Hindistan yslamda gysga wagtda aýrylyşmaga mümkinçilik berýän tejribäni jenaýat diýip yglan etdi. Karara görä, bu aýrylyşmak usulyny ulanýanlar üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilinerler.
Hökümet bu karara sentýabr aýynda geldi.
Mundan öň ýurduň Baş sudunyň yslamyň aýrylyşmak däbi aýallaryň hak-hukuklaryny bozýar diýip, gelen kararyna garamazdan, parlamentiň ýokarky öýi degişli kanuny tassyklamandy.
Musulman dinindäki däbe görä, erkek adamyň aýrylyşmak üçin öz aýalyna üç gezek "talak" diýmegi ýeterlik.
Täze kararyň güýje girmegi üçin prezidentiň gol çekmegi zerur.
Hindistanyň 170 million adamdan ybarat musulman ilatynyň maşgala problemalary yslam şerigaty hakyndaky kanunyň esasynda çözülýär.
Musulman geňeşi graždan sudunyň bu işlere goşulmagyna garşy çykýar we musulmanlaryň aýrylyşmagyna degişli meseleleriň musulman jemgyýetiniň garamagynda bolmagyny talap edýär.
Emma käbir musulman aktiwistleri bu pozisiýa bilen ylalaşmaýarlar. Musulman aýallary öz ärleriniň dilden ýa-da sms arkaly aýrylyşýandygyny aýdýarlar. Aýallaryň öz hukuklaryny goramagy üçin kanuny haky ýok.
Statistika maglumatlaryna görä, Hindistanda musulmanlaryň sany 1.3 milliard ilatyň 13%-ni emele getirýär.