriniň saýtlaryna, şol sanda Azatlyk Radiosynyň web sahypalaryna VPN ulanmazdan girip bolmaýar.
Internet ulgamy bilen baglylykda, standartlaşdyrmak boýunça halkara gurama (ISO 3166-2) Türkmenistana “.tm” domenini berdi. Bu domen Türkmenistanda birinji derejeli milli domen hökmünde tassyklanýar. Türkmenistanyň Internet kanunçylygynda ady birinji derejeli milli domeniň (“.tm”) adyny we öz adyny öz içine alýan domen ikinji derejeli milli domen hökmünde ykrar edilýär. Täze döredilen sosial toruň domeni, ýagny ady hem “.com.tm” bilen gutarýar.
Internet maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, täze döredilen sosial saýta Türkmenistanyň “Türkmen Telekom” aragatnaşyk kompaniýasy hosting hyzmatyny hödürleýär. Bu kompaniýa ýurduň tutuş Internet üpjünçiligini amala aşyrýar hem-de ol häzirki wagtda ýurt içinde hosting hyzmatyny hödürleýän ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.
Türkmenistanda döredilen täze sosial tor baradaky habarlar, AFP agentliginiň degişli maglumatyndan soň iňlis dilinde habarlary çap edýän saýtlarda, galyberse-de azerbaýjan, rus we beýleki dillerde habarlary çap edýän sahypalarda giňden ýaýrady.
Hatda Hindistanyň News18 telekanalynyň websaýty Türkmenistanda döredilen täze sosial tor barada wideo habar taýýarlady. Gysgaça, täze sosial tor “uly tutum” edildi.
Täze saýt barada habar beren halkara metbugat serişdeleriniň tas ählisi diýen ýaly Türkmenistanda beýleki meşhur sosial ulgamlaryň petikli saklanýandygyna ünsi çekdi.
Köne däpler - petikli saýtlar we ýaşlar
Ýurtda garaşsyz habar serişdeleriň, şeýle-de sosial ulgamlaryň websahypalaryna bilen bir hatarda habarlaşmak üçin ulanylýan WhatsApp, Viber, Telegram ýaly tilsimler hem ýapyklygynda galýar.
Ýöne muňa garamazdan, ýurtdan gelip gowuşýan habarlarda ýerli ýaşaýjylayň, hususan-da ýaşlaryň VPN tilsimlerinden peýdalanmak arkaly sosial saýtlara girmäge ýykgyn edýändikleri nygtalýar.
Eýsem, türkmen internet ulanyjylary sosial media sahypalaryny haýsy maksatlar üçin ulanýarlar.
Häzirki wagtda Türkiýede bilim alýan türkmenistanly Azat (ady üýtgedilen – red.) türkmen ýaşlarynyň hatarynda sosial medianyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ol howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna 27-nji dekabrda telefon arkaly beren interwýusynda özi ýaly studentleriň sosial mediadan nähili peýdalanýandyklary barada gürrüň berdi. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azadyň öz sesini efire bermän, onuň pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar.
“...Hem Türkmenistandaky maşgala agzalary bilen habarlaşmak üçin, hem dost-ýarlary bilen habarlaşmak üçin, hem-de türkmençe çap edilýän käbir sahypalary yzarlamak üçin, habarlary ýa-da suratlary görmek üçin dürli sosial media sahypalary ulanylýar. Olaryň arasynda Türkmenistan bilen habarlaşmak üçin IMO programmasy ulanylýar. Ýöne daşary ýurtda türkmenleriň öz arasynda Instagram, Facebook, Vkontakte we Odnoklassniki ýaly sahypalar giňden ulanylýar. Ondna başga-da ulanylýan programmalar bar, ýöne şu programmalar has-da agdyklyk edýär” diýip, Azat aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary IMO tilsiminiň ýurtda giňden ulanylýandygyny habar berýärler. Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmenistanly Azat Türkmenistanda beýleki messenjerleriň petikli saklanýandygyna ünsi çekdi.
“Sebäbi, Türkmenistan bilen habarlaşmak üçin ilki bilen Türkmenistanda IMO-dan başga programmalaryň aglabasy bloklanan ýa-da bloklanmadyk hem bolsa, wagtal-wagtal bloklanyp durýan programmalar bolandyklary üçin IMO edil häzir esasy habarlaşylýan programma” diýip, ol aýtdy.
Türkmenistanda mundan birnäçe ýyl ozal WeChat we Line ýaly tilsimler adamlaryň arasynda meşhurlyk gazanypdy. Azat bu ýagdaýa ünsi çekip şeýle diýdi:
“Türkmenistan bilen habarlaşylýan programmalar wagtal-wagtal üýtgäp durýar. Meselem, mundan 2-3 ýyl ozal Line arkaly habarlaşylýardy, ondan birnäçe ýyl ozal WeChat bilen habarlaşylýardy. Olar ýekän-ýekän bloklanýandyklary sebäpli adamlar täze programmalara geçmäge mejbur bolýarlar” diýip, ol belledi.
