Aşgabadyň hususy dükanlarynda iň pes hilli çilimiň bir gutusynyň bahasy häzirki wagtda 70 manada çenli gymmatlady. Onuň iň ýokary hilli hasaplanýanlarynyň bahasy 150 manada baryp ýetdi.
“Ýarym aýdan gowrak wagt bäri döwlet dükanlarynda çilim satuwdan aýryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Türkmenistanda häkimiýetleriň temmäki önümlerine garşy girizýän täze çäklendirmeleri, 8-nji dekabrda döwlet derejesinde geçirilen ýasama temmäki önümlerini peçde ýakmak çäreleriniň yzýanyna gabat gelýär.
Döwlet mediasynyň habar bermegine görä, 8-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we kanun goraýçy edaralarynyň işgärleriniň we beýlekileriň gatnaşmagynda ele salnan neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we ýasama temmäki önümleri ýakylypdy.
Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 23-nji dekabrda çilimiň bahasynda dörän ýagdaýlary anyklamak üçin paýtagtda ýerleşýän azyndan 10 dükana aýlandy. Onuň maglumatlaryna görä, çilim paýtagtyň merkezine golaý ýerleşýän hususy dükanlarda ýaşryn, merkezden daşda bolsa aç-açan satylýar.
“Hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilim söwdasy barha gülläp ösýär. Olar juda bir gizlin hem satjak bolup duranoklar, tas aç-açan diýen ýaly satýarlar. Käbir dükanlar umuman aç-açan satýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda hususy dükanlarda 70 manatdan bahalanýan çilimler ozallar döwlet dükanlarynda 30 manatdan satylýardy.
Degişli maglumat 'Arzyly çilim' ýene satuwa çykdy, emma ýene gymmatladyAzatlygyň habarçysy Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginde bir jogapkär işgäriň 5-nji ýanwara çenli Türkmenistana çilimiň getirilmejekdigini aýdandygyny sözlerine goşdy.
Türkmenistanyň prezidenti 2016-njy ýylyň 18-nji martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda” karara gol çekdi.
Bu karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi. Şeýle-de, prezidentiň gol çeken degişli karary temmäki önümleriniň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge-de diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berýär.
Azatlygyň habarçysy 24-nji dekabrda iberen maglumatynda 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda bahasy 3 manatdan satylan çilimleriň 2018-nji ýylda 30 manada çenli 10 esse gymmatlandygyny belledi.
Degişli maglumat Aşgabatda ogryn satylýan çilimiň bahasy ýene 40% ýokarlandyOnuň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanyp beren gürrüňinde Türkmenistanyň çägine döwletiň gözegçiliginde getirilen temmäki önümleriniň aglaba bölegi soňy bilen döwlet dükanlarynda däl-de, hususy dükanlarda döwletiň kesgitlän bahasyndan has gymmada satylýar. “Bu tejribe Türkmenistanda ozaldan bäri saklanyp gelýär” diýip, habarçy sözüne goşdy.
Türkmenistanda döwlet derejesinde çilimkeşlige garşy göreş yglan edildi.
Galyberse-de, Türkmenistanda hökümet dürli saglyk maksatnamalaryny kabul edip, il saglygyny goramak boýunça tagalla edýändigini aýdýar.
Türkmenistanda döwlet 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden saplamagy maksat edinýär.
Halkara hasabatlarda Türkmenistanda çilimkeşligi azaltmak ugrunda edilýändigi aýdylýan tagallar agzalyp geçilýär.
2015-nji ýylyň 21-nji iýulynda Bütindünýä saglyk guramasynyň Aşgabada sapar eden baş direktory Margaret Çan saglyk forumynda eden çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde iň az çilim çekilýän ýurtdygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda ilatyň diňe 8 prosenti çilim çekýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy halkara guramalaryň ýaýradýan hasabatlarynyň türkmen hökümetiniň berýän resmi sanlara esaslanýandygyny çaklady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.