ABŞ: Saýlawlaryň netijeleri Trampyň daşary syýasatynda nämälimlik döredýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Prezident Donald Trampyň Waşingtonyň öňden gelýän ýaranlyklar we gatanyşklar kadakaryny sorag astyna almagy bilen geçen iki ýyllykda Birleşen Ştatlaryň daşary syýasaty üýtgedi.

Kongresiň aşaky öýüne kontrollygy gazanan Demokratlaryň daşary we içeri syýasata köpräk täsir etmäge taýýarlanmagy bilen daşary syýasat ýene-de ýüýtgeşiklige tarap barýar.

Birleşen Ştatlaryň syýasy sismetasynyň strukturasy boýunça daşary syýasata agalyk edýän ýerine ýetiriji häkimiýet, ýagny Ak Tam.

Ýöne pula, urşy maliýeleşdirmäge gönükdirilen býujet serişderlerine kontrollyk, diplomatiýa, aňtaw gulluklarynyň operasiýalary ýaly zatlara gezek gelende welin, has köp täsire eýe kongresdäki kanun çykaryjylar

Wekiller öýündäki demokratlar indi bu ýerde haýsy kanun taslamalaryna garalmalydygyny kesgitläp bilerler, şeýle hem çykdajy syýasatynda we kanunlary düzmekde oýnaýan rollary has artar. Munuň Orsýet, Saud Arabystany we beýleki ýerler babatda has berk tutumy öz içine almagy mümkin.

Demokratlaryň Wekiller öýünde gazanan ýeňşiniň Respublikanlaryň kontrollygyndaky Senata garşy güýçdigine şübhe ýok.

Brookings institutynyň ylmy barlag işgäri Marwin Kalbyň pikiriçe, bu iň azynda daşary syýasat üçin köpräk garym-gatymlyk we azrak sazlaşyklyk bolup durýar.

Ol: “Gaty köp gürrüňler, gaty köp derňewler we duşuşyklar bolar. Ýöne bular näçe köp bolsa, prezidente teklip eder ýaly formulirlenen, aýdylan pikirlere garşy getirilýän delilleriň ýa garşy strategiýalaryň azrak bolmgy mümkin” diýýär.

Öňki daşary işler sekratary Jon Kerriniň departamentinde işgärlere ýolbaşçylyk eden Dawid Wade ses berişlikden öň çap edilen tefsirde demokratlar öz wiziýalaryny görkezmeli bolarlar diýdi.

Ol: “Demokratlar daşary syýasaty defirnirlemeli bolarlar ...globalizasiýa sebäpli özlerini yza taşlanan hasaplaýan Trampyň saýlawçylaryny ynandyrmak baglnyşygy bilen Trampizme alternatiwleri beýan etmek ýaly jedelli meseleleri gozgamaly bolarlar” diýip Wade ýazdy.

Britaniýanyň daşary işler ministrliginde beýleki wezipeler bilen birlikde Orsýetde we NATO-da ilçi bolup işlän Ian Bonduň aýtmagyna görä, Ýewropada Birleşen Ştatlaryň aralyk saýlawlaryna Waşingtonyň nirä gönügendiginiň alamaty diýip garalýar.

Ol: “Ýewropa bilen Demirgazyk Amerikanyň arasynda onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän transatlantik gatnaşyklara ynanýan Londondakylar, Brýusseldäkiler, aralyk saýlawlarynyň Amerikanyň öz ýewropaly ýaranlarynyň gadyryny bilýän we prezident Trampyň transatlantik ýaranlygyny söküp taşlamaga bolan başarnygyny çäklendirýän kongresi öndürmegini umyt edýärler” diýýär.

Täze kongresde üýtgemegi ýa üýtgemezligi mümkin käbir daşary syýasy meseleler.

Orsýet

Kongresiň respublikanlaryň kontrollygyndaky iki öýüniň arasynda Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny zor bilen özüne birikdirip, gündogar Ukrainada separatizmi berkitmegi baradaky sorag hakda köplenç pikirdeşlik bardy.

2017-nji ýylda Amerikanyň garşydaşlaryna garşy sanksiýalar kanuny, ýagny “CAATSA” kongresiň iki öýünde-de agzybirlikli diýen ýaly kabul edildi.

Demoratlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýünde bu agzybirligiň üýtgeme ähtimallygy ýok diýerlik. Kremliň has güýçli tankytçysy we Orsýetiň basyş astyndaky adam hukuklary toparlarynyň goragçysy bolan Eliot Engeliň Wekiller öýüniň Daşary işler komitetiniň başlygy bolmagy mümkin.

Orsýetiň ýene bir tankytçysy Adam Smitiň hem Wekiller öýüniň Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy bolmagyna garaşylýar.

Senat saýalwdan öň-de Moskwa basyş etmegi dowam etdirmek barada bir esasy şahsyýeti elden bermäge taýýarlanýardy. Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Korker pensiýa çykmak kararyna geldi.

