Ot-iým ýetmezçiliginden zeýrenýän maldarlar gyşa aljyraňňy ýagdaýda garaşýarlar

Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň maldarlary ýylyň gurak gelendigini we meýdanda hasylyň ýeterlik derejede ýokdugyny aýdyp, mal-gara üçin ot-iýmiň ýetmezçiliginden zeýrenýärler.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş bolan Ahalyň Bäherden, Gökdepe we Balkanyň Bereket, Serdar, Türkmenbaşy etraplarynyň maldarlary gyş paslynyň golaýlamagy bilen özleriniň juda aljyraňňy ýagdaýdadyklaryny, sebäbi döwlet dükanlarynda mal-gara üçin iýmlik kepegiň, arpanyň satylmaýandygyny aýdýarlar.

“[Daýhanlar] gyşa ozalkysy ýaly öňünden ätiýaçlyk iýmini tapyp bilmeýändiklerini aýdyp, zeýrenýärler. Bugdaý hasylynyň az ýygnalandygyna şaýatlyk edýän bir ýagdaý, öňküsi ýaly bol saman hem ýok diýip, çopan-çoluklar, maldarlar aýdýarlar. “Sebäbi bugdaýyň hasylly gelen ýyllarynda küdelenen, daňylan bugdaý samanyny hem esli mukdarda satyn alyp bolýardy, bu ýyl şeýle elpe-şelpelik bolmady. Bugdaýyň hasylynyň azlygy sebäpli onuň samany hem az boldy. Galyberse-de, bugdaý üwelenden soňra ondan galýan kepek umuman görünenok” diýip, maldarlar aýdýarlar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Degişli maglumat Daşoguzly pileçiler arçynlaryň 'künjara, kepek' wadasy bilen aldandyklaryny aýdýarlar

Şahsy hojalygynda 1000 çemesi goýun-geçisi, sygyry, düýesi bolan ahally we balkanly maldarlar ýylyň gurak gelendigi sebäpli meýdanda gögerýän ot-iýmiň hem tas ýokdugyny, şol sebäpli şu ýyl otdan bede basmak mümkinçiliginiň hem bolmandygyny aýdýarlar.

Azatlyk bilen anonim şertde söhbetdeş bolan maldarlar bu gytçylyk dowam etse, onda gyşda öz mal-garalarynyň aglabasynyň gyryljagynyň ikuçsyzdygyny aýdyp, olary gyşdan aman çykarmak üçin dowarlarynyň belli bir bölegini satyp, ot-iými gymmat bahadan satyn almaga-da taýýardyklaryny, ýöne onuň hususy eýeçilikdäki dükanlarda hem tapdyrmaýandygyny belleýärler.

Sebäbi olar mülk ýerlerine arpa eken daýhanlaryň hem öz hasylyny, ýagny mal-gara üçin iýmlik arpasyny satuwa çykarmaga häzirlikçe howlukmaýandygyny aýdýarlar.

“Çarwadarlar 2016-njy ýylda mülkdarlaryň ýetişdiren arpasynyň 1 kilogramyny 1 manada satan alandyklaryny, 2017-2018-nji ýyllaryň sepgidinde onuň 3 manada ýokarlanandygyny gürrüň berýärler. Indi welin maldarlar ony 5 manatdan satyn almagy hödür etseler-de, mülk ýeri bolanlar “Men hasylymy ýygnadym. Entek özüme näçe gerek boljak, ilen-çalanyma näçe gerek boljak ony bilemok” diýip, satmaga howluganoklar diýýärler” diýip, synçy gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar

Galyberse-de, maldarlar özleriniň ýetişdirýän mal-garalarynyň ýurduň bazarlaryny, dükanlaryny et we süýt-gatyk önümleri bilen üpjün edýändigine ünsi çekip, etrap hem-de welaýat derejesindäki resmilerden kömek soraýandyklaryny, ýöne häzirlikçe netijeli jogap alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Döwletde ýetişdirilen ot-iým döwlet sektoryndaky mal-garadan artsa, size, hususy eýeçilikdäkilere-de satarys. Ine, döwlet eýeçiligindäki iým dükanlary bar. Şolara eltiler. Ýöne siz öz nejadyňyzy özüňiz görüň, biz ozaly bilen döwlet eýeçiligindäki maldarçylygy ot-iým bilen üpjün edýäris diýip, başdan sowma jogap berýärler diýip zeýrenýärler” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda un-çöregiň we arpa-bugdaýdan öndürilen önümleriň, şol sanda kepegiň gytçylygy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär we Azatlyk Radiosy bu barada yzygiderli maglumat taýýarlaýar.

Döwlet bahasy 30 teňňe bolan 1 kilogram kepegiň bahasy soňky bir ýylyň dowamynda 5-6 manada çenli ýokarlandy. Geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal peýda bolýan iýmlik kepegi satyn almak üçin adamlar uzyn nobatlara düzülýärler. Käte adamlardan nobata durmak üçin pasportynyň nusgasy hem talap edildi.

Degişli maglumat Döwlet derejesindäki korrupsiýa kepek söwdasyna baryp ýetdi

Şeýle-de, kepek gytçylygynda dawa-jenjeller we basa-baslyklar hem döredi. Fewral aýynda mal-gara üçin iýmiň bahasynyň ýokarlanmagynyň we onuň gytçylygynyň mallaryň baş sanynyň azalmagyna, ýagny köpçülikleýin öldürilip, ete geçirilmegine getirýändigini, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti geçen bir ýylyň dowamynda ýurduň agrosenagat pudagynyň işini yzygiderli tankytlady, hasyllylygyň derejesiniň pesdigini, ýerleriň şordugyny we beýlekileri boýun aldy. Ýöne ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne döwlet baştutany, ne-de resmi metbugat mesele gozgady.