Berdimuhamedow dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girizildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “The Muslim 500” atly dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girdi.

“2006-njy ýyldan bäri häkimiýet başyndaky Berdimuhamedow däp-dessurlara eýerýän aram musulman bolup, ol Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçirilen saýlawlarda sesleriň 97%-ni alyp, gaýtadan prezidentlige saýlandy” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Bu hasabat Iordaniýanyň paýtagty Ammandaky Şalygyň yslam strategik derňew merkezi tarapyndan taýýarlanýar we Birleşen Ştatlaryň Jorjtaun sebitindäki şazada Al-Waleed Bin Talalyň musulman-hristian özara düşünişme merkezi bilen bilelikde her ýyl çap edilýär.

Sanawda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistanyň müftisi Usmanhon Alimow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we bu ýurduň müftisi Saidmukarram Abdulkodirzoda dagyň hem atlary bar.

Degişli maglumat Forum 18: Türkmenistanda şu ýyl dini ynanjy üçin dokuz adam tussaglyga höküm edildi

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan sanawyň birinji ornunda ýerleşdirildi. Ikinji orny Saud Arabystanynyň şasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Saud, üçünji orny bolsa Iordaniýanyň şasy Abdullah II ibn al-Huseýn eýeleýär.

Dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawynda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrow hem ýerleşdirilipdir.

Sanawyň iň täsirli 50 şahsyýetiniň arasynda bolsa, palestinaly 17 ýaşyndaky aktiwist Ahed Tamimi, garyşyk söweş tärleri boýunça meşhur türgen Habib Nurmagamedow hem bar.

Dünýäde din azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalarynyň ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda hökümetiň ähli garaşsyz dini hereketlere şübheli garaýandygy we dinçilere ýurduň içinde hem daşynda berk gözegçilik edýändigi bellenýär.

Degişli maglumat ABŞ ÝHHG-ny Türkmenistanda adam hukuklary babatda has köp tagalla etmäge çagyrýar

Türkmenistanda namaz okaýanlara, ýa-da sakgal goýberýänlere basyş edilýändigi, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän şahsy düzüme dini ybadatlary berjaý etmezligi tabşyrýandygy barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumat gowuşýar.

20-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän serhet birikmeleriniň käbir gullukçylarynyň namaz okaýandyklary üçin işinden boşadylandygyny habar berdi.

Iýul aýynda Türkiýeden ýurda dolanan bir türkmenistanly özüniň Aşgabadyň aeroportunda soraga çekilendigini, hem-de häkimiýetleriň onuň telefonyndaky namaz okap düşen suratlaryna esaslanyp, oňa “terrorçylyk” aýyplamasyny atandygyny Azatlyga anonim ýagdaýda habar beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti halkara ýygnaklarynda bu gürrüňleri inkär hem-de ret edip çykyş edýär, din azatlygynyň ýurduň Konstitusiýasynda kepillendirilýändigini aýdýar.