Türkmenistanda raýatlardan Täze ýyl baýramçylygy, şäher meýdançalarynda we edaralarda arça bezemek üçin pul ýygnalýar.
Täze ýyl agşamynda saçak bezemegi gaýgy bolan adamlar häkimiýetleriň öz hasaplaryna şowhun-dabara gurmagyndan nägile bolýarlar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda geçiren hökümet maslahatynda we wideoşekilli iş maslahatynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyryklarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda, türkmen paýtagtynda şu günler täze ýylyň ýetip gelýändigini görkezýän alamatlar kän göze ilmeýär.
“Birinjiden, dükanlarda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke sowgatlyklary, öýlerdäki arçalary bezemek üçin dürli bezegler, zerli sapaklar, ýylpyldawuk oýnawaçlar düýpden ýok, ikinjiden adamlar keýpsiz, tutuk görünýär” diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji noýabrda habar berdi.
Degişli maglumat Ýetip gelýän Doňuz ýyly Türkmenistandaky ‘doňuz haksyzlygyna’ ünsi çekýärAzatlyk bilen gürleşen satyjylar täze ýyl sowgatlyklarynyň, daşary ýurtlardan getirilen süýji-kökeleriň we beýleki harytlaryň köpüsiniň geçen ýyl hem geçmän galandygyny we soňra deger-degmez bahadan satylandygyny gürrüň berdiler.
“Iki-ýeke haryt getirmäge rugsat edilen telekeçi bar, şolar aýlanyp geldiler, täze ýyl bilen bagly hiç haryt gerek däl diýdik, sebäbi olar indigirdeji däl, çykdajy bolýar” diýip, 34 ýaşyndaky satyjy anonimlik şertinde ýagdaýyny düşündirdi.
Azatlygyň habarçysy bu gezekki ýyl çalşygynyň esasy tapawudynyň ilatdan uçdantutma diýen ýaly pul ýygnalmagyndan ybaratdygyny belleýär.
“Çagalar baglaryna gatnaýanlaryň ene-atalaryndan, çagalar bagynyň howlusynda arça bezemeli diýip,her çaga üçin 10 manatdan pul ýygnaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Magaryf, saglygy saklaýyş, medeniýet işgärleri özlerinden 10 manatdan pul ýygnalýandygyny, bu serişdäniň şäher arçalaryny bezemek üçin harçlanjakdygyny gürrüň berdiler.
Emma önümçilikde işleýänlere gezek gelende, olaryň arça bezegleri üçin etmeli çykadajysy köpelýär, ýagny 15 manat bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Täze ýyl arçalary mekdeplerde hem bezelýär, emma indi bu adatyň harjy, aýdylmagyna görä, durşuna okuwçylaryň we ene-atalaryň boýnuna düşýär.
“Bu ýyl mekdepleriň howlusynda bezeljek arçalar üçin kiçi klas okuwçylaryndan 3 manatdan, uly klaslardan 5 manatdan pul ýygnamaly edildi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen mugallymlar we ene-atalar aýtdylar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralarynda türkmen ertekileriniň äheňlerini ulanmagy tabşyrdy“Ýyl aýak bolmanka gaz, suw hem-de elektrik töleglerini tölemeli diýip, iki aýagymyzy bir gonja sokýarlar. Eger 1-nji ýanwara çenli tölemesek, geljek ýyl doly bahasyndan tölemeli boljagymyzy aýtdylar” diýip, 60 ýaşly işçi Atamyrat arça bezeginiň özüne gerek häzir asla zat däldigini aýtdy.
Bu gezekki ýyl çalşygynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň çagalaryna paýlanjak täze ýyl sowgatlary üçin olaryň özleriniň pul tölemeli boljagy duýduryldy.