Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpy bar diýip, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) ýolbaşçysy Waleriý Semerikow GDA-nyň çarşenbe güni Moskwada geçiren duşuşygynda aýtdy.
21-nji noýabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlarynyň nobatdaky VI ýyllyk ýygnagy geçirildi. Bu barada Arkalaşygyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Duşuşyga GDA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýetleri, şeýle-de Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Waleriý Semerikow gatnaşdy.
Degişli maglumat Türkmenistan türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygy baradaky habarlara reaksiýa görkezdiSemerikow duşuşykda eden çykyşynda Owganystandan abanýan wehimlere ünsi çekdi.
“Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) agza döwletler üçin Owganystandaky ýagdaýlar elmydama alada döredýär” diýip, Semerikowyň sözleri Guramanyň websaýtynda sitirlenýär.
“Bu ýurt post-sowet döwletlerine geçýän “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň galan söweşijileri üçin, harby hereketlere taýýarlanylýan meýdana öwrüldi. Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpy bar” diýip, Semerikow sözüne goşdy.
Degişli maglumat Rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarOnuň sözlerine görä, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy öňe sürülýän ýagdaýlary göz öňünde tutup, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda terror howpuna garşy halkara koalisiýa döretmegi göz öňünde tutýar.
Semerikow global başly-baratlyk sebäpli, ýurtlary umumylykda hem-de aýratynlykda howpsuzlyk bilen üpjün etmekde halkara we regional guramalaryň tagallalaryny pugtalandyrmagyň baş maksat bolup durýandygyny aýdýar.
“Bu maksada ýetmek biziň ýurtlarymyzyň howpsuzlygy, özbaşdaklygy we territorial bitewiligi üçin, hem-de dünýäniň häzirki şertlerinde olaryň diri galmaklary üçin aýratyn ähmiýetlidir” diýip, Semerikow sözlerini jemleýär.
Ýatladyp geçsek, Orsýetiň “RIA Nowosti” habar agentligi GDA agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylar geňeşiniň 14-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde geçiren ýygnagyna salgylanyp, türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygyny habar beripdi.
16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habar agentliginiň bu habaryny “ýalan” hem-de “dostlukly bolmadyk ädim hökmünde” häsiýetlendirdi.
Degişli maglumat Türkmen – owgan serhedinde bolan atyşykda 25 töweregi türkmen esgeriniň ölendigi aýdylýarAgentlik habaryň çap edilmeginden biraz salym geçenden soň, onuň mazmunyna käbir üýtgeşikleri girizdi.
Habaryň ilkibaşdaky wersiýasynyň sözbaşynda “türkmen-owgan serhedinde” howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygy aýdylan bolsa, onuň soňky üýtgedilen mazmunynda sözbaşy üýtgedilip, “Arkalaşygyň günorta çäginde” ýagdaýlaryň ýitileşýändigi aýdyldy.
Şeýle-de, agentlik ilkibaşda çap eden maglumatynda Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewanyň jeňçileriň Türkmenistanyň çägine ýaragly prowokasiýalar arkaly wehim salýandygyny aýdandygyny habar berdi.
Ýöne agzalýan habaryň soňky üýtgedilen mazmunynda onuň bu sözleri aýryldy.
Azatlyk Radiosy habar boýunça ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak üçin Borubaýewa bilen 16-njy noýabrda telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.
Ol telefon söhbetdeşliginde agzalýan ýagdaýa häzirki wagtda seredilýändigini, şol sebäpden ony teswirläp bilmejekdigini aýtdy.
Degişli maglumat Azatlygyň 25 türkmen serhetçisiniň ölümi baradaky habaryndan soň, hökümetçi saýt dessine reaksiýa görkezdiResmi maglumatlara görä Türkmenistanyň Owganystan serhediniň uzynlygy 744 kilometre deň bolup, mundan ozal hem araçäkde ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri barada habar berlipdi.
Ýatlasak, iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.
Şeýle-de geçen ýylyň iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Türkmenistanyň Owganystan serhedinde “Yslam döwleti” ekstremist toparyna agza bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.
Türkmenistan Owganystany hem öz içine alýan käbir transmilli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine umyt baglap gelýär.