Balkanda mugallymlar, saglyk we nebit-gaz pudagynyň işgärleri oktýabryň aýlygyny alyp bilmeýär

Balkanabat. Nebitçi işçileriň hormatyna dikilen ýadygärlik.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy sebitiň medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň uçdantutma diýen ýaly oktýabr aýynyň aýlyklaryny alyp bilmeýändiklerini habar berýär.

Şeýle-de,“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynda ýerleşýän Gamyşlyjanebit, Gumdagnebit, Balkan gaz akdyryş önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyklary, Azatlygyň habarçysyna aýdylmagyna görä, 9-njy noýabrda hem plastiki kartlara geçirilmedi.

Bu maglumat “Türkmenenbit” konserniniň 2014-nji ýyldan bäri öz daşary ýurtly potratçysyna 8 million dollardan gowrak bergisini töläp bilmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Nebitçiler aýlyklaryň plastik kartlara geçmeginiň gijikdirilmeginiň diňe bir problemadygyny, sebäbi gelen puly nagtlaşdyrmagyň hem esli wagt alýandygyny gürrüň berýärler.

Pul geçende hem, şol gün ony bankomatdan alyp bolmaýar, sebäbi bankomatlaryň birinde pul bolsa, onusynda pul ýok, sebäbi adamlar aladaňdandan nobata durup, bankomatlarda bolanja puly derrew alýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen 50 ýaşly nebitçi gürrüň berdi.

Bu ýagdaý sebitiň aýlyga garaşýan ýaşaýjylaryny çykalga gözlemäge, köplenç öz plastik kartlaryny paýtagtdaky tanyş-bilişlerine, dogan-garyndaşlaryna ugradyp, pullaryny nagtlaşdyrmaga mejbur edýär.

Aýdylmagyna görä, bu tapylan “çykalga” hem çykdajy talap edýär, ýagny kartlary alyp gidýän we nagtlaşdyrylan puly alyp gelýän taksi sürüjiler öz “hyzmatlary” üçin 20 manat alsa, puly nagtlaşdyran tanyşlar 20 manat soraýar. Bankyň öz hyzmatlary üçin tutýan 1 prosentini hem üstüne goşsaň, her aýda aýlygyňdan zähmet hakyňy eliňe almak üçin 50 manat çemesi pul ýitirýärsiň diýip, aýry-aýrylykda gürleşen nebitçileriň ikisi Azatlyk radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de ol bu ýagdaýyň ozalam gijigip gelen aýlygyň ýene bir hepde çemesi giç alynmagyna sebäp bolýandygyny sözüne goşdy.

Aýlyklaryň gijikmegi Balkan welaýatynyň nebit-gaz pudagynda başga regionlardan gelip, köpçülikleýin işleýän işçileriň ýagdaýyny has-da beter kynlaşdyrýar, sebäbi olar “wahta” usuly diýilýände, 15 günläp meýdanda, nebit çykarylýan ýa gaz alynýan ýerlerde ýaşap, 15 günden soň öz obalaryna gatnap işleýärler.

Uzak aralyga gatnap, öýüňden uzakdan ýaşap işleseň, pul has kän gerek bolýar. Her aýda aýyň 10-na çenli pulumyzyň gelmegine garaşýarys, emma bu bolmaýar. Onsoň yzymyza, öýe gaýtjak bolamyzda ýerli ýaşaýjylardan, bile işleýän ýoldaşlarymyzdan karzyna pul alýarys” diýip, wahta usulynda işleýänlebaply işçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň aýdanlarynyMary welaýatyndan Balkana gatnap işleýän işçileriň hem birnäçesi tassyk etdi.

Aýlyklaryň gijikmeginiň sebäbi açyk aýdylmaýar. Bu barada edara ýolbaşçylaryndan soralanda, işçileriň sözlerine görä, olar “biz kimiň näçe gün işländigini we näçe aýlyk almalydygyny görkezýän tabelleribanka tabşyrdyk,bizden günä sowuldy” diýip jogap berýärler. Şeýle-de ýolbaşçylar işçileriň banka baryp, galmagal edip ýörmezliklerini maslahat berýärler, “aýlyklaryň gijikmeginiň sebäbini özümiz sorarys” diýýärler.

Bank ýolbaşçylary bolsa, maliýe ulgamyndaky çeşmäniň aýtmagyna görä,aýlyklaryň gijikmegini pagta ýygymy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Ýurtda pagta ýygymy doly güýjünde dowam edýär, biraz sabyr ediň, ozaly bilen pagtaçylaryň zähmet haklary tölenmeli, Balkan welaýatynyň aýlyklary biraz gijiger” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen bank resmisi aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminden başga wagtlar hem, soňky bir ýylyň dowamynda aýlyklaryň 10-15 güne çenli gijikmeginiň adaty zada öwrülýändigini aýdýarlar.

Ýogsa ýurduň zähmet kodeksinde her aýyň aýlygynyň soňky aýyň 5-ne çenli berilmelidigi aýdylýar.