Türkmen häkimiýetleri okuw kitaplarynyň ýetmezçiligini gytaklaýyn boýun aldy

Türkmen häkimiýetleri şu ýylda çap edilmegi göz öňünde tutulan okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň diňe dörtden üç böleginiň çap edilendigini aýdyp, okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi baradaky problemany gytaklaýyn boýun aldylar.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosy mundan iki aý çemesi ozal, ýagny ýurduň mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda, paýtagtda okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi barada habar beripdi.

12-nji oktýabrda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Pürli Agamyradow “2018-nji ýylda çap etmäge meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 200 görnüşiniň 150-siniň neşir edilendigini habar berdi”.

Emma Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatynda göz öňünde tutulan netijäniň näme sebäpden gazanylmandygy we bu barada Ministrler Kabinetiniň başlygynyň, ýagny prezidentiň haýsydyr bir kommentariýa edendigi ýa-da etmändigi barada hiç zat aýdylmady.

23-nji awgustda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçiligi, mugallymlaryň tozan kitaplary çatyp-ýamap, çagalara paýlaýandygy hakynda maglumat beripdi. Şonda kitaplaryň ýetmezçiligi ýa-da olaryň könelip, aşa tüýdülendigi sebäpli mugallymlar bilen käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň hem bolýandygyny, Azatlygyň habarçylary gürrüň beripdiler.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan mekdep mugallymlarynyň köpüsiniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda her klasda diýen ýaly okuwçylaryň üçden biri okuw kitapsyz galýar, hususan-da ýagdaý ýokary klaslarda agyr. Bu klaslarda täze girizilen (kibernetika ýaly) käbir sapaklaryň okuw programmasyna girizilenine üç ýyldan gowrak wagtyň bolandygyna garamazdan, häzire çenli bu sapak üçin ne okuw gollanmasy, ne-de kitaby çap edilýär.

“Täze girizilen predmet, näme okatjagymyzy bilemizok. Onsoň beýleki döwletlerde nähiliräkkä diýip, gyzyklanyp görýäris. Bilýänjämizi gürrüň berýäris” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew mugallymlara salgylanyp gürrüň berdi.

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde eýýäm okuw ýylynyň birinji çärýegi tamamlanyp barýan mahaly, mugallymlaryň käbirleri bolsa, öz sapaklarynda sowet döwründe çap edilen ýa-da ýokary okuw jaýlaryna niýetlenen okuw kitaplaryndan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

“Bir okuw kitabyny tapyp, şony azyndan 10 mekdebiň mugallymlary bolup ulanýandyklaryny aýdýarlar. Şony biri konspektirleýärmişin, ýagny şu zatlary mekdep okuwçylarynyň aňynyň kabul edip biläýjek zatlary diýip, biri görýärmişin. Onsoň şol konspekt hem elden-ele geçip, şeýdip gününi görýärler” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Galyberse-de, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda türkmen lideri “ýurduň käbir ylmy-barlag institutlarynda barlag geçirilendigine, olaryň işinde köp sanly kemçilikleriň ýüze çykarylýandygyna hem-de hakykatda netijeleriň ýokdugyna wise-premýer Pürli Agamyradowyň ünsüni çekdi.

“Bu ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň ylmy derejeleri ýok, diňe ýörite bilimleri bar. Olardan nämä garaşyp bolar?” diýip, resmi metbugat Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi we onuň Agamyradowa “ýakyn wagtda ýörite topary döretmegi hem-de ylmy-barlag institutlarynyň her biriniň işinde derňew geçirmegi, soňra bolsa onuň jemleri baradaky hasabaty Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrandygyny” aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 31-nji awgustda döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, wise-premýer Pürli Agamyradow wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde kemçiliklere ýol bereni üçin berk käýinç aldy, bilim ministri M.Geldinyýazowa bolsa duýduryş berildi. Ýöne olaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda mekdeplerde okuw gollanmalarynyň we kitaplarynyň ýetmezçiligi barada takyk maglumat berilmeýär. Emma ýurtda şu ýylda çap edilmegi göz öňünde tutulan okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň diňe dörtden bir böleginiň çap edilmändigi baradaky hasabat we bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylara berlen käýinç we duýduryş, türkmen häkimiýetleriniň bu problemany gytaklaýyn hem bolsa boýun alýandygyny aňladýar.