Balkanda käbir gallaçy kärendeçiler fosfor döküniniň üpjünçiliginden şikaýat edýär

Daýhanlar ýerlerde suw we dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Arhiwden alnan surat.

Şu günler Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler aktuallygyny saklaýan wagty, Balkan welaýatynyň käbir etraplarynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň himiki dökün üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändiklerini gürrüň berýärler.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy bu ýagdaýlar boýunça 31-nji oktýabrda ýetiren maglumatynda Balkan welaýatynyň hususan-da Serdar hem-de Bereket etraplarynyň gallaçy kärendeçileriniň fosfor döküni bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bölünip berlen ýerlere döwlet tabşyrygy esasynda bugdaý ekmek bilen borçlandyrylan serdarly hem-de bereketli ençeme kärendeçi döwlet tarapyndan üpjün edilýän fosfor döküniniň özlerine wagtyndan giç berilýändigini habar berýär.

Habarçy bu ýagdaýyň bugdaýyň ösüşine oňaýsyz täsir edýändigini kärendeçi daýhanlaryň birnäçesiniň sözlerine salgylanyp gürrüň berýär.

Türkmenistanda sentýabr aýynda güýzki bugdaý ekiş möwsümine girişildi.

2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça güýzlük bugdaý üçin jemi 760 müň gektar meýdan ýer bölünip berildi hem-de 1 million 600 müň tonna däne taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Degişli maglumat Tamamlanan oragyň anyk netijeleri agzalmazdan, üstümizdäki ýylyň galla plany kesgitlendi

Tapgyr iki ýyl bäri Türkmenistan meýilleşdiren galla planyny dolup bilmäni gelýär.

Ýurduň oba hojalyk pudagyndaky häzirki ýagdaýlar bilen ýakyndan gyzyklanýan ýerli çeşmämiz fosfor döküniniň ekerançylykdaky ähmiýetine ünsi çekýär.

“Agrotehnikanyň talaplaryna görä, ýerlerde entek ekiş geçirilmänkä fosfor döküni dökülmeli. Sebäbi bu dökün ortaça üç aýdan soň topraga öz ýetirmeli täsirini ýetirýär. Fosfor ýeri ýumşadyp, dänäniň ine-gana ýere kök urmagyna mümkinçilik döredýär. Ýere ymykly kök uran islendik däneli ekiniň ösüşi we hasyllylygy ýokary bolýar” diýip, ýurduň oba hojalyk pudagyny öwrenýän çeşmämiz gürrüň berdi.

Ýurduň döwlet metbugatyna ynansaň, Türkmenistan dökün-himiýa üpjünçiliginde diňe bir içerki talaby kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ol oba hojalyk üçin zerur bolan dökün serişdelerini daşary ýurtlara-da eksport edýär.

Ekerançylykda ulanylýan himiki dökünleriň we beýleki serişdeleriň önümçiligine döwlet eýeçiligindäki “Türkmenhimiýa” konserni gözegçilik edýär.

Ýurduň dürli künjeklerinde bu konserne degişli zawodlar hereket edýär.

Türkmenistanda öndürilýän fosfor döküniniň agramly bölegi Türkmenabatda ýerleşýän himiýa zawodynda öndürilýär.

Resmi maglumatlarda bu zawodyň ýylda 225 müň tonna fosfor dökünlerini hem-de 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyplydygy habar berilýär.

“Ekilen we ösüş suwy tutulan bugdaý meýdanlarynyň tas hiç haýsysyna diýen ýaly fosfor döküni berilmändir” diýip, Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda gürrüňdeş bolan ýerli kärendeçileriň sözlerine salgylandy.

“Daýhan birleşikleriň başlyklary olary (kärendeçileri ýanlaryna) çagyryp, “zerur döküniň belli bir bölegi gelip gowuşdy, gerek bolsa fosfor dökünini berip bileris” diýýärler. Kärendeçi daýhanlar bolsa daýhan birleşikleriň başlyklaryna jogap gaýtaryp, “biz eýýäm ösüş suwuny tutduk, indi fosfor gerek däl diýýärler” diýip, habarçymyz kärendeçiler bilen oba başlyklarynyň arasyndaky gürrüňdeşlige salgylandy.

Onuň sözlerine görä, kärendeçiler özlerine wagtyndan giç berilýän dökünden ýüz öwren ýagdaýlarynda-da döwlet bilen hasaplaşykda muňa töleg tölemäge mejbur bolýarlar.

Ýatlasak, Halk Maslahatynyň iň soňky mejlisinde döwlet baştutany oba hojalyk pudagynda beýleki käbir özgertmeler bilen bir hatarda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak barada çözgüt hödürledi.

Degişli maglumat Obasenagat toplumyny özgertmek teklip edilýär, eýsem, bu 'özgerişler' daýhanlara nähili täsir eder?

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy degişli nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen, häzirki wagtda ýerlerde kärendeçileriň tehnika we dökün bilen bagly tölegleriň ýokarlanmagyndan hem howatyr edýändigini gürrüň berdi.

Habarçymyzyň Balkan welaýatynyň degişli etraplarynda dowam edýän dökün üpjünçiligindäki bärden gaýtmalar boýunça döwlet metbugatynda gürrüň gozgalmaýar.