Russiýa Türkmenistandan gaýtadan gazy import edip biljekdigini aýdýar

"Gazprom"

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy öňümizdäki ýyldan başlap, ýaňadandan Türkmenistandan gazy import edip biljekdigini aýdýar. Ýatlatsak, energiýa kärhanasy mundan üç ýyl ozal, baha dawalary sebäpli, türkmen gazyndan ýüz öwrüpdi.

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller 9-njy oktýabrda Aşgabada eden saparynyň dowamynda türkmen gazynyň importyny täzeden ýola goýmak ugrunda gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi.

Alekseý Miller

“Biz ýakyn geljekde, ýagny 2019-njy 1-nji ýanwaryndan başlap “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn alyp başlamagy ugrunda gepleşikleri geçirýäris” diýip, Miller belledi. Ol täze ylalaşygyň şerteriniň jikme-jiklerine ýene garalmalydygyny sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, import ediljek türkmen gazynyň möçberi, şeýle-de onuň nyrhy barada goşmaça maglumat berilmedi.

Bu aralykda, energiýa ekspertleri häzirki pursatda Russiýanyň – öz gaz ýataklaryny nazara alanyňda – başga bir döwletden mawy ýangyjy satyn almaga mätäçliginiň ýokdugyny belleýärler. Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti we Türkmenistanyň energiýa pudagyny içginden yzarlaýan Brýus Panniýer Milleriň beýanatynyň aňyrsynda başga bir ylalaşyklaryň bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Brýus Panniýer

“Bu ýerde esasy sorag: ‘Näme üçin Russiýa türkmen gazyny satyn aljak bolýar?’. ‘Gazprom’ ýeterlik derejede öz gaz ýataklaryny özleşdirdi. Olaryň türkmen gazyna mätäçligi ýok. Aslynda, bu ozalky, Türkmenistandan gazy satan alan ýyllarynda hem şeýledi. Bärde perdäniň aňyrsynda düýbünden başga bir söwdanyň bolandygy anyk. Emma, nähili söwda? Bilşimiz ýaly, Kreml daşary syýasatda öz bähbitlerini ilerletmek üçin ‘Gazpromy’ diýseň işjeň ulanýar” diýip, Panniýer belledi.

Panniýer ýagdaýlaryň nähili özgerjekdigini ýene görmeli boljakdygyny, ýöne häzir agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanyň Russiýa bilen ylalaşygyň öwezine Trans-hazar proýektinden el çekmäge razylaşan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň özara gaz söwdasy 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde iki ýurduň prezidentleriniň Moskwada baglaşan 25 ýyllyk gaz ylalaşygynyň esasynda alnyp barylýar.

Şol ylalaşyk boýunça ilkinji üç ýyl üçin gazyň her müň kubometriniň bahasynyň 44 amerikan dollary möçberinde kesgitlenendigi, 2009-njy we 2028-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň Türkmenistandan ýylda 70-80 milliard kubometr gazy satyn aljakdygy habar berildi.

Emma 2003-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli “Gazpromyň” “Türkmengazdan” satyn alýan gazynyň möçberi ýylda 42 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaldyldy.

Aşgabadyň we türkmen gazynyň öňki esasy hyrydary Moskwanyň arasynda gaz hyzmatdaşlygyndaky krizis 2009-njy ýylda başlandy.

Türkmenistan 9-njy aprelde Orta Aziýa-Merkez (САЦ-4) gazgeçirijisinde dörän partlamada Russiýany aýyplap, “Gazpromyň” gazgeçirijisinden alýan gazynyň möçberini öňünden duýdurman birtaraplaýyn azaltmagynyň partlama getirendigini aýtdy.

Iki ýurduň özara gaz söwdasy 2010-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda gaýtadan dikeldildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň gaz söwdasynyň ylalaşylan möçberiniň ýylda 30 milliard kubometrden ybaratdygy habar berildi. Emma 2009-2014-nji ýyllarda “Gazprom” Türkmenistandan ýylda 11 milliard kubometr derejesinde gaz satyn aldy.

“Gazprom” 2015-nji ýylda Türkmenistandan satyn alýan gazyny 4 milliarda çenli azaltjakdygyny 2014-nji ýylyň aýagynda mälim etdi.

Bu dawa 2015-nji ýylyň başynda, Türkmenistan “Gazpromy” satyn alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplanda ýetjek ýerine baryp ýetdi.

Moskwa bu aýyplama aýyplama bilen jogap berdi we 2015-nji ýylyň iýunynda, “Gazprom Eksport” ‘Türkmengaz” döwlet konserniniň üstünden Stokgolmadaky arbitraž suduna şikaýat etdi. Ol şikaýatda Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyna gaýtadan seretmek soralýardy we Aşgabadyň 5 milliard dollar tölegi yzyna gaýtarmagy talap edilýärdi.

Bu talaplar “Türkmengazyň” 2016-njy ýylyň ýanwarynda “Gazprom” bilen şertnamasyny birtaraply bozmagyna, “Gazpromyň” bolsa 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny satyn almagy bes etmegine alyp geldi.

Şol bir wagtda, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Moskwanyň 4 milliard kub metrden artyk türkmen gazyny satyn aljakdygyna garaşmaýandygyny, şeýle-de bu söwdadan geljek pullaryň nagt pul ýetmezçiliginden kösenýän türkmen gaznasyna duýýarlyk derejede goltgy berjekdigini çaklamaýandygyny aýtdy.

Galyberse-de, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistan gaz söwdasynda 2016-njy ýylda Russiýany, 2017-nji ýylda Eýrany ýitirenden soň, eksportda diňe Hytaýa garaşly bolup galypdy.