Mähri Pirgulyýewa “Ýylyň parlak ýyldyzy – 2018” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Mähri Pirgulyýewa. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň resmi websaýtyndan alnan surat

Türkmenistanda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

22-nji dekabrda geçirilen bäsleşikde “Alaja” atly aýdymy ýerine ýetiren 30 ýaşyndaky aýdymçy Mähri Pirgulyýewa ýeňiş gazandy.

“Aýdymçy gyza “Ýylyň parlak ýyldyzy” nyşany hem-de höweslendiriji baýrak — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ýollanma gowşuryldy” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Pirgulyýewa türkmen hökümeti tarapyndan guramalaşdyrylýan baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýär. 2012-nji ýylda ol “Öňe, öňe, diňe öňe Türkmenistan” atly aýdymy köpçülige hödürledi.

Degişli maglumat "Agzyňyza saglyk, prezidentimiz!"

2015-nji ýylyň noýabr aýynda bu aýdymy prezident Berdimuhamedow bilen bilelikde dört müňden gowrak adam ýerine ýetirdi. Bu waka Türkmenistany şol bir aýdymy bir wagtda bilelikde ýerine ýetiren adamlaryň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizdi.

Şeýle-de, bu aýdym “Aşgabat - 2017” oýunlarynyň senasy hökmünde kabul edilipdi.

“Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginde birinji orna Leýli Ökdürowa, ikinji we üçünji orunlara bolsa Rahman Hudaýberdiýew hem-de Söhbet Kasymow mynasyp boldy.

Dokuzynjy gezek geçirilýän bäsleşige şu ýyl 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.