Korkeriň ýerine komitetdäki ýokary derejeli respublikan Jim Riş geler diýlip çaklanýar. Ol Orsýet baradaky syýasatda Korker ýa başlyk bolmaga ymtylýan beýleki respublikanlar, mysal üçin Marko Rubio ýaly dyzmaç däl. Riş Ak Tama dalaş etmekde tanalýar. Rubio bolsa 2016-njy ýylda Trampa garşy dalaşa giren adam. Onuň 2020-nji ýylda hem dalaşa girmegi mümkin.

Orsýet babatda Senat özüniň iň täsirli şahsyýetleriniň ýene birini, ýagny Jon MkKaini ýitirdi. Ol awgust aýynda aradan çykdy. Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy hökmünde MkKain Amerikanyň goranmak syýasatyny, şol sanda Ýewropada-da dolandyrmaga goşant goşypdy.

MkKain aradan çykanyndan soňra bu komitetiň ýolbaşçylygyny James Inhofe aldy. Onuň bu wezipede galmagyna garaşylýar. Inhofe öz pikirlerini ýaşyrman aýtmakda MkKain ýaly bolmasa-da, respublikan kärdeşleri bilen birlikde “CAASTA” kanunyny goldap ses berdi.

Senatdaky demokratlar şol sanda kynlyk bilen gaýtadan saýlanan Robert Menendez-de beýleki zatlar bilen birlikde Orsýetde döwletiň alan garz pullaryny tölemegini kynlaşdyrmak ýaly meselelerde Moskwa edilýän basyşy artdyrdylar.

Kongresiň Ukraina çemeleşişinde üýtgän uly zat bolar diýip garaşylanok. Bu ýurt geçen iki ýyllykda hem respublikanlar, hem-de demokratlar tarapyndan berk goldalyp geldi. Demokratlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýüniň Ukrainanyň ýaragly güýçlerini köpräk ýarag bilen üpjün etmek hakda oýlanmagy mümkin.

Eýran

Birleşen Ştatlaryň Eýrana çemeleşişi Tramp wezipe başyna geleninden az wagt soň saga tarap üýtgedi. Respublikan kanun çykaryjylaryň aglabasy, şeýle hem Trampyň ýokary derejeli geňeşçileri prezident Barak Obamanyň Tährana çemeleşişine, şol sanda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşigine-de şübheli garadylar.

Ylalaşygy köp demokratlar goldadylar. Bu ylalaşykda dünýäniň güýçli döwletleri Eýranyň ýadro ambisiýalaryny çäklendirmegiň deregine onuň garşysyna girizilen ykdysady sanksiýalary ýatyrdylar.

Tramp 2015-nji ýylky geleşikde ýatyrylan amerikan çärelerini gaýtan girizdi. Mundan başga-da Eýranyň ballistik raketa programmasyny we onuň Orta Gündogardaky hereketlerini, öz administrasiýanyň aýdyşy ýaly, “iň agyr” sanksiýalar bilen nyşana aldy.

Wekiller öýüne kontryllyk demokratlaryň elinde bolsa-da, ykdysady we beýleki sanksiýalary girizmek ygtyýarlygy Ak Tama degişli bolany üçin, Trampyň Eýrana edilýän basyşy artdyraryna garaşylýar.

Muňa garamzdan, beýleki meselerde bolşy ýaly, Wekiller öýi Trampyň geňeşçilerini Eýran syýasaty bilen baglanyşykda görkezme bermäge we administrasiýanyň getirýän delillerini düşündirmäge çagyryp bilýär.

Kongresde Eýran “CAATSA” kanunyna girizildi. Tom Kotton ýaly ýokary derejeli respublikan senatorlar berk çemeleşmegi goldap, mundan hem köp jezalandyryjy çäreleriň girizilmegini islediler. Ýöne Rand Paul we Maýk Lee ýaly beýleki respublikan senatorlar Trampyň uruş hereketlerini maliýeşdirmäge we onuň geňeşçileriniň Eýrana garşy beýleki basyşlaryna tutunýerlilik bilen garşy çykdylar.

Ak Tam we Saudylar

Orta Gündogarda Saud Arabystany Waşingtonyň iň ýakyn musulman ýarany bolup durýar. Ol Birleşen Ştatlardan milliardlarça dollarlyk ýarag satyn alýar, dünýäniň nebit bazaryny durnukly saklaýar we Orta Gündogardaky konfliktlerde köplenç ýaşyryn rol oýnaýar.

Ýöne tagt şazadasy Mohammed bin Salmanyň tankytçylarynyň biri bolan žurnalist Jamal Haşogginiň öldürilmeginden soňra Birleşen Ştatlar bilen bolan gatnyşyk dartgynlaşyp ugrady.

