‘Bada-bat hasaplaşylmaly’ kärendeçiler hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmeýärler

26-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoşekilli iş maslahatynda ýurduň oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradow döwlete tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilýändigi barada habar berdi. Emma kärendeçileriň ençemesi öz plastik bank kartlaryna geçirilen hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändigini aýdýar.

“Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň onlarça kärendeçisiniň aýtmagyna görä, olara agzalýan daýhan birleşiginiň resmileri plastik kartlaryna puluň geçirilendigini mundan 20-25 gün ozal aýdypdyr. Şondan bäri olar her gün etrap we şäher merkezlerindäki bankomatlara gatnaýarlar. Ýöne bankomatlarda pul tapdyrmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan habarçysy 28-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, daşoguzly kärendeçiler iň soňky çykalga hökmünde öz plastik bank kartlaryny Aşgabada ugradyp, bu ýerdäki bankomatlar arkaly öz hasyl puluny nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar.

“Ýöne kärendeçiler munuň üçin özleriniň goşmaça çykdajy etmeli bolýandygyny, sebäbi plastik karty welaýatdan paýtagta kireý edýän hususy taksilerden ugratmak üçin azyndan 40 manat tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Mundanam başga, paýtagtdaky bankomatdan puly aljak adam üçin hem 20 manatdan 40 manada çenli pul bermeli bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, döwlete tabşyrylan hasyl üçin heniz hasaplaşyk geçirilmedik daýhanlar hem bar. Balkan welaýatynda şugundyr, kartoşka hem-de sogan ýetişdirýän daýhanlar heniz özleri bilen hasaplaşyk geçirilmändigini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Galyberse-de, hasaplaşyk diýlende, döwlete bergili çykan kärendeçiler hem bar. Häzirki wagt döwlet bilen baglaşan pagta ýa-da galla plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçilerden öz bergilerini tölemek berk talap edilýär.

“Bu kärendeçilere hatda ýylyň ahyryna çenli hem wagt berilmän, olara 15-nji dekabra çenli öz bergilerini tölemek tabşyrylypdyr. Bergilerini tölemedik kärendeçilere çäre görüljekdigi hem duýdurylypdyr. Bu ýagdaýy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert we Güýç Birleşik daýhan birleşikleriniň hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň kärendeçileri tassyk etdiler” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Türkmenistanda kärendeçileriň hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmezligi, bankomatlarda puluň tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaý soňky ýyllarda yzygiderli gaýtalanýar.

7-nji sentýabrda prezident, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Polat Allagulyýewi eýeleýän wezipesinden hem boşatdy we bu wezipäni wagtlaýyn onuň orunbasary bolup işlän Şamuhammet Nepesowyň üstüne ýükledi.

Emma muňa garamazdan, sentýabryň ahyrynda Daşoguz welaýatynda mejbury pagta ýygmak kampaniýasyna çekilen býujet işgärleri we kärendeçiler özlerine tölegiň her 10 günde plastik kartlaryna geçiriljekdigi wada berilse-de, bankomatlarda puluň ýokdugyny, olaryň käbiriniň döwükdigini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler. Şuňa meňzeş ýagdaý geçen ýylyň iýun-oktýabr aýlary aralygynda hem ençeme gezek gaýtalanypdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde bolsa, kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň bada-bat geçirilýändigi aýdylyp, kärendeçileriň bankomatlardan puly alýan we ony maňlaýyna sylýan pursatlary wagtal-wagtal görkezilýär.

“Öz çekýän päk zähmetiniň miwesini, ýygym puluny nagt görnüşinde ele alýan hasyl ussatlary ony ýüzlerine sylyp, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalar edýän gahryman Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýarlar” diýlip, türkmen telewideniýesiniň 1-nji noýabrda efire berlen “Watan” habarlary gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen telewideniýesinde şeýle maglumatlar geçen ýylyň ikinji ýarymynda hem görkezilipdi. Şonda türkmen telewideniýesinde ýurduň söwda we bank ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigine üns çekilip, kärendeçileriň ugradylan pullary ýurduň söwda merkezlerinde azyk harytlarynyň söwda-satuw işlerini nagt däl görnüşinde plastik kartlarynda amala aşyrýandygy hem görkezildi.