Türkmen häkimiýetleri döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini yglan etse-de, ýurduň käbir künjeklerinde mejbury pagta ýygymy henizem dowam edýär.
“Noýabr aýynyň ahyrydygyna garamazdan, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda adamlary pagta meýdanlaryna ugradýarlar. Olaryň aglaba bölegini mugallymlar we doktorlar emele getirýär. Bu mugt gulçylyk. Adamlary gowaçanyň gozasyna ilişip galan pagtanyň iň soňky hanasyny hem ýygnamaga mejbur edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy noýabrda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, ýygymçylar gozasy açylmadyk gowaçalary açyp, olaryň heniz bişmedik, çig pagtasyny hem ýygmaga mejbur edilýärler.
Habarçy bu ýagdaý sebäpli, esasan-da kärendeçileriň kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:
“Pagta ýok. Kärendeçilere bolsa “pagta tapyň” diýýärler. Plany ýerine ýetirmedik kärendeçileriň 15 gün tussaglyga höküm edilmegi ýaly wakalar hem bar. Meniň bilen söhbetdeş bolan daýhanlar ýagdaýyň mundan hem ýaramaz bolmagyndan howatyr edip, tussag edilen kärendeçileriň atlarynyň efirde aýdylmazlygyny soradylar” diýip, habarçy belledi.
Ýatladyp geçsek, 9-njy noýabrda döwlet resmileri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygnalyp, bu ýylky borçnamanyň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.
Türkmen döwlet habarlar gullugy bu ýylky pagta plan borçnamasynyň berjaý edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde Hasyl toýunyň toýlanandygyny mälim etdi.
Emma hasyl toýundan bir gün soň, Azatlygyň habarçysy etraplarda we oba ýerlerinde pagtaçy kärendeçileriň hem-de ýygymçylaryň heniz hem pagta meýdanlaryndadygyny habar berdi.
Habarçy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Türkmengala, Balkan welaýatynyň Serdar, Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynyň käbir ýaşaýjylaryna salgylanyp, degişli etraplarda pagta ýygymynyň heniz hem dowam edýändigini aýtdy.
15-nji noýabrda bolsa, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Türkmenistanyň dürli regionlarynda, hususan-da Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häkimiýetleriň býujet işgärlerini heniz hem pagta ýygymyna çekýändigini habar berdi.
Şonda habarçy Türkmenabadyň mekdepleriniň, hassahanalarynyň we kärhanalarynyň her gün hökmany suratda ýygymçy ugratmalydygyny, welaýatyň Saýat we Çärjew etraplarynda pagta ýygymynyň tamamlanmandygyny gürrüň berdi.
Mundan ozal bolsa, has takygy sentýabr we oktýabr aýlarynda Azatlygyň habarçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini habar beripdiler.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda pagta ýygymynyň başlanmagyna awgust aýynyň 31-ne “ak pata” beripdi. Şondan bäri türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň dowamynda mejbury adam zähmetinden peýdalanmagy dowam etdirýärler. Bu barada garaşsyz habar çeşmeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýär.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurduň oba hojalygynda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edýärler.
Global gulçulyk indeksiniň 25-nji oktýabrda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmak problemasyna üns çekilip, “her ýyl Türkmenistanda we Özbegistanda pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda onlarça müň erkek adamyň we aýal maşgalanyň döwlet tarapyndan köpçülikleýin görnüşde eksport üçin niýetlenen pagtany ýygmaga mejbur edilýändigi” aýdylýar.
1-nji oktýabrda pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şeýle-de çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy iş alyp barýan “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka eden saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp, protest çäresini geçirdi.
Şu ýylyň maý aýynda bolsa, ABŞ-nyň Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan taýýarlanan önümleriň ähli görnüşiniň ýurda import edilmegine gadagançylyk girizendigi habar berildi.
Türkmenistanyň metbugatynda pagtaçylaryň “ýokary ruhubelentlikde” ýygyma gatnaşýandygy barada wideo reportažlar görkezilse-de, býujet işgärleriniň pagta önümçiligine mejbury çekilmegi barada gürrüň gozgamaýar.