Türkmenabatda un satyn almak üçin döwlet dükanynyň öňünde nobata duran adamlardan öý dolandyryjy edaradan resminama talap edildi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň 15-nji noýabrda habar bermegine görä, adamlaryň ýaşaýan ýeri baradaky bu resminama şäheriň dükanlarynyň birinde öňe sürlüpdir.
"Türkmenabatda un satyn almak üçin öý dolandyryjy edaradan resminama getirmegi talap etdiler. Şu günki günden başlap, nobatda duran her bir adam başyna diňe 4.5 kilogram un berýärler, öň 5 kilogramdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berdi.
Günüň dowamynda bu talabyň dükanyň işgärleriniň däl-de, alyjylary nobata ýazga alýan adamlar tarapyndan öňe sürlendigi mälim boldy.
"Bu talabyň ýalňyşlyk bilen edilendigi, ony söwdegäriň däl-de, alyjylary nobata ýazga alýan adamlaryň edendigi anyklandy. Adamlar öý dolandyryjy edara baranlarynda şeýle resminamanyň berilmeýändigini aýtdylar. Şondan soň adamlar häkimlige bardylar, emma häkimligiň hem mundan bihabardygy anyklandy. Olar öý dolandyryş edarasyna jaň edip, şeýle ýagdaýlaryň öňüni almagy tabşyrdylar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler şäheriň dükanlarynda satuwa çykarylýan unuň möçberi örän çäkli, käbir dükanlarda günde 50-100 haltadan geçmeýär, şol bir wagtda-da, un satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde jemlenýän adamlaryň nobatlary uly.
Şu günler Türkmenabatda un nobatlarynda duran adamlaryň sanynyň ýüz adamdan az bolmaýandygyny habarçymyz gürrüň berdi.
Un nobatlary Türkmenistanyň beýleki regionlarynda-da emele gelýär. Soňky birnäçe aýyň dowamynda döwletiň gözegçiligindäki dükanlarda unuň ençeme wagtlap satuwda düýpden bolmandygyna garamazdan, adamlar un satyn almak tamasy bilen günde nobatlara düzülmegini dowam etdirdiler.
Türkmenistanda döwletiň garamagyndaky dükanlarda satylýan unuň we çöregiň bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Gytçylykdaky unuň bir kilogramynyň bahasy 2 manat, çöregiň 1 manat derejesinde görkezilýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, unuň satuwda bolmazlygy bilen bagly ýagdaý oktýabr aýynyň ortalaryndan bäri, ýuduň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda dowam etdi.
Ýaňy-ýakynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda çöregiň, diňe bir döwlet dükanlarynda däl, eýsem bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda gytalandygyny hem birden 5 esse gymmatlandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Aşgabatda çörek gytçylygy duýulýarTürkmenistanda un gytçylygynyň emele gelmegine bir ýyla golaý wagt boldy. Şol döwrüň dowamynda döwlet nyrhyndan satylýan uny we çöregi satyn almak üçin talaplaryň birnäçesi girizilipdi, hususan-da käbir regionlarda çörek pasport boýunça satyldy.
Munuň bilen bir wagtda-da, satuwda bar bolan daşary ýurt ununyň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar, käbir halatlarda döwlet nyrhyndan 10 esse ýokary bolýar.
Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda türkmen hökümeti bugdaýyň satyn alyş nyrhyny galdyrýandygyny yglan etdi. Oba we suw hojalygy ministrliginiň maglumatynda 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, döwletiň kärendeçilerden 1 tonna bugdaýy iki esse ýokary bahadan, 800 manatdan satyn aljagy mälim edildi.
Türkmen metbugaty şu ýyl ýurtda bir milliondan gowrak bugdaýyň harmanlara tabşyrylandygyny habar berdi, emma sanlary takyklaşdyrmady. Döwletiň kesgitlän planyna görä, şu ýyl ýurtda 1 million 600 tonna möçberinde bugdaý hasylyna garaşylýardy.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary milli habar beriş serişdelerine ykdysady ösüşleri wagyz etmegi yzygiderli tabşyrýar. Ýaňy-ýakynda türkmen metbugaty türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini daşary ýurtlara satmaga taýýarlanýandygyny habar berdi.