Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň, käte tutuş maşgalalaryň ýurduň daşyna çykmagyna päsgelçilik döretmegini dowam etdirýärler. Köplenç uçara mündürilmedik ýolagçylara munuň sebäbi düşündirilmeýär.
23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna häzir Türkiýede ýaşaýan lebaply zenan ýüzlendi. Onuň sözlerine görä, gyzyny, ogluny we iki sany ýaş agtygyny Aşgabatdan Türkiýä barýan uçara goýbermändirler.
"Gyzym hiç zady düşündirmeýändigini aýdýar. Baryň Lebaba we rugsat alyň diýipdirler, özümiz Lebapdan. Nämäniň rugsady?! Hiç zady düşündirmändirler. Olaryň pasportlary bar we elektron biletleri. Meniň uly gyzym we oglum bahardan bäri dokumentleri taýynladylar. Ellerinde ähli dokumentler, çagalaryň ýurtdan çykmagyna rugsat haty bar. Olara hatda nämäniň ýetmezçilik edýändigini hem aýtmandyrlar. Baryň Lebaba, rugsat alyň diýipdirler" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlyk Radiosynda bu maşgalanyň agalary barada jikme-jik maglumatlar bar, emma biz olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen muny mälim etmekden saklanýarys.
Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaý bilen baglylykda Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa resmilerinden resmi düşündirişi we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagy üçin edil häzir talap edilýän dokumentleriň anyk sanawyny almak boýunça synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.
Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň daşary ýurtlara gitmek hukugyny kepil geçýär. Migrasiýa gullugynyň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, raýatlaryň pasporty olaryň şahsyýetini tassyklaýan we olara Türkmenistandan girip-çykmak hukuk berýän dokument bolup durýar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda wizasyz düzgün saklanýar. Bar bolan resmi düzgünlerde türkmen raýatlarynyň Türkiýä gitmegi üçin daşary ýurt pasportynyň we uçar biletiniň bolmagy talap edilýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistanyň raýatlary ýurtdan çykmakda, ilkinji nobatda-da Türkiýä gitmekde yzygiderli kynçylyklara uçraýarlar. Soňky döwürde Türkiýä we ýene birnäçe ýurda, şol sanda Birleşen Arap Emirliklerine barýan ýolagçylaryň uçardan düşürilmegi bilen bagly onlarça waka ýüze çykdy.
Bu ýagdaýy başdan geçiren türkmenistanlylaryň gürrüň bermegine görä, köplenç daşary ýurda gitmekde zenanlar, şeýle-de, ýaşy 40 ýetmedik raýatlar kynçylyk çekipdi. Migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäbini düşündirmändi.
Käbir halatlarda häkimiýetleriň hereketleri ýolagçylaryň açyk nägileligine sebäp bolupdy.
Degişli maglumat Ýolagçylar Aşgabadyň aeroportynda käbir organ işgärleriniň gödekliginden nägileAşgabadyň aeroportunda uçardan düşürlen ýolagçylara köplenç bilet çykdajylaryny yzyna almak başartmaýar. Munuň bilen bir wagtda, Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmedik ýolagçylary aldap, olara ýurtdan çykmaga ýardam bermek wadasy bilen puluny hem dokumentlerini ogurlaýan toparlaryň hereket edýändigi habar berilipdi.
Türkmenistandan çykmakdaky kynçylyklara garamazdan, gitdigiçe has köp adam daşary ýurtlara gitmäge synanyşýar, köpüsi gazanjyň gözleginde. Agyr işsizlik migrasiýanyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.
Degişli maglumat Aşgabatda ‘uçara mündirerin’ wadasy bilen ýolagçylardan pul alýan ‘hilegär’ toparlar peýda boldy
10-njy oktýabrda Aşgabatdan Stambula uçan reýsleriň biriniň ýolagçysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, şol gün aeroportda ýolagçylaryň uçara garaşyp oturan wagtynda howpsuzlyk gullugynyň resmi we graždan geýimli işgärleriniň gurnan düşündiriş söhbetdeşligi barada habar berdi. Onuň sözlerine görä, 20 minutlyk bu gürrüňdeşligiň dowamynda Türkiýä barýan ýolagçylary hatara düzüp, olardan kanuny bozmazlygy we jenaýatçylykly toparlardan daşda durmagy talap edipdirler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýylyň dowamynda ýurduň daşyndaky zähmet migrantlary yzyna gaýtarmak boýunça hem çäre görýärler. Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň sözlerine görä, bu çäreleriň ählisi ýurduň daşyndaky türkmen raýatlarynyň sanyny azaltmak maksadyna gönükdirilýär.
Şol bir wagtda-da, türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady problemalary, şol sanda işsizligi açyk boýun almaýar. Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri hökümetiň köpçülige mälim etmekden saklanýan maglumatynda, hususan-da 2017-nji ýylda ýurtda işsizlik derejesiniň 60% çemesinde görkezilendigini aýdýarlar.