Türkmenistanda çörek, un gytçylygy dowam edýär. Şu günler döwlet dükanlarynyň öňünde günde ýüzlerçe adam jemlenýär, emma azyk önümleri ýeterlik möçberde satylmaýar.
Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýagdaýyň hasam agyrdygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.
"Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda çöregiň gytçylygy güýçlenýär. Ýüzlerçe, ýüzlerçe adam çöregiň we unuň nobatlaryna düzülýär. Döwlet dükanlaryna günde 100 halta çemesi un getirilýär, ondan köp däl, emma satyn almak isleýänleriň sany has köp bolýar. Bişen çörek bilen bagly ýagdaý hasam ýaramaz ol gaty az getirilýär. Getirilýän çöregiň möçberi nobata duranlaryň dörtden bir bölegine zoran ýetýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, çörek we un satyn almak isleýänleriň sanawy ýöredilýär, oňa nobata duran adamlaryň atlary ýazylýar.
"Nobata duranlaryň sanawlary 900-1000 adamy öz içine alýar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Soňky günlerde un we çörek gytçylygy Türkmenistanyň paýtagtynda hem güýçlendi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtda çöregiň, diňe bir döwlet dükanlarynda däl-de, eýsem bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda gytalandygyny duýsa bolýar, onuň bahasy hem birden bäş esse gymmatlapdyr.
Degişli maglumat Aşgabatda çörek gytçylygy duýulýarTürkmenistanda döwletiň garamagyndaky dükanlarda satylýan unuň we çöregiň bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Gytçylykdaky unuň bir kilogramynyň bahasy 2 manat, çöregiň bahasy 1 manat derejesinde görkezilýär. Munuň bilen bir wagtda-da, satuwda bar bolan daşary ýurt ununyň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar we käbir halatlarda döwlet nyrhyndan 10 esse ýokary bolýar.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda döwletiň gözegçiligindäki dükanlarda unuň ençeme wagtlap satuwda düýpden bolmandygyna garamazdan, adamlar un satyn almak tamasy bilen günde nobatlara düzülmegini dowam etdirdiler.
Oktýabr aýynda Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda döwlet dükanynyň öňünde un satylmagyna garaşýan ýüzlerçe adamdan ybarat nobaty görkezýän wdieo gowuşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azatlygyň habarçysynyň ýerli kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu wideonyň websaýtymyzda çap edilmeginiň yzýany şol nobatdaky adamlar köpçülikleýin soraga çekilipdir.
"Azyndan 300 adam soraga çekildi. Şonuň üçin häzir nobatda durýanlaryň ellerinden mobil telefonlar alynýar" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistanyň kanun goraýjylarynyň çörek we un nobatlarynda duran adamlara gözegçilik etmegi barada garaşsyz habar beriş serişdeleri hem habar berýärler.
"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşri "Çörek ýetmezçiligi dowam edýär, ýörite gulluklar 'dönükleri' gözleýär" atly makalasynda şeýle ýazýar: "Adamlar biri-birine gözegçilik edýärler, hiç kimiň öňe girip, nobaty 'bozmaz ýaly'. Tertip-düzgüne polisiýa işgärleri, şeýle-de raýat geýimli howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri berk gözegçilik edýärler" diýip, neşir ýazýar.
Maglumatda ýörite gulluklaryň esasy maksadynyň nägilelik bildirýänleri we häkimiýete närazylyk görkezýänleri anyklamakdan, aýratyn-da dükanlaryň öňündäki nobatlary öz telefonlaryna surata düşürmäge synanyşýanlary gözlemekden ybaratdygy bellenýär.
Türkmenistanda un gytçylygynyň emele gelmegine bir ýyla golaý wagt boldy. Şol döwrüň dowamynda döwlet nyrhyndan satylýan un we çörek söwdasynda ilat üçin çäklendirmeleriň birnäçesi girizildi, hususan-da satylýan harydyň möçberi çäklendirildi, käbir regionlarda çörek pasport boýunça satyldy, käbir regionlarda un gytçylygy ilat arasynda açyk närazylyk döretdi.
Degişli maglumat Maryda döwlet dükanyna "güýç bilen girildi, protestçiler ýoly beklediler"
Häzirki wagtda döwlet dükanlarynda un alyjylara çäkli möçberde satylýar. Hususan-da, Daşoguzda we Lebapda satylýan unuň mukdary her adam başyna 5 kilogramdan geçmeýär.
Türkmenistanda unuň we çöregiň gytçylygynyň, şeýle-de azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda mätäçlik çekýän, dilegçilik edýän ýa-da zir-zibilleri dörýän adamlar köp göze ilýär.
Emma Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurt ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny açyk agzamaýar, ykdysady krizisiň fonunda milli habar beriş serişdelerine ykdysady ösüşleri wagyz etmegi yzygiderli tabşyrýar. Ýaňy-ýakynda türkmen metbugaty türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini daşary ýurtlara satmaga taýýarlanýandygyny habar beripdi.
Degişli maglumat Azyk gytçylygynyň fonunda türkmen telekeçileri çörek önümlerini eksport etmäge taýýarlanýar