Degişli maglumat Internetiň tizligi boýunça geçirilen barlagda Türkmenistan dünýäde yzky orunlary eýelediEýsem, Türkmenistanda sosial media ulgamlary näme sebäpden petiklenýär? Azadyň ynanjyna görä, Türkmenistanda häkimiýetler dünýä arenasynda bolup geçýän wakalardan halky üzňe saklamak üçin hem-de ýurt içinde bolup geçýän wakalary dünýä jemgyýetçiligine eşitdirmezlik üçin şeýle çäreleri görýär.
“Diňe meniň pikirim däl, ýaşlaryň arasyndaky umumy pikirlere görä, Türkmenistandaky adamlaryň daşary ýurtlaryň habar çeşmelerini okamaklaryna böwet bolmak üçin edilýän zatlar diýip pikir edilýär” diýip, Azat aýtdy.
Ol özi ýaly daşary ýurtlarda okaýan ençeme studentiň garaýyşlaryny getirip, türkmen ýaşlarynyň sosial media ulgamlaryny haýsy maksatlar üçin ulanýandyklaryny ýene-de bir gezek nygtady.
“Hem dünýäde nämeler bolup geçýändigi hakynda hem-de Türkmenistandaky wakalar hakynda habar almak üçin ulanylýar” diýip, Azat aýtdy.
Resmiler Internet ulanyjylarynyň sanynyň artýandygyny aýdýar
Ýöne Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Azat bilen ylalaşmaýar. Ol şu ýylyň 7-nji maýynda Ženewada eden çykyşynda Türkmenistanda Internetiň çäklendirilmeýändigini öňe sürdi. 7-nji maýda Hajyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Ženewada BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy döwürleýin syny boýunça hasabat bilen çykyş edipdi.
Ol 2018-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdireniňde Türkmenistanda Internet ulanyjylarynyň sanynyň 24 % ýokarlanandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol ýurtda sosial media ulgamlaryndan peýdalanýanlaryň sanynyň soňky iki ýylyň içinde 108 % ýokarlanandygyny belledi.
Degişli maglumat Hajyýew: Türkmenistanda Internet erkin; mobil interneti 4.4 million, Facebook-y 25 müň adam ulanýar“Türkmenistanda 25.000 müňden gowrak adam Facebook ulgamyndan işjeň peýdalanýar” diýip, Hajyýew belledi.
Ol Türkmenistanda Facebook sosial ulgamyndan peýdalanýanlaryň 24 % her gün feýsbuga girýändigini öňe sürdi.
Facebook Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar.
Owgan türkmenleriň sosial media çemeleşişi
“Dünýä Türkmenleri” gepleşigi Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň sosial media ulgamlaryndaky işjeňligi bilen hem gyzyklandy. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady 27-nji dekabrda bu barada giňişleýin maglumat berdi:
“Umuman Owganystanda, şol sanda owgan türkmenleri hem sosial mediadan peýdalanýarlar. Hususan-da feýsbuk ulgamyndan köp peýdalanylýar. Türkmenleriň arasynda şol ýörgünli” diýip, Myrady aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen Internet ulanyjylary esasan arap elpibiýinde türkmençe ýazyp sosial mediada maglumat paýlaşýarlar. Bu ýagdaý käbir zerurlyklary ýüze çykarýar.
“Türkmenler sosial mediada, elbetde, köplenç türkmen dilinde ýazýarlar. Türkmençe ýazmak üçin arap harpynda türkmen elipbiýi gerek. Şol owgan türkmenleriniň arasynda arap harpynda türkmen elpibiýi henize çenli ýok” diýip, Myrady belledi.
Onuň bellemegine görä, adamlar birek-birek bilen aragatnaşyk saklamak üçin, birek-birege möhüm habarlary gyzgyny bilen ýetirmek üçin sosial medianyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar.
“Birek-birek bilen habarlaşmak üçin, hatda ölüm-ýitim bolsa şony sosial media arkaly habar berip başladylar häzir. Başga-da sosial media arkaly habarlar ýetirilýär. Hatda ýönekeý adamlar hem habarçy diýen ýaly boldy, habarlary derrew jaýyndan ýazyp, feýsbukda goýýarlar. Feýsbukda-da derrew ony hemmeler görýär, türkmen dilinde öz pikirini ýazýär, syn ýazýar” diýip, Myrady aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy owgan türkmenleriniň arasynda sosial media ulanyjylarynyň demografiýasyna ünsi çekip, käbir çaklamalara görä, olardan esasan ýaşlaryň has aktiw peýdalanýandygyny nygtady.
Ol Owganystanda häkimiýetleriň Interneti çäklendirmeýändigine ünsi çekip şeýle diýdi:
“Owganystanda media azatlygy we söz erkinligi bar. Sosial media ulgamlary hem petiklenmeýär ýa-da çäklendirilmeýär. Ýazybermeli. Kim näme ýazsa ýazyp dur, hatda prezidenti hem sosial media arkaly tankyt edip bilýärler, beýleki döwlet ýolbaşçylaryny tankyt edýärler. Bular bilen bagly Owganystanda pesgelçilik ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy aýtdy.
