Aşgabadyň häkimiýetleri ilat tarapyndan sökülen germewleriň deregine täzelerini oturdýar

Aşgabadyň Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky kiçi köçelerde

Aşgabadyň Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky kiçi köçelerde goýlan demir germewler ýaşaýjylar tarapyndan sökülip aýrylandan soň, türkmen häkimiýetleri olaryň deregine täze beton germewleri oturdyp başlady.

“Parahat etrapçalaryndaky kiçi köçelere ýerleşdirilen demir germewler sebäpli bu ýere girip-çykmak gaty kynlaşypdy. Adamlar muňa protest hökmünde mundan bir hepde çemesi ozal gijelerine, ýagny polisiýa işgärleri azalandan soňra bu germewleri goparyp başladylar. Şondan soň, ýagny soňky birnäçe günüň dowamynda şäher edaralarynyň işgärleri olara derek täzelerini oturdyp başladylar. Bu germewler öňküsinden tapawutlylykda betondan ýasalan bolup, olaryň beýikligi ortaça 20-25 santimetre barabar we uzynlygy tutuş köçäni eýeleýär” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy 3-nji dekabrda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, täze beton germewler sebäpli Parahat etrapçalaryndaky kiçi köçelerde diňe awtoulag hereketi däl, eýse maýyp arabaly ýa-da çaga kolýaskaly ýaşaýjylaryň gatnawy hem çäklendirildi.

“Bu germewler oturdylanda pyýadalaryň geçmegine hem ýol goýulmandyr. Onsoň maýyp arabaly ýaşaýjylara ýa-da çaga kolýaskaly enelere ýoldan geçip barýan biri kömek edip, şol arabalary göterip geçiräýmese, başga çykalga ýok. Bu etrapçalarda-da çagaly maşgalalaryň ýa-da mümkinçiligi çäkli adamlaryň sany sanardan kän” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda awtoulagly ýaşaýjylar Parahat-2/1 etrapçasyna diňe ýekeje ýerden, ýagny “Mir” bazarynyň garşysyndaky Ýunus Emre köçesinden girip bilýär. Parahat-2/2 etrapçasyna girmek mundan hem çylşyrymly. Sebäbi oňa “10 ýyl abadançylyk” köçesinden hereket edip, sebitdäki ýeke täk çörek bişirýän kärhananyň ýanyndan girip bolýar.

Ýatladyp geçsek, Parahat 1 we 2 etrapçalaryna awtoulagly barmama mümkinçilik berýän kiçi köçelerde ilki geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we soňra-da şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň öň ýanynda beton we demir germewler oturdyldy. Bu çäräniň netijesinde etrapçada awtoulag hereketi çäklendirildi.

Degişli maglumat Aşgabat: Parahat -1, 2 etrapçalaryna barýan ýollar beton böwetler bilen petiklendi

Azatlyk Radiosy germewler sebäpli etrapça gelýän Tiz Kömek ulaglarynyň barmaly salgysyna öz wagtynda baryp bilmeýändigi, şeýle-de merhumy alyp gidýän ýörite awtoulaglaryň jesediň çykaryljak jaýyndan ýüzlerçe metr uzakda durmaly bolýandygy barada birnäçe gezek habar beripdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi etrapçalardaky kiçi köçelere oturdylan germewleriň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary tamamlanandan soňra aýrylmagyna garaşandyklaryny, emma soňy bilen munuň beýle däldigine düşünip galandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna Parahat 1 we 2 etrapçasyndaky köçelerde beton germewleriň oturdylmagy hem-de awtoulag hereketiniň çäklendirilmegi we munuň sebäpleri barada Aşgabadyň şäher häkimliginden we beýleki resmilerinden düşündiriş almak başartmady.

Ýerli synçylar we Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary Parahat 1 we 2 etrapçalarynda ýaşaýan adamlaryň sanynyň on müňlerçe barabardygyny aýdýarlar.