Türkmenistanda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar poçta hyzmatlarynyň yzygiderli gymmatlaýandygyny, ýöne olaryň hiliniň gowulaşmaýandygyny aýdýarlar.
“EMS (Express Mail Service) diýlip atlandyrylýan tizleşdirilen halkara poçta ugratmalarynyň 1 kilograma çenli hatlar ýa-da sowgatlar üçin nyrhy 164 manada ýokarlandyryldy. Oktýabr aýynda bu nyrh 111 manada barabardy. Şeýle-de, 1 kilogramdan artyk ýüküň her 1 kilogramy üçin öň 11 manat tölemelidi, indi 22 manat boldy” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan habarçy 6-njy dekabrda gürrüň berdi.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň resmi websaýtynda poçta hyzmatlarynyň nyrhlarynyň gymmatlandygy barada maglumat berilmeýär.
Ýöne kompaniýanyň 1-nji mikroraýondaky we Mäti Kösäýew köçesiniň ugrundaky edaralarynyň işgärleriniň gürrüň bermegine görä, tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasynyň gymmatlamagy diňe “Türkmenpoçta” bilen baglanyşykly däl.
“Biziň halkara poçta hyzmatlarymyz Orsýetiň poçta kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşýar. Şol şertnama laýyklykda, Orsýetiň poçta kompaniýasy her ýyl diýen ýaly öz töleglerini ýokarlandyrýar. Şol sebäpli bizem nyrhlary gymmatladýarys” diýip, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň işgäri Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.
Bu kompaniýanyň resmi websaýtynda EMS (Express Mail Service) tizleşdirilen halkara poçta hyzmatynyň dünýäniň 100 döwleti bilen aragatnaşyk saklaýandygy we ugradylan hatlaryň hem-de sowgatlaryň 3-4 günüň dowamynda alyjysyna gowuşýandygy aýdylýar.
Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar, şol sanda Ýewropa ýurtlaryndaky türkmen raýatlary ugradylan hatlaryň we sowgatlaryň gijikdirilip, tas iki hepde-de, käte bir aýda alyjysyna gowuşýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Aşgabatda poçta bilen ugradylan hatlar we gazetler gijigip gelýär“Türkmenistandan ugradylan poçta iň ir geldi diýeniňde bir aýda gelýär. Käte ondan hem uzaga çekýär” diýip, ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan we özüni Güljemal diýip tanyşdyran türkmen raýaty Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda diňe daşary döwletler bilen baglanyşykly poçta hyzmatlarynyň däl, eýse ýurduň içinde ilata edilýän poçta hyzmatynyň hem ýaramazdygyny, ýaşaýjylaryň gazet-žurnallarynyň ýa-da hatlarynyň öz wagtynda gowşurulmaýandygyny, käte olaryň ýitýändigini hem awgust aýynda habar beripdiler.