Ol gurluşygyň 2.5 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tamamlanjakdygyny mälim etdi. Bu barada Pakistanyň “Dawn” neşiri 7-nji dekabrda habar berýär.
6-njy oktýabrda Yslamabadyň Strategiki barlaglar instituty “TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi” atly maslahat geçirdi.
Dawn neşiriniň maglumatlaryna görä, taslamany ýerine ýetirýän kompaniýanyň baş dolandyrjysy Muhammetmyrat Amanow agzalýan maslahatda çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda gurluşyk işleriniň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde başlajakdygyny mälim etdi, diýip “Dawn” ýazýar.
“Iki ýylyň dowamynda gaz geçiriji Pakistana çenli çekiler, ony Pakistandan Hindistana çekmek işleri 6-8 aýa çeker. Bu taslama 10 müň adamy iş orunlary bilen üpjün eder” diýip, Amanow sözüne goşdy.
Synçylaryň pikirine görä, bu taslamanyň gurluşygy bilen bagly gümürtiklik dowam edýär.
Türkmenistanyň döwlet mediasy we metbugat serişdeleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygy barada yzygiderli habar berip geldi.
Degişli maglumat Türkmenistan TOPH üçin Saud Arabystanyndan turba aldyÝöne, ynha düýn 6-njy dekabrda Yslamabatda eden çykyşynda Amanow taslamanyň gurluşygyna ýyl girişiljekdigini habar berdi.
Ýogsam Muhammetmyrat Amanow Euronews kanalynda 2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda eden çykyşynda şeýle diýdi:
“Taslamanyň häzirki tapgyryna ýetmek üçin, biz 2015-nji ýyldan bäri köp iş bitirdik. Biz Türkmenistanda öz işimizi jemledik, indi biz Owganystana süýşýäris” diýip, Amanow aýtdy.
“Biz işleri tamamlap, 2019-njy ýylyň aýagyna çenli geçirijiden gaz ibermegi göz öňünde tutýarys” diýip, Amanow Euronews kanalynda eden çykyşynda aýtdy.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda ýerleşýän Galkynyş gaz käniniň alkymynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň, Pakistanyň şol wagtyky premýer-ministri Nawaz Şarifiň hem-de Hindistanyň wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbi tutuldy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow TOPH-yň gurluşygyny gözegçilikde saklamagy tabşyryp, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç paýladyTaslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek dabarasy 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda degişli döwletleriň ýokary wezipeli resmileriniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde geçirildi.
6-njy dekabrda Yslamabatda eden çykyşynda Amanow uzynlygy 1814 kilometrlik geçirijiniň geçýän ugrunda gözleg-barlag işleriniň tamamlanandygyny hem belledi.
Pakistan metbugatynyň ýazmagyna görä, Amanow Owganystanyň geçirijiniň howpsuzlygyna doly kepil geçýändigini aýtdy.
“Syýasy nukdaý nazardan aýdylanda, meniň pikirimçe ähli döwletler şol sanda, Birleşen Ştatlary we Hytaý bu taslamany goldaýar. Galyberse-de taslamada rus, ýapon we amerikan tehnikalaryndan olaryň goldawyndan peýdalanylýar” diýip, Amanow TOPH-a bagyşlanan çykyşynda aýtdy.
Noýabr aýynda Saud Arabystanynyň Türkmenistana iberen 40 million dollarlyk geçiriji trubalarynyň Türkmenistanyň Türkmenbaşy portuna getirilip, olaryň demirýollary arkaly Mary welaýatyna ugradylyşy barada Türkmen telewideniýesinde habar berlipdi.