Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna iki hepde çemesi wagtyň galandygyna garamazdan, ozalky ýyllardan tapawutlylykda Aşgabatda baýramçylyk şowhuny bu ýyl az duýulýar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri şu günler aşgabatly ýaşaýjylaryň baýramçylyk sowgatlyklary, oýnawaçlary bilen bir hatarda, hususan-da Täze ýyl arçalaryny tapmakda juda kynçylyk çekýändigini aýdýar.
“Öten ýyllarda bazarlarda we köçeleriň ugrunda dikilen dükanlarda eýýäm noýabr aýynyň ortalarynda plastik massadan ýasalan, 30 santimetrden 2,5 metre çenli beýiklikdäki Täze ýyl arçalary satuwa çykarylýardy. Häzir şol dükanlar, arçalar ýok. Olar “Berkarar”, “Bagytýarlyk” ýaly söwda dükanlarynda ýa-da “Älemgoşar” bazarynda hem tapdyrmaýar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň käbirleri munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, bazar administrasiýasyna we söwdegärlere ýüzlenipdir.
Paýtagtyň “Älemgoşar” bazarynyň resmileri we bu ýerde söwda edýän söwdegärler ýaşaýjylara “daşary ýurtlardan haryt getirýan uly firmalaryň şu ýyl şeýle arçalary ýurda getirilmejekdigini, muňa derek Täze ýyl baýramyna bir hepde çemesi wagt galanda janly arça agaçlarynyň satyljakdygyny” aýdypdyrlar.
“Bu barada döwlet tarapyndan berlen ýörite görkezmäniň bardygyny uly firmalar aýdýarlar. Firmalaryň käbiri olaryň daşary ýurtdan getiriljekdigini, käbiri hem paýtagtyň töweregindäki agaçlardan çapylyp, satuwa çykaryljakdygyny aýdýar” diýip, “Älemgoşar” bazaryndaky söwdegär anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabadyň şäher häkimliginden we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.
Degişli maglumat Prezident Täze ýyl mynasybetli bazarlary ilatyň “isleg bildirýän harytlary” bilen doldurmagy tabşyrdyAzatlygyň habarçysy paýtagtda-da, welaýatlaryň administratiw merkezlerinde-de Täze ýyl şowhunynyň duýulmaýandygyny, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar sebäpli adamlarda hem oňa şowhun bilen garaşmak alamatynyň göze ilmeýändigini aýdýar.
Geçen aý Azatlygyň paýtagtdaky ýene bir habarçysy türkmen häkimiýetleriniň Täze ýyl baýramçylyklary bilen bagly bezeglerde doňuz şekilleriniň ulanylmagyny gadagan edendigini habar beripdi.
Şonuň bilen bir wagtda, ýurduň kanunlarynda doňuz babatda hiç bir gadaganlygyň ýokdugy aýdylýar.
12-nji dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz ozalky ýyllardan tapawutlylykda paýtagtda Bitaraplyk baýramynyň şowhunynyň bu ýyl az duýulýandygyny, ýollaryň ýapylmagy we konsert dabaralary ýaly çäreleriň geçirilmändigini habar beripdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyklaryň we dabaralary çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini yzygiderli talap edýär we şeýle talap golaýda geçirilen hökümet maslahatynda we wideoşekilli iş maslahatynda Täze ýyl baýramçylygy babatynda hem keserdilip goýuldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.