Türkmenistanda benziniň gymmatlajakdygy baradaky gürrüňler ilat arasynda dowul döredýär

Aşgabatdaky ýangyç guýulýan stansiýalaryň biri. Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabatda ýaşaýjylaryň benziniň gymmatlamagyndan howatyr edip, gijelerine ýangyç guýulýan stansiýalardan ätiýaç üçin benzin satyn alyp başlandygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Halk maslahatynyň yz ýany, adamlar benziniň we käbir beýleki harytlaryň gymmatlamagyndan howatyr edýärler.

“Adamlaryň arasyndaky bu howsala soňky bäş günüň dowamynda has-da çynyrgady we olar gije sagat 11-den soň, köçelerde ulaglar selçeňleşenden soňra paýtagtyň ýangyç guýulýan stansiýalaryna baryp, ätiýaç üçin benzin satyn alyp başladylar. Olar benzini 20-30 litrlik demir gaplara guýduryp alýarlar. Işgärler hem benziniň asyl bahasynyň üstüne her bir litr üçin 20-30 teňňe goýup satýarlar” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Ol gijelerine ulag nobatlarynyň göze ilmeýändigini, sebäbi ýangyç guýulýan stansiýalaryň işgärleriniň ulag eýelerine benzin satyn almak üçin haçan gelmelidikleri barada öňünden “duýdurýandygyny we ylalaşýandygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, synçy paýtagtyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda gijelerine nobat bolmasa-da, irden we giçlik wagty uzyn ulag nobatlaryny görse bolýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu benziniň daňdana çenli satylyp gutarmagy bilen baglanyşykly.

“Gije benzin satyn alýanlaryň köpelmegi netijesinde irden ýangyç guýulýan stansiýalara baranyňda, benzin köplenç tapdyrmaýar. “Benzin ýok, gutardy” diýlen ýazgy bolýar. Adamlar käte iki, käte üç sagat garaşmaly bolýar. Netijede öň bir ýangyç guýulýan stansiýada ortaça 30 ulag nobata durýan bolsa, häzir olaryň sany 90-a ýetýär” diýip, Bugaýew belledi.

Türkmenistanyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda müşderilere awtoulagyň benzin bakyndan başga gaba benzin satmak gadagan. Ýöne muňa garamazdan, gijelerine ýaşaýjylara benziniň bikanun satylmagy bilen baglanyşykly ýagdaýa, umuman haýsydyr bir çäre görülmeýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda A-95, A-92 we A-80 markaly benziniň gymmatlajakdygy ýa-da gymmatlamajakdygy barada türkmen häkimiýetleri, şol sanda “Türkmennebitönümleri” resmi websaýtynda ýa-da resmi metbugatda häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýöne Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi özleriniň ýokary derejeli döwlet wezipelerinde işleýän dogan-garyndaşlaryna salgylanyp, öňümizdäki günlerde benziniň we käbir beýleki harytlaryň gymmatlamagyna garaşylýandygyny gürrüň berdi.

“Bize eger mümkinçiligiňiz bolsa, diňe benzin däl, beýleki zatlar, şol sanda zaýalanmajak – un, sogan, kartoşka, şeker – ýaly önümleri ätiýaç üçin alyp goýmagy ýokary wezipelerde işleýän dogan-garyndaşlarymyz maslahat berýärler. Sebäbi benziniň azyndan ýarym esse, belkem iki esse gymmatlajakdygy aýdýarlar. Beýleki harytlar babatynda-da şeýle boljakmyşyn. Ätiýaç üçin alan harytlarymyz bir-iki aý oňuşmagymyza ýeter” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

​Mundan öň, has takygy 4-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy adynyň efirde tutulmagyny islemedik resmi çeşmelerine salgylanmak bilen, ýurtda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygyny habar beripdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda benziniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýar

Azatlyk bu maglumaty öz websaýtynda çap edenden bir gün soň, ýarym resmi “Turkmenportal” neşiri bu habary ret edip, ýörite makala çap etdi.

"Türkmenistanda benziniň gymmatlajagy hakyndaky myş-myşlar ýalan bolup çykdy" diýip, “Türkmenportal” neşiri “Türkmennebitönümleri” döwlet kompaniýasynyň resmisine salgylanyp ýazdy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda benziniň bahasy soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda ençeme gezek we ençeme esse gymmatlapdy, emma bu barada ne öňünden, ne-de soňundan resmi taýdan ilata habar berlipdi.

Degişli maglumat Ýarym resmi türkmen habar agentligi benziniň gymmatlajagy hakyndaky habara ýalan diýýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende awtoulagly adamlara belli bir möçberde mugt benzin eçilipdi. Ýöne benzin mugtçulygy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy.

Emma soň, 2014-nji ýylyň aprelinde mugt benzin ýatyryldy, 2015-nji ýylyň başyndan bolsa benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlady.

Türkmenistanda benziniň bahasy soňky gezek şu ýylyň fewral aýynda 50% gymmatlapdy.

Galyberse-de, ýurtda benziniň gymmatlajakdygy barada ilat arasynda dörän dowul şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk maslahatynda ilata ozal mugt berlen gazyň, suwuň, toguň tölegli hasaba geçirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.