Ol owgan türkmenleriniň sosial mediadaky guramaçylygy barada gürrüň berdi, sosial media ulgamlarynda owgan türkmenleriniň ýöredýän meşhur toparlarynyň atlaryny aýtdy.
“Sosial media häzir durmuşa doly girdi diýsek ýalňyş bolmaz” diýip, Myrady belledi.
Dünýäde Twitter, Facebook ýaly saýtlaryň hyzmatlaryndan syýasatçylar hem peýdalanýarlar. Şamerdanguly Myrady owgan türkmenleriniň arasynda parlamente dalaş edýän kandidatlaryň hem sosial mediadan kampaniýa alyp barýandygyny belledi.
“Mysal üçin geçen parlament saýawlarynda öz kandidaturasyny hödürlänler öz kampaniýalaryny köplenç sosial media arkaly alyp bardylar. Indi sosial media köp uly rol oýnaýar, şonuň üçin syýasatçylar [mundan peýdalanýarlar]. Şeýle-de türkmenleriň şuralary, meselem, türkmenleriň “Raýdaşlyk geňeşi” bar, şol raýdaşlyk geňeşiniň hem özüniň aýratyn sosial media sahypasy bar. Şol sahypa arkaly, meselem, duşuşyklar bolýar, şol duşuşyklary sosial media arkaly ýazýarlar. Syýasatçylar hem öz pikirlerini, öz gürrüňlerini sosial media arkaly köplenç ýaýradýar” diýip, Myrady Kabuldan habar berdi.
"Twiplomatiýa"
Şu ýylyň iýul aýynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Berson-Marstellar” halk bilen gatnaşyklar kompaniýasy “Twiplomatiýa” atly sosial media barlaglarynyň netjiesini çap etdi.
Onda aýdylmagyna göra, Birleşen Milletler Guramasyna agza 193 ýurduň özüniň resmi Twitter hasaby bar. Ýöne alty ýurduň, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi Twitter hasaby ýok.
Barlagda Twitter ulgamynda resmi hasaplar arkaly digital diplomatiýada işjeňlik gazanan döwlet adamlarynyň, syýasatçylaryň, hökümetleriň we halkara guramalaryň resmi hasaplary seljerilýär; olara sosial platformada eýerýänleriň sanlary deňeşdirilýär.
Onuň netijelerine görä, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 52 million töweregi yzarlaýjysy bilen dünýäde Twitterde iň köp adamyň yzarlaýan resmi hasabyny ýöredýär. Trampdan soň rim papasynyň Twitterdäki hasaby iň köp yzarlaýjy çekýär.
Türkmenistanda döwlet emeldarlary ýa-da hökümet resmileri sosial mediada resmi hasaplar arkaly çykyş etmeýärler.
"Täze döwrüň köne endikleri"
27-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow aradan çykyp, täze prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä girişenden soň, Internetiň örisiniň öňkä garanyňda giňändigini aýtdy.
“Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, täze döwlet baştutanynyň iş başyna gelmegi bilen Internet babatynda ýurtda özgermeler boldy” diýip, Bugaýew belledi.
Onuň sözlerine görä, 2008 – 2009-njy ýyllardan başlap, hojalyklara Internet çekmäge rugsat berilýär, ýöne çekilýän internetiň tizligi örän pesdi.
Soňky ýyllarda ýurt içinde ilata hödürlenýän internetiň tizligi ýokarlandy, ýöne munuň bilen bir hatarda, onuň tölegi hem gymmatlady. Bugaýewiň sözlerine görä, ýokary tizlikli Internetden barlykly hojalyklaryň ýa-da firmalaryň peýdalanmaga mümkinçiligi bar.
Ýöne paýtagtly gürrüňdeşimiz Internetiň üpjünçiligindäki özgerişlere garamazdan, onuň örisiniň çäklendirilýändigini aýratyn nygtady.
“Internet babatda kanun kabul edilen-de bolsa, kanunda ýazylan zatlar dünýä standartlaryna bap gelýän zatlar-da bolsa, Türkmenistanda Internet ulanmak mümkinçiligi çäkli. Sebäbi belli-belli saýtlar, ylaýta-da Türkmenistan babatynda hakykaty berýän saýtlar ýapyk dur” diýip, Bugaýew aýtdy.
Ol Internetiň çäklendirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň berip şeýle diýdi:
“Ýurduň öz içinde bolup geçýän hakykatyň ýurduň daşyna çykmagyndan hem-de ýurduň daşynda Türkmenistan hakynda aýdylýan pikirleriň ýurt raýatlaryna gelip ýetmeginden çekinilýär. Muňa bir sözlem bilen şeýle jogap bermek mümkin” diýip, Bugaýew sözüni jemledi.