Birleşen Ştatlarda ýaşamga hukukly bolan Haşogginiň 2-nji noýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasynda bir ýörite topar tarapyndan oldürilendigi aýdylýar. Tramp Riýada garşy herekete geçmek barada iki partiýa tarapyndan basyş astynda dur. Öten aý hem demokratlardan, hem-de respublikanlardan ybarat 20 senator Ak Tama hat ýazyp, Haşogginiň ölümi bilen ilteşikli saudy resmilerine garşy sanksiýa girizmgei teklip etdiler.

Trampyň ýolbaşçylygynda, beýleki daşary syýasy ugurlarda bolşy ýaly, Saudy patyşalygy bilen bolan gatnaşyklar-da köplenç Ak Tam tarapynda dolandyryldy. Amerikanyň Orta Gündogar boýunça syýasatynyň uly bölegini dolandyrmakda iş alyp baran Trampyň giýewisi Jared Kuşner. Ol Saudy liderleri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar.

Demokratlar Wekiller öýünden Ak Tama diňe Haşogginiň öldürilmegi barada basyş edilmegine däl, eýsem Kuşneriň saudy ýolbaşçylary we söwda ýolbaşçylary bilen bolan işlerine hem siňe syn edilmegine garaşýar.

Galyberse-de, goňşy Ýemenda barýan raýat urşy gumanitar betbagtçylyga öwrülip gelýär. Bu ýerde Saud Arabystanynyň harby howa güýçleri Amerika tarapynadn üpjün edilen harby uçarlary Eýrandan goldaw alýan Huti gozgalaňçylarynyň garşysyna ulanýar. Kanun çykaryjylaryň birnäçesi saudylaryň jylawlanmagyny isleýärler.

Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýüniň Riýady jezalandyrmak üçin müňlerçe mümkinçiligi bar. Ol ýarag satylmagyny ýa saudylaryň Birleşen Ştatlar bilen ýadro energiýasy boýunça ylalaşyga gelmegini bökdäp bilýer.

Muňa garamazdan administrasiýanyň Ýemen baradaky tutumynyň eýýäm süýşip başlan bolmagy mükin. 31-nji oktýabrda döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen goranmak sekretaty Jim Mattis Ýemen urşundaky taraplary atyşyklary bes etmek hakda ylalaşmaga çagyrdylar.

Mueller faktory

Ýörite geňeşçi Robert Muelleriň Orsýetiň 2016-njy ýylky prezident saýlawlaryna garşymagy baradaky barlaglary, şeýle hem Trampyň ýaranlarynyň we ors resmileriniň arasynda bolan hereketler Tramp administrasiýana abanýan iň garaňky kölege bolup durýar.

Federal derňew gullugy (FBI) tarapyndan saýlawdan dört aý öň başlanan derňewi dowam etdiren Muelleriň işleri Trampy gahar-gazaba mündürdi.

Respublikanlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýi Muelleriň derňewlerine köp goldaw bermedi. Käbir respublikanlar Muelleriň toparyna degişli käbir adamlar Tramp barada ýalňyş pikirli diýdiler.

Wekiller öýi Maýk Konawaýyň ýobaşçylygynda Trampyň saýlaw kampaniýasy bilen Ors resmileriň arasynda “dildüwşük” bolmandyr diýip, Aňtaw komitetini martda tamamlandy etdi. komitete degişli demokratlar bolsa bu gelnen netijäni boýkot etdiler.

Bu ýagdaýyň demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýünde gysga salymyň içinde üýtgemegi mümkin.

Aňtaw komitetiniň ýolýaşçylygynyň Adam Şife geçmegine garaşylýar. Wekiller öýündäki demokratlaryň we demokratik saýlawçylaryň derňew işleriniň uly depgin bilen alnyp barylmagyny talap edýändigini nazara alanyňyda, ol hem şaýatlaryň kazyýete çagyrylmagy we dokumentleriň kazyýetiň garamagyna berilmegi üçin basyş astynda bolar.

Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýüniň we respublikan Senatyň ilkinji synaga nähili meýil görkezjekdigine garamazdan Trampa garşy hereketleriň sanlyja hepdäkiniň içinde başlamagyna garaşylýar. Tramp baş prokuror Jeff Sessiony wezipeden boşatmagy ýa-da ony gysyp çykarmagy planlaşdyrýandygyny duýdurdy. Session Muelleriň derňewlerine gözegçilik etmegi ret etmek bilen Trampy gaharlandyrdy.

Session wezipeden çykarylsa, onuň orunbasary Rod Rosensteiniň-de ykbaly sorag astynda galar. Sebäbi Muelleriň derňewleri hakda onda ygtaýylyk ýok.

Tramp Muelleri wezipeden boşadan ýa başga hili basyşlara ýüz uran halatynda Wekiller öýüniň ony kanuny taýdan yzarlamak işlerini ýola goýmagy mümkin.