Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekde ýene-de kynçylyga uçradylar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly studentleriň sözlerine görä, pul çekmekdäki bökdençlikler birnäçe hepde mundan öň başlanypdyr.
"Maňa ejem we kakam her aýda 500 dollar ugradýarlar. Bu häzirki kursdan 33 rubl bolýar. Mundan öň men puluň hemmesini çekýärdim. Emma bu gezek diňe 16000 rubl çekip bildim, ýene 13000 rubl galypdyr. Galanlaryny alyp bilmedim. Üstesine, maňa ugradylan 33000 rubldan 4 müň rubluny bank tutup galypdyr" diýip, Azatlyk Radiosyna Orsýetde okaýan türkmenistanly student aýtdy. Söhbetdeşimiz pul çekmek we hasabyndaky puluň möçberini anyklamak boýunça synanyşyklarynyň wideo ýazgysyny hem Azatlyk Radiosyna ugratdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Orsýetiň banklarynyň biriniň bankomatynda peýda bolan ýazga görä, plastik kartdaky puly nagtlaşdyrmak üçin tutumy karty çykaran bank saklaýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet bankynyň resmi websaýtynda türkmenistanly müşderilerden daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan çekilen pul üçin alynýan tutumyň möçberi görkezilmändir. Müşderiler üçin ýerleşdirilen resmi bildirişde daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan peýdalanylanda komission tutumyň alynyp bilinýändigi mälim edilýär.
Türkmenistanyň daşary gatnaşyklar banky Visa we MasterCard bank kartlaryndan daşary ýurtlarda peýdalanmak üçin komission tutumynyň möçberini 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda 1.75% derejesinde görkezipdi, 2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda bu san iki esse artdyrylyp, 3% derejesinde görkezilipdi.
Emma Türkmenistanyň daşary gatnaşyklar banky daşary ýurtlaryň bankomatlarynda puluň nagtlaşdyrylmagy üçin göz öňünde tutulan tutumlaryň häzirki möçberi we onuň resmi taýdan üýtgedilip-üýtgedilmändigi barada habar bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň bank düzgünlerini Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar bankynyň özünden anyklamak boýunça eden synanyşyklary başa barmady.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryna eýe bolan türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda pul çeken wagtynda puluň esli böleginiň tutulyp galmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada Azatlyga oktýabryň aýagynda mälim boldy.
Degişli maglumat Daşary ýurtlardaky studentleriň Visa kartlary bilen bagly kösençlikleri dowam edýär"Eger Türkmenistanda çykarylan VISA karty bilen Orsýetiň bankomatlarynda pul çekseň, türkmen banky 25% möçberinde puly saklap galýar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, bankyň saklaýan tutumynyň 40% ýetýän pursatlary hem bolýar.
"Pul çekmek üçin edýän synanyşykda bökdençlik ýa-da pul berilmeýän halatlary bolýar. Ine häzirki wagtda men diňe 13000 rubl çekdim, emma bank 5000 rubly tutup galdy. Bu giňden ýaýran problema, meniň tanyşlarymda-da şeýle bolýar" diýip, Orsýetde bilim alýan türkmenistanly student aýtdy.
Iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň banklary bankomatlardan puly nagtlaşdyrmak boýunça düzgünlerini birnäçe gezek üýtgetdi we puluň nagtlaşdyrylmagyna çäklendirme girizdi.
Diňe 2017-nji ýylyň özünde Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar boýunça banky plastik kartlary bilen puly nagtlaşdyrmagyň düzgünini azyndan üç gezek üýtgetdi: bir gije-gündizde çekip bolýan puluň möçberi fewral aýynda 1000 dollardan 250 dollara getirildi, sentýabrda 100 dollara çenli azaldyldy we dekabrda 50 dollara getirildi. Türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna geçirmek boýunça operasiýa Merkezi bankyň resmi kursuna laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklar, şeýle-de ýurduň daşyna bank üsti bilen ugradylýan puluň gijikdirilmegi daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar üçin dürli kynçylyklary döretdi, ençemesi ýaşamak üçin serişdesiz galdy, ençemesi töläp bilmändigi üçin okuwdan çykaryldy.
Degişli maglumat Orsýetde türkmen banklarynyň kartlaryndan günde 1.6 dollar nagtlaşdyryp bolýar, talyplar kösenýär